Ol goja senetkär Babagammaryň, Mähri-yhlasyndan dörän dutarym. Gaýgy-hasrat basan buz dek göwünler, Owazyň ýaňlansa erär dutarym. Oglan bagşyň, oglanlykda oýnany, Çuwal bagşyň ummanynda boýlany, Şükür bagşyň ar-namys diýip saýlany, Mylly agaň golunda saýran dutarym. Müňläp mukam perdelerňe indimi, Seni diňläp ynsan ogly gandymy, Ýaňlananda Gara Däliň “Ýandymy” Gözi ýaşly, bagry girýan dutarym. Ne ajap ýaňlanýar Pürli agaň pendi: -Senedin har saklan baýnamaz şindi Hansähet ussanyň, ussat perzendi, Jepbar bilen “Baga giren” dutarym. Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar, Biri Magtymguly, biri goşa tar. Şol goşa gudrata jahan hyrydar, Şöhrady jahana ýaýran dutarym. Türkmen deňär seni hany-manyna, Saçakdaky päk mukaddes nanyna. Saýra ýene şanly döwrüň şanyna, Baky geldi, döwür-döwran dutarym.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir