Öňem şuňa meňzeş bir tema açypdym. Türkmen agaň soňky sözi maňlaýdyrda, ýazylan däldir-dä, ýazgytdyrda. Ondan soň sorag berseň halananok. Mysal üçin pylanyň gyzyna pylanylar gudaçylyga barýar. Guda bolýalar. Gyzyň başyna üýşüp gelip ýalygam daňyp gidýäler. Iň soňunda-da geçirmeli pulmy, malmy garaz galyňda düşnüşmän gudaçylygy gyz tarap bozýar. Soň şol meseläni öýde "näme üçin beýtdilerkä, näme bahana eden boldylarka" diýen ýaly soraglar berýäň welin ýazgytdyrda, ýazylan däldir diýip meseläni çöp döwen ýaly edýäler.
Ýazgyt, maňlaý, ýazylan däldir we beýlekiler...
-
mirasymyz
10 years ago
- Düşünmeýän zadymam düşündirip biljegimi hem bilemok. Hany, nesip bolsa ertir yzyny dowam ederis-dä.
-
shahyr
10 years ago
- Söwda onmady diymage utanyandyrlar.
-
kitaphanachy
10 years ago
- gep yazgytda dal, gep pulda. kabir ene-atalara gyzynyn bagty dalde, pul gerek
-
mirasymyz
10 years ago
- Galyňda oňuşmadygam bolup bilerler, ýa başga mesele bar bolmagam ahmal. Ýöne meň gozgaýan meseläm başga zat hakda.
-
mirasymyz
10 years ago
- Şonuň ýaly meseläni gorjaýaň welin ýazgytdyrda, nesibesi ýokdur, maňlaýynda ýazylan däldir diýip çürt kesik meseläni "çözäýýäler".
Bu waka asla özümiz bilen bagly däl.
Men ýöne mysal hökmünde getirdim.
-
mirasymyz
10 years ago
- Meň üstünde durjak bolýan meseläm ýazgytdyr, maňlaýdyr, nesibesi ýokdyr diýmeklik. Aslynda ol ýerde gelşiksizräk waka bolýa, senem öň-ä ýazgytdyrda diýip diňe ýazgydy günäkärläp, şol gelşiksiz hereketi edenler şemala gaýýan ýaprak ýaly ygtyýarsyz, ýazgyda baglanan adamlar ýaly bolaýýar.
-
mirasymyz
10 years ago
- Meň üstünde durjak bolýan meseläm ýazgytdyr, maňlaýdyr, nesibesi ýokdyr diýmeklik. Aslynda ol ýerde gelşiksizräk waka bolýa, senem öň-ä ýazgytdyrda diýip diňe ýazgydy günäkärläp, şol gelşiksiz hereketi edenler şemala gaýýan ýaprak ýaly ygtyýarsyz, ýazgyda baglanan adamlar ýaly bolaýýar.
-
Bravo
10 years ago
- Yazgyt takdyra ynanmak musulmanyn borjy welin obyektiwny pikirlenmegem bolmaly aslynda. 2D dalde 3D seretjek bolmaly yagdaya
mirasymyz 10 years ago- Beýle diýenlerinden soň sorag berseňem halanoklar, düşünjesiz ýaly görýäler.