Her säher seretgin kyblaýa sary Taýyň üçin bolsun jan-teniň bary Diýmesinler “dälmi pylanyň gyzy?” Diysinler elmydam “ şol ýigidin ýary ” Syla gaýyn ene gaýyn atany Säwlik bilen edaýmegin hatany Elbetde özün hem geljekki ene Görüp gelen ýokdur önde ýatany Ejiz bolma kynçylygy ýenip git Saňa gerek bolar ylym alyp git önde bir dananyň wesyeti şudur “Sen öküz dek ýele garşy yňyp git “ Jan ejem , jan käbam sensiň geregim Seniň bilen des-deň urýar ýüregim Wesýetiň tutaryn ederin hökman Yöne başga biri meniň diregim Men garşy dal gyzym yaşlyk edäyme Jan gyzym biri uçin gepe gidayme Seret, öwren , yzla sayla has berkin Anygyna yetman gidirme erkin
Jan gyzym dowamy
-
vento
11 years ago
- berekella dostym,ajaýyp go$gy. Alla kuwwat bersin,elleriñe saglyk,galamyñam pasteýanna artylan,ýagny ýip ýiti bolsun!
sahett 11 years ago- okadym ýaltanman...tüweleme...