Paýtagtymyzyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň yglan eden “Aşgabat gözeli” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilip, oňa Aşgabat şäherimiziň etraplarynda ýeňiji bolan paýtagtymyzda ýaşaýan we onuň çäklerinde ýerleşýän dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän, bilim alýan, telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşy 20-25 aralygyndaky zenan gözeller gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady döwrüň şol sanda paýtagtymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak, sagdynlygy we gözelligi wasp etmek, ak şäherimiz Aşgabadyň waspyny dünýä ýüzüne ýaýmak, türkmen gözelleriniň sagdyn jemgyýetde özüni mynasyp alyp barmagyny, milli ruhda döwrebap lybaslary sazlaşykly geýinmekde hem medeniýetiň ýokary derejeli bolmagyny gazanmakdan ybarat bolup durýar. “Aşgabat gözeli” bäsleşigi üç şertden ybarat bolup, onuň birinji şerti boýunça şäher gözelligine bolan ýürek buýsançlaryny şygyrlaryň, aýdym-sazlaryň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň ikinji şerti boýunça gözeller sagdyn durmuşy wagyz etmeklik maksady bilen sport we tans hereketlerini sazlaşykly ýerine ýetirmek arkaly öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem bäsleşigiň ahyrky üçünji şertine laýyklykda dürli ugurlar boýunça ýagny, toýlara we dabaralara geýilýän lybaslar, şäher gezelençlerinde geýilýän lybaslar, işde, okuwda geýilýän lybaslaryň görkezilişigi gurnaldy. http://i.imgur.com/sK8uHC1.jpg Bäsleşige gatnaşan gözelleriň arasyndan Ogulhajat Akyýewa “Aşgabat gözeli” diýip yglan edildi we baş baýraga mynasyp bolup, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň diplomy bilen sylaglandy. Bäsleşige gatnaşyjylar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir