Ogluň atasy barada ýaş aýratynlygyna görä pikiri(ruhnama-312 sahypa) Her ýaşyň öz aýratynlygy bolýar. Ogul atasy hakda dürli pikirleri başdan geçirýär. Ogul: Bäş ýaşda: «Kakam ähli zady bilýär» diýip pikir edýär. On ýaşda: «Kakam köp bilýär». On bäş ýaşda: «Menem kakam ýaly köp bilýärin». Ýigrimi ýaşda: «Eger hakykaty aýtmaly bolsa, kakamyň bilýän zady ýok». Otuz ýaşda: «Näme diýseňem, kakam käbir zatlary bilýär». Kyrk ýaşda: «Kakam bilen pikirleşsem-ä gowy bolardy». Elli ýaşda: «Kakam ähli zady bilýär». Altmyş ýaşda: «Wah, kakam diri gezip ýören bolsa, men onuň bilen şu zatlar hakda maslahatlaşardym. Kakamy aýamda saklamaly ekenim» diýýär.

Köneler, sahett tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir