Ruslar bir çak diýen: “Ýaran gözleme Tagam bilen reňke gezek gelende”. Baýdak deý göterip özboluşlygy, Her kim özün galdyrjak has belende. Kim ýaşajak ak-garany saýgarman, Kim symyrjak haram-halal rysgyny. Epiljek pes güni, depjek mes güni, Şeýtjek az däl tä gidýänçä ysgyny. Kim ölçäpdir ömür – ölüm arasyn! Bu möhlet Asmandan Ýere inipmi?! Ýata suwdan balyk tutmak islegen Gurçuksyz çeňňege özi ilipmi? Tagam bilen reňkden söhbet açylsa, Dogrudanam, ýaran gözläp oturma. Garyn derýasyna nebis gämisin Saklan, “Bermud üçburçlygna” batyrma. Dosty ýok – kän, bar, aýdaly, duşmanyň Ne sanawda görsün, ne sanda seni. ...Ene utanmasyn seni dogranna, Ata ökünmesin ýasanna seni. *** Türkmen pähimleri Bir-ä erkekden gork – saýraýan wagty Ýyrş-ýyrş edip, ernin ýygnap bilmese. Birem aýaldan gork – geplän mahaly Gözünden ýaş dökup, asla gülmese. *** Gahar-gazap seniň öňüňden ýörär, Akyl-paýhas hol yzyňdan gelýändir. Janhowluna, bolmanda, bir daş gözläp, Ejiz pakyr armanlyja ölýändir. *** Ýolda döwlüp, agyp düşdi araba – Şum eýesi odun ýerne ulandy. Has ýamany – öldi öküz janawer – Boz meýdanda çişlik üçin ot ýandy. *** Ne peýda bar giňliginden jahanyň, Geýen köwşüň aýagyňa dar bolsa! Hossar tapýan bolsaň diňe öýlenip, Syýrma sallah garyndaşa zar bolsa. *** Jokrama yssyda ot gorsan sähne Öz ýakan oduna özi bişermiş. Dowul tapan süri gaýdanda yza Zordan gelýän maýryk öňe düşermiş. *** Ýagşa ýagşy diýmek, ýamana – ýaman, Molla Kemineden miras gep ýeten. Gözeliň gowusam, türkmen aýtmyşlaý, Aý dogan dek çykar gyşyk kepbeden.

Köneler, Karat tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir