Durmushdan üýtgeshik näme diledim? Yetmesi sheyle kyn bolary yaly. Soradymmy, ilden üýtgeshik bagty?! Isledimmi, Arshda gurulan tagty?! *** Entek mana dushmez çagajyk wagtym Dertleriñ, beterini getirdiñ, 4 oglun aldyran mähriban enäñ Hasratlarnyng üstün yene yetirding. *** Emma muñ bilen hem etmän kanagat Aldyñ onun yeke galan balasyn 33 yashdanam yash bormy diyip, Eshitmediñmi, enäñ çeken nalasyn?! *** Ol ogul belentdi, sheyle belentdi Özgelerden üýtgeshikdi syraty. Gerçegini elden aldyran mährem Göz yash döküp, iki bükülip gurady. *** Hanha, yatyr gara yeriñ astynda, Ahyr aldyñ shol ENÄÑEM janyny. Iki agtyk galyp yeriñ üstünde, Gelni gözledi yiten söwer ýaryny. *** Gelin eklenç üçin kyn yollar geçdi, Köwüshi ýyrtykdy, solupdy eshik, Gündiz oturmady, gije yatmady, Kellede gyñajy-güýeli deshik. *** Durmush agyr geldi, shonda-da çekdi, Kyrkyna yetmänkä döküldi dishi, Baýdak ýaly gelin, bolmana derek, Ýetmishe ser uran göründi yashy. *** Perzentler yetishdi, gyzyn çykardy Durmush ýene geldi, atýardy badak, Oglunyñ islegne gelerdi garshy, Ýolundan saklardy, dirärdi ayak *** Aýralyga öñden bolsada werzish, Söýgüsin yitirip, ah chekdi ogul. Derdi ALLA söýenine berermish, Bagtly durmush üçin täzeden dogul! *** ...Aýlar geçdi, durmush birdem üýtgedi, Soñ toy tutdy, alyp gyzlañ ajabyn, Gelin hyzmat etdi, çytman gashyny, ENEDE duýuldy, mashgala: guwanç. *** ALLAHYM olary salmandyr gözden, Berdi OGUL AGTYK, GYZ, ýene OGUL. Gora belalardan, töhmet sözlerden, EDENIÑE SHÜKÜR, MÜÑDE BIR SHÜKÜR!!! Karat. 24.11.2012ý

Köneler, Karat tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir