Nazarjyk 1943-nji ýylda kakasy Beýik Watançylyk urşuna gideninden ýarym ýyl soň dünýä indi. Uruş ýyllarynyň agyr zähmetindenmi ýa bolmasa entek bary-ýogy bir aý ýaşaşyp ýaşaşman, adamsy Hudaýberdiniň urşa gidip, hojalygyň ähly keşginiň egnine düşenlindenmi, garaz näme üçindir Nurjemal göwräni agyr göterdi. Şeýdibem, çaga üstünden aradan çykdy. Owal ogly urşa gidip, onuň yz ýanyndan-da nowjuwan gelnini elinden aldyran ene agtyjagy Nazar bilen ikiçäk galmaly boldy. Bir tarapdan diri aýralyk, beýleki tarapdan ajy aýralyk garry enäni halys egbarlatdy. Setanda seýranda oglundan gelýän hatlar ene kalbyna melhem bolýardy. “Derrdini beren, dermanyny-da ýany bilen bile berer “ diýleni. Agtyjagy Nazary bagryna basan ene ekezlenen ýaly boldy. Indi, ol galan ömrüne özi üçin däl-de agtygy üçin göreşip ýaşamalydygyna aňry ýany bilen düşündi. Bütin bedenini basmarlaýan halsyzlygyň garşysyna göreşe aýaga galdy. Gelni bar mahaly hyk-çok edip, zordan gyrmyldap ýören ene birden-de dogumlandy ötägitdi. Bäş ýyla çeken uruş 1945-nji ýylda ýeňiş bilen tamamlandy. Diri galanlar ýeňiş bilen ata watana, dogduk mekanyna dolanyp geldiler. Garry enäniň bolsa oglundan derek bolmady. Dereksiz ýitdi habarynyň gelmedigine hem ene pahyr müňde bir şükür etdi. Göwnüne bolmasa, hamala ogly bir ýerlerde eglenip galan ýaly, bu gün bolmasa erte bir ýerden çykaýjak ýaly duýuldy. Her pursatda, her demde içen ýeke owurt suwunyň hem yzyndan köňül içre haýr-u dogada ýagşy dilegler etdi. Dil bitenje Nazarjyk garry enesiniň höwri, uly güýmenjesi, ýeke-täk mydarydy. Ol enesiniň başy haýyr bilen şeriň gapma garşylyklaryndan başlanyp, ahyry adalatyň dabaralanmagy, ýagşylygyň üstün çykmagy bilen tamamlanýan ertekilerini diňläp, onuň öwüt-ündewlerini kalbyna siňdirip ese boýa galyp başlady. Şu zeýilli ertekiler, gürrüňler esasynda terbiýe alan Nazarjyk ak bilen garanyň, ýagşy bilen ýamanyň parhyna juda ir düşündi. Garry ene agtyjagyny durmuşda hiç zada hor, zar etmän saklady. Ýaşynyň bir çene baryp, biliniň bükülenine garamazdan gol gowşuryp oturmady. El işlerine güýmendi. Ýüň saýyp, ik egirdi. Jorap örüp, keçe basdy. Haly-palas dokady. Bu işde goňşy golamyň gelin-gyzlary hem öz hyzmatlaryny gaýgyrmadylar. Olar hem-ä degişip-gülüşip garry enäniň göwnüni göterip kömek etdiler, hem-de ondan el işleriniň syrlaryny mazaly öwrenip, el hünärli boldular. Dokalan el işlerini özleriniň el işleriniň ýany bilen bazara çykaryp, garry enä gerek zatlaryny getirip berdiler. Garaz ene agtyjagyny hiç zada mätäç etmän ulaltdy. Indi goltujagy kitaply Nazarjyk her gün mekdebe gatnap başlady. Ol örän düşbi bolansoň mugallymyň öwredenlerini dessine özleşdirerdi. Soňky döwürde bir zat ony iňkise goýýardy. Bile okaýan deň-duşlarynyň ejeleri bilen mekdebe barýanlary-da bar welin, ýöne kakalary bilen bile barýanlary-da az däldi. Bu ýagdaý onuň böwrüni diňletdi. Çaga kalby kemsindi. Bir gün ol mekdepden gelip enesine ýüzlendi: -Ene, meniň kakam nirede? Oslanmadyk sowala garry ene ylla diýersiň dury asmanda ýyldyrym çakan ýaly alaniçiksi bolup tisginip gitdi. Ol: -Hä, Nazarjan ony nämeden soradyň? - diýip, sandyraklaýan ellerini uzyn ýeňinde gizläp durşuna agtyjagynyň sowalyna sowal bilen ýüzlendi. -Neme-le, synpdaşlarymyň kakalary olaryň okuwlary bilen gyzyklanýar. Şonuň üçin... - diýip, ol ýuwdundy. Ene ep-esli wagt agyr oýa batyp oturdy. Birhaýukdan ol: -Nazarjan oglum, seniň kakaň urşa gitdi - diýip jogap berdi. Muгallym : “Uruş gutardy“ diýip, aýtdy ahyryn. -Gutarşyna gutardy welin, bilmedim-dä kakaňdan heniz derek ýok. Göwnüme bolmasa bir ýerden çykaýjak ýaly. Sen gysylma köşegim, kakaň hökman geler. Şonda uly ili çagyryp, uly toý tutarys. -Ene, kakamyň suraty barmy, ony göresim gelýär. -Uruş ýyllary surat küje jan köşegim. Kakaň suraty ine meniň şu ýerimde-diýip, garry ene ýüregini görkezdi. -Onda, kakamyň boýy, gözleri, maňlaýy nähilidi. -Hudaýberdijanyň boýy uzyn, gerdenlek, maňlaýy giň, gözleri hemişe gülüp durаrdy. -Ol kime meňзeшräk? -Allaş daýyň bardyr-a, ana şonuň uly ogluna çalym edýär. Şu gürrüňlerden soňra aradan bir-иki ýyl geçipdi. Bir gün Nazar hamala diýersiň gyzyl tapan ýaly ylgaşlap gelip: -Ene, men kakamyň suratyny çekdim. Seret, kakama meňzedip bilipdirinmi? - diýip, elindäki bir bölek ak kagyzy uzatdy. Garry ene agtyjagynyň gara galam bilen çeken ilkinji suratyna uzak wagtlap delminip seredip oturdy we : -Köşegim, gaşlaryny birneme güreldäýseň agynjak kakaň özi boljak-diýip, hamsykdy. Gün yzyna gün, aý yzyna aý geçdi. Ýöne näçe wagt geçse-de, ganym urşuň ýüreklere salan ýarasy welin, heniz-henizlerem bitenok. Uruş sözi agzalsa, adamlaryň ýürekleri daglanyp, endamy dyglap gidýär. Çünki Beýik Watançylyk urşunyň salan agyr ýaralary müňlerçe ynsanyň ýüregine entek-enteklerem yza berýär. Watan ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde özleriniň iň ýakyn adamlaryndan jyda düşen maşgalalar gaty kän. Urşuň beýle aýlyganç, ýowuz şarpygyny hiç haçan unutmak mümkin däl. Adamzat taryhynda henize çenli görlüp-eşdilmedik bu aýlyganç uruşda kimler mähriban kakasyndan, kimler söwer ýaryndan, kimler bagyr balasyndan, kimler eziz doganyndan aýra düşdiler. Ganym urşuň ýüreklere hem aňlara, ömürlere hem döwürlere salan bitmez ýarasy çekerden, çydardan juda çökder boldy. Ýer ýurt, ata watan üçin ýer ýüzünde bolup geçen ownukly irili uruşlaryň takyk sanyny hiç bir alym-da, taryhçy-da, bilermen-de anyk aýdyp bilmese gerek. Megerem ynsan sözlügindäki iň erbet, iň ýowuz zadyň ady, on iki süňňüňi lerzana salýan Uruş atly nägehan bolsa gerek. Sebäp bilen törki otaga giren enäniň gözleri diwardan asylgy duran ullakan suratа düşdi. Ol ep-esli wagt bir duran ýerinden butnaman durşuna doňup galdy. Surata golaý baryp, damarlak elleriniň aýasy bilen suratdaky keşbi sypalady. Ony duran ýerinden alyp bagryna basdy. Ene içi içine sygman sojap-sojap aglady: -Wah, boý-syratyňa döneýin jan guzym! Ejeň pahyry didaryna zar eden nury-didäm han Ogul! Enäni oguldan, ýary ýardan aýyran ylaýym ganym uruş gurasyn! Urşuň ýüzüne köz degsin. Okan namazlarym, eden doga-dileglerim kabul boldy. Seniň irde giçde yzyňa dolanjagyňy bilýärdim. Eneň pahyry ýalňyz goýmajagyňy duýýardym. Näme üçin geler ýerde gelmediň. Ne sebäpden beýle kän eglendiň. Hudaýa şükür, sen geldiň. Öýümiň törüni doldurdyň. Sen geldiň gözlerim nurlandy. Öýümiz, ene kalbym şatlyga doldy. Indi, Nazar jan ýekesiremez, gahryman kakasyna buýsanyp, guwanyp ýaşar. Weý, men näme beýdip durun. Toý saçagyny giňden ýazyp, goňşy-golamlara habar berip, agaýyn-garyndaşlara çakylyk ýollaýyn. Nazarjan köşek! Goňşylara aýt. Kakam geldi, biziň öýde toý-diýip, aýt. Ylga köşеgim. Allaş daýyň gelip, ýatakdaky ho-ol kakaň üçin niýetläp goýan gara malymyzy soýsыn. Nesip, bolsa öýümizde toý yzyna toý bolar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir