"Arzuwlaryñ gämisi 2" Ynsan durmuşynda islegleri we arzuwlary elmydama bahym bolubam duranok. Çerkez aga öz sakaldaşlary bilen Arçman şypahanasyna gitdiler. Olar şypahananyñ täze açylan bölüminde gowy dynç aldylar. On gün soñra öýlerine gaýdyp gelýärdiler. Ulaglary eýýäm Kaka etrabyna giripdi, garşydan gelýän ulagyñ sürjüsiniñ dykgatsyzlygy sebäpli bularyñ ulagyna gelip urdy. Ulaglaryñ ikisi hem uly tizlikde bolansoñ ulagyñ içindäkileri tiz kömek ulaglary Kaka etrap hassahanasyna getirdi. Muña garamazdan Çerkez aga bilen Salyh aganyñ ýagdaýy gaty agyrdy. Hassahananyñ lukmanlary derhal Salyh aga bilen Çerkez aganyñ öýlerine jaň etdiler. Bir sagatdan soñ Aman aga bilen Salyh aganyñ ogly Rahmet geldi. Kakalarynyñ durumy agyr bolan soñ lukman ikisini hem öz otagyna çagyryp şeýle diýdi: "Kakalarñyzyñ durumy görşiñiz ýaly örän agyr. Alla size giñlik bersin meñ maslahatym ertir ir bilen öýüñize alyp gidiñ, çünki biziñ edip biljek zadymyz ýok bularyñ ikisiniñem iç organlaryna zeper ýetipdir. Iñ köp üç gün saklap bilersiniz" diýip baş lukman olara gyýnanç bildirdi. Bu habara Aman aga we Rahmedi gaty gyýnandylar. Öz söýgüli kakalarynyñ bu durumy olara gaty agyr geldi. Ertesi ir bilen iki sany kiz kömek ulaglary hassalary öýlerine getirdi. Çerkez agalaryñ öýünde ol gün örän agyr gündi. Maşgalarynyñ başy bolan Çerkez aganyñ bu ýagdaýy hemmelerde gyýnanç we agydöretdi. Özüniñ sanalgasy dolup barýandygyny Çerkez aganyñ özüde añýardy. Onuñ hassalygy gitdikçe agyrlaşýardy. Ogularydyr, gelinleri, agtyklary atarynyñ bu halyny eşider-eşitmez derhal geldiler. Çerkez aga olara şeýle wesýet etdi. " Men bu jahandan gaýdam soñ, meniñ yzymdan ses edip aglamañ, eger meni razy etjek bolsañyz beýle etmäñ" diýip muny iñ uly ogly Rejep aga berk tabşyrdy. Giçlik bolsa Döwletli maşgalanyñ atasy, dünýäden gaýytdy. Çynara atasynyñ aradan çykmagy hasda agyrdegdi. Myradam bu habary eşiden soñ Çynara jañetdi. Çynar bolsa gaty gamgyndy. Myrat saglyk amanlyk soraşyp Çynara şuny aýtdy. " Jaýy jennet bolsun, sabyr et Çynarjan Alla sabyr edenler bilen biledir*, Alla size giñlik bersin, bu gün atam bilen enemem size pata gidipdirler, Kakam bilen ejemem şu wagt uçar bilen gitdiler olary ugradyp geldip durşumdy" diýip Çynary köşeşdirýärdi. Çynar bolsa aglaýardy. Gurban agada gudalarynyñ gyýnanyjyny paýlaşdy. Bu waka olaryñ durmuş toýlarynyñ ýarym ýyl gijikmesine sebäp boldy. Bu geçen aýlar ýaşlaryñ biri-birine bolan söýgisini hasda artdyrdy. Ýazyñ iñ bir ajaýyp günleriniñ biridi. Gurban aga Aman aga bilen ýaşlaryñ toý sähedini bellediler. Gurban aga toýy obasyndaky mülkünde etmegi ýüregine dügüpdi. Ýaşlaryñ ikiside örän bagtlydy. Inede bellenilen gün geldi. Ol gün Şabasan agalaryñ döwletli ojagynda uly şatlyk, uly toý. Türkmen toýunyñ bezegi bolan türkmen göreşi, myhmanlaryñ hasda ünsüni çekdi. Toýda diñe bir türkmenler dälde eýsem Türkiýanyñ we dünýäniñ bir näçe ýerinden myhmanlarda bardy. Ýigit gelin alyjy ulagyny gezäp dostlary, agalary bolup gelin-alyja gitdiler. Aman agalarda toý şalañly dowam edýärdi. Gyzyň joralary Jemal, Selbi, Sähra we synpdaş gyzlary Çynaryñ ösüp kemala gelen ojagyny, joralaryny goýup ýat bir maşgala gidýänine gyýnanýarlardy. Şol bir wagtda da jorasynyñ öz köñül söýen ýigidine durmuşa çykýanyna da begenýärlerdi. Bäş gün soñra ýaşlar uçar bilen Aşgabada geldiler. Ýaşlary Myradyñ oglan dogany Öwez howamenzilinden Myratyñ täze jaýyna getirdi. Durmuş, ynsany elmydama arzuwlaryñ gämisinde ýüzdürýär. Maşgaladaky agzybirlik, birek-birege ynam bolsa göýä açyk bir deñizde, mylaýym şemal ýaly durmuş gämisini kürekleýär. *(Bakara süresi: 153 aýat) Hekaýany ýazan: Batyr Türkiýe Jümhurýeti Istanbul 2012 ýyl.

Köneler, BATYRAVALON tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir