Ýylgyryň – birden ertir giç bolaýmasyn. Näçe az bilseň, şonça-da arkaýyn ýatarsyň. Soňundan ökünmeziň ýaly ilki öküneniň ýagşydyr. Hoşamaý sözden dänmek onuň ikilenç gaýtalanmagyny islemekdir. Dawa ylalaşyk bilen gutarsa ýagşydyr. Wranşteýn Özüňe öwrenişdirmek iň uly jogapkärçilikdir. A.Sent-Ekzýuperi Yhlas bilen özgeleriň bagtyny gözleýärkaň, öz bagtyňa duşýarsyň. Platon Eger-de biriniň syryny bilýän bolsaň – dym. A.Wasilýew Gelejekde boljak zadyň däl-de, häzirki bolýan zadyň aladasyny et. T.Gudkaýnd Eger-de sen gözlemeseň, başgalar taparlar. Robert Oppengeýmer, amerikan fizigi. Iň kyn zat: özüňi tanamak, iň aňsady: başgalara maslahat bermek. Fales Miletskiý, gadymy grek akyldary. Ýalňyşlygy tapmak hakykaty tapanyňdan has aňsatdyr. Hiç mahal ýalňyşmaýan adamlaram bar, olar iş etmek islemeýänlerdir. Iogann Gýote, nemes şahyry. Adamyň mertebesiniň boýunyň uzynlygy bilen ölçelmeýşi ýaly, halkyň beýikligem ilatyň sany bilen ölçelýän däldir. Mekdep açýan adamlar türmeleri ýapýandyrlar. Wiktor Gýugo, fransuz ýazyjysy. Ýüküň aşagynda egilen diňe onuň agramyny atrdyrýandyr. Şeýtany aldamak günä däldir. Daniýel Defo, iňlis ýazyjysy.
Dürdäne setirler
-
Koneurgenchli
11 years ago
- gaty owadan we jaydar aydylan sozler. "mekdep açýan adamlar türmeleri
ýapýandyrlar." shu jümla oz garyashynyzy aydaysanyz awtor?
-
maria
11 years ago
- urgenchli we koneurgenchli ikisi bir agza daldira herna?
-
Koneurgenchli
11 years ago
- yok yok
-
Koneurgenchli
11 years ago
- awtor men soragym?
-
maria
11 years ago
- cunkı geljekkı nesıl ol yere barmasyn dıyedır( degıshme ahenınde yazdym)
URGENCLI 11 years ago- manyly sozler.
.
Sagbol awtor!