müşteri: kän tehniki bilimim ýok. söýgi programmasyny ýüklemek üçin näme etmeli? operator: ilki bilen kalbym atly papkany açyň. açdyňyzmy? müşteri: howa, ýöne häzir geçmedik ajylarym.exe, pikirlerim.exe, hasrat.exe, gabanjaňlygym.exe atly faýllar işleýär. olar işläp durka üstüne ýükläp bilerinmi? operator: elbetde. söýgi programmasyny ýüklän wagtyňyz geçmedik ajylar.exe faýlyňy pozar. ram'yň içinde galyp biler ýöne beýleki programmalara täsiri ýokdur. söýgi irde-giçde ynamsyzlyk.exe faýlyňy ynam.exe diýip üýtgeder. emma siz hasrat.exe we gabanjaňlygym.exe faýllaryňyzy ýapmaly bolarsyňyz. bu programmalar söýginiň ýüklenmesine päsgel berýärler, olary ýapmagyňyzy haýyş edýän. müşteri: ýapdym, söýgi kalbyma ýüklenip başlady. dowam edibersinmi? operator: elbetde, ýöne unutmaň, bu diňe base programma. programmany doly ýüklemek üçin başga kalplara baglanmaly bolarsyňyz. müşteri: ooops... bula eýýäm error (oşibka) görkezýär, name edeýin. operator: nahili error görkezýär? müşteri: error 132 "programma sistemaňyzda işlänok" diýýär. operator: gaýgy etmäň. bu error köp görülýär. söýgi programmaňyz başga kalplarda işlemäge taýar ýöne, siziň kalbyňyzda işlemeýändigini görkezýär. muny biziň programmaçylarymyz edýär, has takygy "programmanyň başga kalplara baglanyp bilmesi üçin ilki öz kalbyňyz bilen ýakyn bolmagy gerek. müşteri: onda näme etmeli? operator: "özünden razyçylyk" papkaňyzyň aşagyndaky bagyşlamak.doс, ynam.doс, gadyr bilmek.doс, gowulyk.doс atly papkalaryňyzy kablymyň içine kopýalaň. bir ýerde öz-özüne kritika atly faýly görseňiz hem pozuň. müşteri: başardymmmmm. kalbym tämiz faýllar bilen dolýar. ýylgyryş.mp4 faýlymam görkezýär. operator: onda söýgi programmaňyz işläp başlady. sizi gutlaýan. müşteri: köp-köp sag boluň. ýogsa-da siziň adyňyz näme? operator: .... .... ... (telefon soragdan öň goýuldy.)

Köneler, virmenaard tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir