1969-njy 3-nji noýabrynda Angliýada «Tottenhem» bilen «Hauliniň» arasyndaky duşuşyk iň düzgün bozulmaly oýun hasap edildi. Sebäbi bu oýunda meýdançadaky oýunçylaryň 22-si oýundan çykarylypdyr. Brazilýaly hüjümçi Pineýro öz derwezesine gol geçirmekde rekordçy (rekordsmen) hasaplanýar. 0l bir möwsümde öz derwezelerine 10 pökgi geçiripdir. Italiýanyň «Breşia» toparynyň goragçysy Massianyň «Mantowa» garşy duşuşygyň 38-nji sekundynda öz derwezesine geçiren goly 60-njy ýyllaryň iň tiz awtogoly diýlip kabul edildi. 1959-njy ýylda nemesleriň Gelzenkirhen şäheriniň stadionynyň administrasiýasynyň ýalňyşlygy bilen ol ýerde bir wagtda iki oýun goýlupdyr. Netijede oýunçylaryň dawa etmegi bilen bir meýdançada futbol hem gandbol duşuşyklary bile geçirilipdir. 1976-ajy ýylyň 20-nji martynda bolan «Aston Willa» bilen «Lester sitiniň» duşuşygy 2:2 hasabynda deň tamamlanyp, gollaryň ählisini «Aston Willanyň» oýunçysy Kris Nikol geçiripdir. 0l garşy toparyň derwezesine 2 gol, edil şonuň ýaly özleriniňkä-de 2 gol girizipdir. Botswanyň milli ýygyndysy döredilenden bäri ýekeje duşuşykda hem ýeňiş gazanmandyr. Şol sebäpli toparyň baş tälimçisi elli gezek çalşylypdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir