1. Şemşadyň öýünden çykany-da ýaňydy. “Kümüşe gorkak damarymdan tutduryp gelmesem, bu gije ine–gana ýatyp, ukymy alybilmen” diýip, gaýdanyna geçse, birki käse çaý içerlik salym geçendir. - Nireden nädip çykanyny bilemok. Bir görsem, kellesini gazan ýaly edip, agzyndan ak köpük saçyp, ýetip gelýä ýerýuwdan. Ýetse, gabyrdadyp, çeýnejek-dä haram köpek – diýip, ol köçäň o ýüzünde ýaşaýan goňşusy Kümüşiň gaşynda oturyp, takmynan ýarym sagat mundan öň bolan ahwalaty biraz üýtgedibräk, çişirip gürrüň berýärdi. - Bolsa-da, agyz urmandyr. Dişini geçiren bolsa, nätjek? Nanyň bitin, şükür et! – diýip, Kümüş ony köşeşdirjek boldy. Şemşat şükür ederli däl. Äheňi ýumşasa-da, gitdigiçe beleň alýar. - Saňa ýalan, maňa çyn. Aňyrdan ýürekýargynç üýrüp, ok ýaly atylyp gaýdyşyny görüp, imanym göçdi. Guduzlandyr öýtdüm. Asyl guduzlamadygyny kim bilýär? Belli, guduz açandyr. “Mal eýesine çekmese, şumluk”. Eýesi Tüýli-dä. Onsoň iti guduz bolmazmy?! - Eýesine baglymyka ol?! Eýesiz itlerem-ä guduzlaýar ony diýseň – diýip, Kümüş Şemşadyň soňky sözleriniň gaty bir ýapa degmeýändigine delil getirdi. Şu ýerde Kümüşiň Tüýli bilen çalarak garyndaşlygynyň bardygy Şemşadyň ýadyna düşdi. Eýesiz itleriň birnäçesiniň Tüýliniňki ýaly eýeli itlerden has ibalydygy baradaky duza eýelenen sözleri suňşuraýmaly wagty dilini dişledi. Birhowa dymyp, ýasama sypaýyçylyk etdi. - Kimiňkem bolsa, it it bolýa. Bir gün bir işiň üstünden eltse, gowumy? Ýarak köpegi dagyn zynjyrlap goýmaly ahyryn. Şol wagt köçäniň aňry ýüzünden kiçi ogly gulagyna urlan ýaly: - Eje!.. Eje-e!.. – diýip zowlatdy. - Näm bold–uw, bärde men – diýip, Şemşadam oturan ýerinden gygyrdy. Munuň dury hem şaňňy sesine Kümüşiň baş–alty ýaşlaryndaky bimar ýatan gyzjagazy tisginip, ukudan oýandy. Kellesini çalaja göterip, gözlerini açalak–ýumalak edip, ejesini gözledi. Üýtgeşik bir abanyp duran howpuň ýokdugyny bilip, ejesiniňem, ine, ýanynda parahat oturandygyny görüp, gyzjagaz pallady-da, beýlesine öwrülip ýatyberdi. Şemşadyň ogly bolsa şo duran ýerinden gygyryp, habaryny berdi: - Aknur geldi. Saňa basymjak gel diýýä-ä. - Bardym ynha... Haýsy Aknur? – diýip, Şemşat esli aralykdan anyklamak isledi. Ogly Şemşadyň soňky sözlerini eşitmedi. Çapadaňlap, zut gitdi. - Eşitmedi-dä, kellesi kesilen! – diýip, ol käýindi-de, Kümüşi gyssady: - Bol, gyz, derrew tutup ber, gideýin. Soň kime gönükdirilenligi mälim bolmadyk äheňde: - Haýsy Aknurka, gyz, ol? Näm iş bilen geldikä? Öýden çykanymam-a şu wagt – diýip, hümürdedi.
GEÇIDIŇ BÄRI ÝÜZI
-
1merdan
12 years ago
- 3.
Gudaçylyk gürrüňi gysgadan dartgynly boldy.
Aknur heniz habaryny doly berip–bermänkä, Şemşat öwhüldäp, oturan ýerinden ot alyberdi.
- Toba–toba, toba–toba! Goýaweri, goýawer-uw!.. Waý-eý, duluňda oturan Aý ýaly, allanäme gyzyňy bir kerruh üçin sorap otursalar, hiý, ölermiň, ýitermiň?! Goý-uw, agzyňdan al kaksyn, goý! – diýip, Şemşat ýakasyny tutup, ör-gökden geldi.
Aknuryň ýüzi ogurlykda tutulanyňky ýaly boz–ýaz boldy. Ol öý bikesiniň ýüzüne seredip, gürlemäge ýaýdandy. Kesä bakyp:
- Aý, näme, “Garganyň gaz balasy, her kimiň öz balasy”. Diläb-ä almandyk o derdi. Ýokarkyň beren emgegi, nätjek, başymyzda bardyr-da. Onsoňam “Müňüsi geler, nesibeli alar” diýipdirler – diýdi. Şeý diýip, Aknur Şemşadyň birneme badyny alyp, haýalçyradaryn öýtdi. Şemşatmydyr haýalçyrajak?!
- Onda-da, jan dogan, hiý, şuňňaly masgaraçylyk bormy?! Heýem bir şeýdip äsgermezçilik edilermi?! Goýawer-uw, il bir eşitmesin... Waý-eý, bar işiňi taşlap, çynyň bilen şuň üçin geldiňmi? Ýa biri üstümizden gülmek üçin bilgeşleýin ugratdymy?.. Ullakan heleý halyňa utanmadyňmy, uýalmadyňmy? Ýurdy alahekge soranda-da, seň bi edip oturan gürrüňleriň ymmata sygjak zat däl-ä. Daş edewersin!..
Mazaly ýüzi alnyp, dalanan Aknur öňden taýynlap goýan sözleriniň baryny ýadyndan çykardy. Diýere gep tapman kösendi. Şular ýaly ýere Orazgül ýaly baran ýerinde sözi geçýän, bir gepiňe on gep bilen jogap berip bilýän, howalasy belent, edenli heleýi alyp gaýtmanlygy üçin özüne gahary geldi. Bir tarapdanam ýeke gaýdyp, bu söwdany ilden ýaşyryn edýändigine şükür etdi. Bular ýaly ýerde ýoldaşly bolsaň, saçagyň açylmanlygy şol günüň özünde galyň uzyn eteklä gürrüň bolar. Adyň ile dolansoň, indiki açjak gapylaryňy müýnli kakarsyň. Asyl gapy kakasyň gelmez. Aknuryň ady entek ile dolanok. Ol bu pikirinden kanagat tapdy. Şol bir wagtyň özünde-de başy çaşdy. Gep ugrunyň hanjakdygyny aňşyryp bilmän kösendi. Şemşat bolsa meseläni bireýýäm Aý dogan ýaly edip çözüpdi. Bu gürrüňlerden soň guda bolunmajagy köre hasa. Ýyly söz berjek heleý biraz sypaýy gürlärdi, gepiňi doly diňlärdi. Iň bolmanda çaý-paý goýardy. Kakmaly gapyňy ýalňyşaýdyň öýdýän, Aknur!
Bu ýerden tiziräk garasyny saýlamalydygyny, eglense, eýgilik ýokdugyny, Şemşadyňam gitdigiçe bujurygynyň artýandygyny bilse-de, Aknur göni tutup gaýdybermegiň ebeteýini tapmady. Aljyrap:
- Nämeden utanmaly? Her kimiň öz deňi-dä – diýdi.
- Gyýw, sen indi biziň deňimiz bolduňmy? Waý-eý, Hudaý-eý, adam özün bilmez, ham-hyýal bolar. Utan-a, senem öz ogluň ýaly ker gözle, lal gözle, juda bolmasa, ötmän oturany ide! – diýip, Şemşat Kasymyň ejesiniň al–petinden aldy.
Diline gelen şo boldy gerek, Aknur:
- Siziň gyzyňyzam neme däl-ä, o diýen bir dokuzy düzüw däl-ä – diýdi.
Şundan soň-a Şemşadyň hasam perzi üýtgedi. Eli, aýagy titräp, bütin endamy saňňyldamaga başlady. Bereketli ýüzi bir agardy, bir gyzardy. Ol gözlerini agdar–düňder edip oturyşyna:
- Waý, asyl bi heleý meň bilen sögüşmäge gelen eken. Dost-duşmany güldürip, millete ryswa edäýdi-dä. Waý, näme etsemkäm indi men?.. Turawer-uw, gözümiň öňünden üýtgäwer-uw! Hakyt ile–güne masgara bolduk-da... Anha, saçagyň, anha hokgaň, anha-da, gapy! Çykawer-uw çaltrak – diýip, ellerini işige garşy salgap, bolmajysy boldy.
Şeýdip, Kasymyň ejesi Aknur birinji baran ýerinden kowuldy.
-
1merdan
12 years ago
- 4.
Tüýliniň itiniň Şemşady gorkuzanlygy baradaky gürrüňler mazmun taýdan üýtgedi. Agşamlyk bu gürrüňiň bir tarapyny myjabata ýanap: “Şemşadyň üstüne iti asyl seň özüň küşgüren ekeniň-ä” diýen görnüşde Tüýlä ýetirdiler. Muny eşidip, Tüýli görgüli gyzgyn çägäniň üstünde aýaklaňaç ýöreýän adam ýaly zowzanaklaberdi.
- E-eý, duruň, duruň! Töhmet atmaň! Töhmet erbet zatdyr. Kim ýaýradyp ýör bu gürrüňleri? – diýip, ol gözi bilen gören zatlaryny aýdyp berdi. – Şemşat gelnejemiň beýle diýmedigini anyk bilýän. Sebäbi ed-dil şol wagt men hajathanada otyrdym. It üýren wagty hajathananyň işigindäki kiçijik deşikden jyklap gördüm. Görsem, Şemşat gelnejem öň etegini dişläp, ala–basga düşüp, ylgap barýar. Bärdenem, ine, sapandan sypan ýaly Goňurja okdurylyp barýar. Ilki menem pikir etdim, “Häk, Şemşat gelnejemiň agzynda uçuk gaýnatjag-ow biý-ä” diýip. Ýöne Goňurjamyň adama degmek häsiýeti ýok. Kän bir üýrüp ýören item däl bi. Oraz çepbe ýaly halys jyny almaýan ýeksurunlara hyňranaýmasa, gyzdan gylykly, ýuwaşdyr janawer. Ine, onsoň seredip görsem, aňyrdan Şemşat gelnejemiň ala pişigi ot alan ýaly gaçyp barýar. Goňurjamyň Şemşat gelnejem bilen asla işi ýok. Gözi diňe pişikde. Mündi ýaňky pişigiň söbügine. Esli ýere çenli kowalap gitdi. Yzyndan ýetenini–ýetmänini bilemok. Ýöne Şemşat gelnejemiň birki gezek büdränini gördüm. Gorkan bolmagy mümkin... Ýak, walla, çala eşidip, çatma ýykyp ýörsüňiz-aý. Siz nä Goňurja näbeletmi? Şemşat gelnejemiň özünden gorkýanyny näbilsin ol?! Biläýende-de, ejize ganymlyk etmez. Haýwanam bolsa, akyly gözündedir. Şemşat gelnejemem, näme, indi bäbege garaşyp ýören ýaş gelin däl. O diýdigim, itden gorkany üçin çagasynyň düşjek gümany ýok. Aslynda it Şemşat gelnejemden gorkmaly...
Soň Şemşat tarapdan başga gürrüň getirdiler.
- Şol haram köpegi öz elim bilen gynap öldürmesem, içen çaýym suwsan ýerime barmaz. Asyl barmaz. Nädäýersiň, bir dogramça ete iňňe sünjüp beräýsem, iýen ýerinde kakynyp-kakynyp, saňgaty bolup galaýsa. Men ony hökümediň it atýan adamlaryna aýdyp, ýeke oka tabşyrdybam bilýän. Arz etmeli ýerinem tapýan. Dogtora baryp, it kowalady, özem guduz açan it diýsem, şo günüň özünde eýesi bilen gümlama iberiljeginem bilipjik durun. Gatyrak gidiberseler, gerek bolsa, onam ederin...
Şundan soň Tüýli gahar bilen goranyş usulyny saýlap aldy.
- Şo heleýe aýdyň, şu sözi üçin şu günden şeýläk meň itimiň özi ölse-de, ýa bolmasa, başga biri ganyna galsa-da, Şemşadyň adyna gidýär. Asyl indiden beýläk Goňurjaň bitiniň burny ganasa-da, Şemşat günäkär – diýdi.
- Heleý bilen deň bolsaň, seni heleýçe-de görmezler. Özüňçe bar–ýoguň bolar–bolgusyz gepini eşidip ýörýänçäň, itiňi daňanyň gowy dälmi? Töweregiňde dostdan duşman kän – diýip, Tüýliniň aýaly Aýjemal ärine töwella gatyşykly akyl berdi.
Onýança Şemşat tarapdan haýbata ýugrulan täze habar geldi.
- Men ojagaz itiň özi ölýänçä garaşyp ýörmen. Menden başga ol itiň ganyna galjagam ýok. O tarapdan-a ýasy ýanyny ýere taşlap, ýaman arkaýyn bolsun, şol haram it öldügi menden görübersin. Işşalla, ajaly menden. Nesip bolsa, sanalgy demi bardyr. Uzak uwlamaz.
Bu gürrüňleriň birýan çeti Şemşadyň äri Amanýazyň gulagyna hem ýetdi. O-da öz gezeginde:
- Ýer-ow, söwdügim, indi kim bilen näme diýişýäň? Özüň-ä şer tapsaň, toýa gitmeli däl sen. Näme-de bolsa, soňy bir düz bolsun! Kimligiňi, nämeligiňi bildirmän yza çekiläýme! Basylaýma! Gidişiber! Diňe öňe! – diýip, kinaýa bilen duzlady.
- Waý, goý, sen bir gepleme! Sen gepleseň, içim tüteýär. Arkamy tutup, tarapymdan çykyşyňmy şü? Saňa akyl satyp, many-many gürle diýseň. Wah, gara bagrymy gan edip, dirije ýakan-a sensiň-le meni – diýip, Şemşat şo bada äriniň sesini sem etdi.
Garaz, Tüýli bilen Şemşadyň arasynda gaýbana söweş başlandy.
-
1merdan
12 years ago
- 5.
Kasymyň öýde öz etmeli işleri bar. Ilki bilen iki sany göleli sygyr hem-de bakyda duran üçýaşar öküz. On-onki sany towugam bar. Ine, şulara ot, iým, suw bermek, ýataklaryny arassalap, dersini çykarmak Kasymyň boýnunda. Mellegi agdarmak, ekinlere seretmek, dökün döküp, suw tutmak ýaly işleri hem Kasymdan başga edýän ýok. Günüň dowamynda iki gezek “Ýüzükýitirene” gidip, galtagy mas ýükläp, mal oty ýygyp gelmelem Kasym. Onsoňam hojalyk bi. Başga-da ownuk-uşak iş çykyp dur. Olaryňam bir gyrasynda Kasym durmasa, bitjek gümany ýok. Käte goňşy–golamlar bir ulurak işiň düýbüni tutsalar, el kömegi diýip, oňa-da Kasymy ugradýarlar.
Baýak bir gün Jemşitler täze salan tamlarynyň üstüni suwanlarynda ýowar etdiler. Şonda Kasym hezil berdi. Suwaýanyň tam bolsa, çekýäniň laý bolsa, onuň ýeňil ýeri-hä ýokdur-la welin, şol gezek bu işiň iň agyr ýerinde Kasymy goýdular. Ol işden basylanok. Işiň agyryna, ýeňiline hem seredenok. Işdir-dä. Edibermelidir. Kasym haýdap ýör. Käte bir Baky gelip: “Ýadan bolsaň ýerimizi çalşaýaly” diýip, gulagyna gygyryp gidýär. Beýleki oglanlar bolsa, muňa eşitdirmän, ýeňsesinden gürrüň edýärler.
“Atalygyň şu ogly edil traktor ýaly işleýär. Ýadamany, ýaltanmany bilenok”.
“Maňlaýy güýçli bolup, kör düýesi köprüden geçäýse, heleýine iş ýetirmez”.
“Muňa heleý bolup geleniň gurdy gündiz uwlar. Sebäbi kim bilen näme gürrüň etseňem, Kasymyň eşitjek gümany ýok”.
“Ýöne muňa heleý bolup geljek tapylarmyka?”
“Hawa, tapylar. Gyz bilen duza gytçylyk barmy nä?! Nädersiň, Kasym bir ýerlerden özi ýaly depme ker bir gyzy tapaga-da, heleý edip alaýsa?!”
“Ikisem ker bolsa, baý, gyzykly bolar-ow. Göz öňüne getirip gör, bir zady düşünişmek üçin bütin ili örüzip, biri–biriniň gulagyna gygyrşyp dursalar”.
“Öňem bir ker bazara barýan eken. Gidip barýarka, öňünden başga bir ker çykypdyr diýýä. Onsoň bärden barýan ker aňyrdan gelýän kerden soraýarmyş: “Bazardan gelýäňmi, how?” diýip. Olam jogap berýärmiş: “Aý, ýok, men-ä bazardan gelýän” diýip. Onsoň bärden barýanam: “Aý, näbileýin, how, bazardan gelýämikäň öýdüp soraýdym” diýipdir diýýä. Ha-ha!”
“Muň maňlaýyna ýazylanam özi ýaly bolaýsa, şol iki keriň gününe düşjek-dä.”
Eşitmesine-hä bu gürrüňleri Kasym eşidenok. Ýöne duýýar. Özi hakynda ýakymsyz, kemsidiji, ýaňsyly gürrüň edilýändigini oglanlaryň syrly garaýyşlaryndan, batnyksyz gülümsireýän ýüzlerinden görüp dur. Kasym gaýtawul berenok. Olar bilen deň sanaşyp durmaga onuň ýagdaýy ýok. Ýeri, nädip düşünişjek?! Olaryň bir sözi eşidilse, iki sözi gulaga ýetenok. Onsoň gulagyňy tutup, “ä” diýersiň, muňa-da gülüşerler.
Kasymyň bir klasda bileje okan oglan klasdaşlarynyň tas hemmesi diýen ýaly öý–işik boldular. Klasdaş gyzlarynyň ählisi gelin bolup, bir öýüň törüni bezäp otyr. Ýok, ählisi däl, Batyr jellabyň gyzy Näzik goňşy oba durmuşa çykyp, bäş aýdan soň aýrylyşyp geldi. Sebäbini bilýän ýok, ene–atasyndan soramaga çekinýärler. Özem bu barada hiç ýerde dil ýaranok. Klasdaş oglanlarynyň biri bolsa, entek öýlenip ýetişmänkä işleýän edarasynda ogurlyk bilen tutulyp, ýyl ýarymlyk türmä diýip gitdi. Gitmedi-de, has dogrusy, äkitdiler. Başga bir oglan klasdaşy sopbaş ýetim. Il içinde egnini gysyp ýör. Eli ýuka, pukara diýmeseň, ulugyz ýaly ýuwaş, oňat oglan. Atly–ýaragly ugruna çykýan ýok onuň. Soňky döwürde oba içinde kän görnenok welin, talap diýip, şähere–beýlekä siňdi öýdýän.
Emma, Hudaýa şükür, Kasymyň ene–atasy aýatda diri. Özleri açyk pyşgyrmasa-da, olaryň Kasymy gözli–başly etmegiň ugrunda gezip ýörendikleri kesesinden belli. Deregini başga hiç bir zat tutup bilmejek bu tolgundyryjy hem begençli habary oňa hiç kim aýdanok. Özi ýürejigi bilen duýýar. Ýöne utanyp, bilmediksirän bolup ýör. Duýmaz ýalam däl. Soňky döwürde ejesi onuň egin–eşigine aýratyn üns berip başlady. Baýak täzeje köwüş bilen iňňeden çykma penjek–balak hem äberdi. Ejesi bilen kakasy indi Kasym bilen mähirli, mylakatly gürleşmäni çykardylar. Ejesiniň buýsançdan hem guwançdan doly garaýyşlaryny Kasym günde telim görýär. Kakasam indi oňa öňküleri ýaly ýüz bermän ýörenok. Gürrüňçilikde ýa bir işiň başy tutulanda çagasyradanok. Hamana, uly adam bilen gürleşýän ýaly, çynlakaý gürrüň edýär. Hatda Kasyma maslahat salýan wagtam bolýar. Arada atam eýýamda agaç–ugaçdan ugralla dikeldilip, kim bilýä, ne söwdalary başdan geçiren, indem könelişip, itseň ýykyljak bolup duran mal ýatagy täzelemek barada gürrüň gozgaldy. Şonda kakasy:
- Kasymguly! Ýatagymyz-a halys lagşady. Bu gün bolmasa, ertir gürpüldäp gaýdar. Hany, muny näderis? – diýip, çyny bilen sorady.
- Muny ýykyp, ýerinden täzesini salmaly – diýip, Kasym teklip etdi.
- Wah, on-a özümem bilýän-le. Ýöne nireden salmaly, nähili pormyda bolmaly, şony gowja pikirlenmeli.
Kasym täze ýatak barada ozaldan ýüreginde besläp ýören ähli etsem–petsemlerini orta goýdy. Kakasam häsini berdi.
- Ýerini beýgeltmeli!
- Hökman beýgeltmeli. Zeý çykmaz ýaly gowy bor.
- Kerpiçden salmaly!
- Hawa, bişen kerpiçden etmeli.
- Ulurak, giňiräk bolsa...
- Dogry aýdýaň, soňlugy bilen maly köpelderis, giňişiräk etmeli, dar bolmasyn.
- Towukketegem aňryk göçürmeli!
- Onsoň?
- Hajathanaň ýerinem üýtgetmeli!
- Hajathanaň özünem täzelemeli bolar.
- Gowaçanam bu ýere däl-de, ana, hol ýere basmaly!
- Dogry. Dogry şo. Nesip edenden şeýtmeli.
Kasym kakasynyň soňky sözlerini aýyl–saýyl eşidenok. Ýöne kakasynyň ýüz-gözündäki, hereketlerindäki makullaýjy alamatlary görýär.
Indi ejesiniňem gepi–sözi üýtgäp, birhili dili süýjäpdir. Kasymyň boldumluja göwresine, uzyn boýuna guwanyp seredýänligi bes–belli. Muny görmese-de, Kasym duýýar. Garaz, öýerjek bolýarlar. Nirä barylýa, kim üçin söz aýdylýar, belli däl. Ýöne gelinlik gözleýänleri çyn.
Öňler-ä gelinlik diýlende nämüçindir Kasymyň göz öňüne goňşulary Kerwen agaň kiçi gyzy Akmaral gelerdi. Öz ýanyndan başa bararyndan barmazy ýakyn hyýaly söwda baş goşardy. Soň bir sähetli gün Akmaraly daş oba durmuşa çykardylar. Şonda Kasymyň ýüreginiň bir gizlin ýeri çalaja “jigg” edip gitdi. Bolany. Başga hiç zat üýtgemedi. “Guly hyýal öldir” diýen ýaly, Akmaral baradaky bitjegi-bitmejegi gümana bir kör islegiň ýesirliginden boşap bilmedi. Çendan atasy öýüne görüşmäge gelýän Akmarala pynhan–pynhan seretmesi-de şoň üçin.
Aýal edinmek, öý–işik bolmak, güzeran dolamak barada Kasymyň öz pelsepesi bar. Pelsepe-de däl ol, häki bir hyýal ýüwürtme. Gelinlik diýlende Akmaral gözüniň öňünden üç hatar geçip gidýär. Öý diýlende ýene Akmaral. Biş–düş edip, öýe serenjam berip, girip–çykyp ýören, ýaşmakly–zatly Akmaral. Güzeran agzalanda ilki bilen hyýalynda bir süri mal janlanýar. Soňam güžžüldedip, sygyr sagyp oturan Akmaral.
Akmaralyň bu zatlardan bihabardygy, hatda Kasym diýen biriniň bary–ýogy hakynda birjigem pikir etmän, göwni bir ýaly gezip ýörmegi bu gulagy agyr oglany käte kejikdirýär. Käte bolsa bu pikirlerini Akmaralyň duýaýmak ähtimallygy gorkuzýar.
Kasym o diýen gorkak bolmasa-da, çekinjeňdi. Eýse, Kasymyň ýerinde bolup, Akmarally meselede gorkmajak barmy?
-
1merdan
12 years ago
- 6.
Şemşadyň oturyp–turup mazasy bolmady. Ol öýünde karar tapman, Kümüşiň ýanyna gitdi. Gapdal goňşularynyň ikisi bilenem Şemşadyň weji ýok. Sag tarapky goňşulary bilen-ä asyl gatnaw hem edenok. Barmyňam diýenok. Onuň bilen haçan nämäniň üstünde dawa edip, tersleşendigi Şemşadyň ýadyna aýyl–saýyl düşenok. Çaga üstünde bolaýmasa. Çep gapdalyndaky goňşusy bilen bolsa enteg–ä çürt–kesik tersleşenok. Arada tersleşäýmeli hem boldy. Şemşat bu goňşusynyň ýanynda Güjük agalaryň ortanjy gelni Dürnabat barada aýtmasyz, ýakymsyz bir gürrüň edipdi. Özünden toslamandy. Ilden eşidenini aýdypdy. “Bilmedik bolgun, gyýw. Onda–munda ýaňrap ýörme. Gürrüň şu ýerde galsyn” diýibem birki gezek berk sargyt etdi. Bi albassy heleý bolsa Şemşatdan eşidenlerini şo günüň özünde gyzgyny bilen Dürnabada ýetiräýse nätjek?! Aýdylan gürrüňi gylyny gymyldatman ýelmemek gowy däl, bu darsdaban, ataýry heleý onam etmändir. Birgiden bolar–bolgusyz zatlary toslap, goşup, Şemşadyň diýmedik, hatda kellesine gelmejek gürrüňlerini diýdiripdir. Dürnabat bilen gyrlyşdyrjak bolýanlygy bes–belli. Niýeti gowy däl. Gepçi, arabozar, görip! Ýene Şemşat geçirimlilik etdi. Dübläp, üstüne barmady. Tersleşmedi. Heňkirip, içini sowatmak üçin dili gijäp, içi byjyklap duran-da bolsa, goýberen hatasy sebäpli hyrçyny dişledi-de, oturyberdi. Arman çekdi. Örtendi. Goňşusyny welin, mazaly tanap goýdy.
Ozalky endigi boýunça ol Kümüşiň ýanynda-da ilki goňşularyndan zeýrendi. Esasanam araky myjabaty üçin çep gapdalyndaky goňşusyny Hudaýa tabşyrýandygyny gaýta–gaýta ýanjady. Soň Kasymyň ejesi Aknuruň üstünden düşdi. Ýok, Aknurly gürrüňi özi başlamady.
- Hol günki gelen haýsy Aknur eken, gyz? – diýip Kümüş gyzyklandy.
- Haýsy Aknur bor öýdýäň?! Ynha, şü gaýraky Atalygyň heleýi Aknur.
Şemşat Kümüşiň “O nämeüçin gelipdir” diýen soragly garaýşyna sorag bilen jogap berdi:
- Nämüçin gelendir öýdýäň? Heý, şo heleý idili gürrüň bilen gelermi?
- Gudaçylyga gelendir. Kasym üçin. Şeýlemi?
Şemşat gapdalynda tüpeň atylan deý ziňk edip gitdi. Ýüzi böz–ýaz boldy. Gaşlary çytyldy. Ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi. ”Kimden eşitdik-ä, gyz? Ýa çaklap urýamyka? Ýa bolmasa eýýämhaçan hemmesiniň aňyrsyna çykyp, indem muny meň agzymdan eşitjek bolýarmyka? Heşelle kakmak üçin edýämikä?” diýen sowallaryň ejirini çekip oturşyna, eliniň titreýänini bildirmejek bolup, başbogusynyň daňysyny täzeledi.
- Kimden eşitdiň, gyz, muny? – diýende sesi sandyrap çykdy.
Kümüş müýnsüz, arkaýyn gürledi.
- Aý, ýok, hiç kimdenenm eşidemok. Öz ýanymdan gudaçylykdyr öýdüp otyryn. Bildimmi?
- Ýa eýýäm şolar ýaly gürrüňler ýaýrap, men ondan bihabarmy? – diýip, Şemşat, garaz, anyklamak isledi.
Kümüş ör–gökden gelip:
- Goýsana, gyz, ýok zat nireden ýaýrasyn?! Senem bir zat tapaýýaň oturan ýeriňde – diýensoň, ol biraz ynjaldy. Onsoň il içinde bular ýaly gürrüňleriň ýaýramanlygyna bolan ynamyny berkitmek hem-de beýnisiniňmi, ýüreginiňmi, bir ýerlerinde çykman ýatan müňkürligi derbi-dagyn etmek maksady bilen:
- Onda sen nireden aldyň bi gürrüňi? – diýdi.
- Aý, näme, ogly ýetişen gyzy ýetişeniňkä köplenç gudaçylyk üçin barýa-da. Aknuram döwletli ýerler diýip, size geläýendir öýtdüm – diýip, Kümüş çekinibräk jogap gaýtardy.
Şundan soň-a Şemşat hasam arkaýynlaşdy. Ozaldan taýynlap goýan sözlerini huşuna getirmek üçin gözlerini süzdi. Bogazyny arçap, sesini durlady. Hekgerip:
- Gudaçylyk diýýäniň çalarak ugrundan barýar – diýdi.
Kümüşiň bilesigelijiligi artdy. Ol Şemşady gürletmäge ilgezik boldy.
- Bilýän-ä men, Aknur Kasym üçin gelinlik gözleýändir – diiýp gürrüňi gyzykdyrdy.
- Hawa. Bilipsiň. Gelinlik gözleýäni çyn. Ýöne gelinlikden öň doga-tumaryň ugruna çykypdyr.
- Doga-tumaryň?
- Hawa, doga-tumarsyz saçagynyň açylmajagyna akly ýetipdir.
- Waý, Alla-a! – diýip, Kümüş ýakasyny tutdy. – Hakyt şeýlemi? Saňa doga alyp ber diýdimi?
Şemşat ykjamlandy.
- Neme diýdi, siziň ataň öýňüz tarapda diýdi, güýçli işan bar diýýäler diýdi. Menem Esen işandyr ol diýdim.
Şemşadyň atasy öýi bu ýerden uzakda bolup, hakykatdan hem ol obada Esen işan atly köpe ýaramly biri bardy. Bu barada Kümüşem azda-kände bilýän eken.
- Hawa, Esen işan diýib-ä eşidýäs. Gören adamymyz däl.
- Ata-babasynyň gurbany bolaýyn, aňyrsy ýanyp duran güýçli işan. Özem garaçydan çykan.
- Dogrudyr. Onsoň? Aknur näme diýdi?
- Aknurmy? Neme diýdi, hawa, şol Esen işan diýdi. Şony göräýjekdim diýdi. Işanlyk näme işiň bar diýsem, Kasymguly jany gözli-başly etjek bolýan welin, baran gapym ýapyk diýdi. Işan aga ýykylyp, bir doga-tumar alaýsam diýdi. Ýolumyz açylyp, bizem bir ile meňzesek diýdi. Gaýrat edip, öňüme düşäýseň diýdi.
- Sen näme diýdiň onsoň?
- Näme diýeýin? Ýok diýjekmi? Daşymdan bor diýsemem, içimden, haý, näbileýin, depme keri doga-tumar heleýli edibiläýse ne ýagşy diýip otyryn. Gyýw, gürrüň ikimiziň aramyzda galsyn welin, petigara baran ýerinden kowulýar – diýip, Şemşat soňky sözleri ýarym pyşyrdy bilen aýtdy.
Kümüş aýal nebsagyryjylygy bilen:
- Wah, wah-eý! Aknur görgüli aljyrap, ugruny ýitirip ýör oguşýa. Özüň abraý berewer, Allajan! – diýdi.
- Ugruny ýitirip ýörmi, tapyp ýörmi, biz-ä bilmedik. Alla sowsun! Daş etsin! – diýip, Şemşadam özüçe dileg etdi.
- Gyýw, onsoň nememi, bi Esen işan diýýänleri duza dem salýamy? Ýa oturan ýerinde okap berýämi? Dogtora gatnan ýaly oňa-da zol gatnap ýörmelimi? Ýa bir baraňda belliňi edýämi?
- Näme edýänin-ä biljek däl. Ýöne gaty güýçli işandygyny biläý! Haçan barsaň, işigi adamdan doly. Bi görlen däl. Ho-ol itiň ölen ýerinden gelip durlar. Galyň bende zir–zöwran. Ynansaň, gyz, hakyt zynjyrlaýmaly zyr dälinem açýamyş. Güýçliligi şol. Güýçli bolmasa, millet bary işan aga diýip, işiginde goş basyp ýatmaz-a. Dogry dämi?
- Dogry. Hak gürrüň. Güýçliligine şekimiz ýok – diýip Kümüş goldady.
- Hol arada ysmaza ýolugan birini eltipdirler. Wawwasy bar ýaly göterilip eltilen hassa şo günüň özünde bökjekläp, ylgap gaýdypdyr. Tebipçiligem edýär. Deminiň güýçlidigine gümanym ýok, ýöne işan agaň elem gaty sebäpli. Baran haýyr tapýa. Çagasy bolmaýan-a ýüzüniň ugruna duza dem salaga-da, okap goýberýär. Öň çagasy bolmadyk heleýleň işan agaň duzuny alansoň, topugyna gan degmedigini tapmarsyň.
Şemşadyň gürrüňlerine şunça belet bolsa-da, Kümüş onuň Esen işan barada aýdanlarynyň hemmesine güp ynandy. Göz öňünde milletiň derdine dowa üçin hudaýtarapyn iberilen işan aganyň hiç kesiňkä meňzemeýän keşbi janlandy.
- Waý, Allajan-eý, ana, hakyky gudrat. Aknur ýykylmaly ýerini tapypdyr.
- Kümüşiň soňky sözleri Şemşada ýakmady. Hamana, Aknur hakykatdan-da oglunyň derdiniň dep bolmagy üçin işan agalara gidip barýan ýaly, ol goňşusynyň pikirine garşy gitdi.
- Işan agaň Aknura nepi degäýermikä? Men-ä deger öýdemok.
- Wi-iý, nädäýdiň, gyz? O nämüçin? – diýip, Kümüş muňa allaniçigsi boldy.
- Sebäbi Hudaý oň çagasyny ýaradan mahaly kerligi keýpine berendir öýdýäňmi? Şeýtdigi, saňa heleý ýok, sen müjerret ötmeli diýdigi. Onsoň sadagaň gideýin, işan aga ýanyp duran ot bolanda-da, gije–gündiz Gurhan okap, düwünçek–düwünçek doga–tumar berende-de Aknura ýeke şaýylyk peýany bolmaz.
Bu pikir bilen Kümüş hiç hili ylalaşmady. Ýakasyny tutup, içini çekdi.
- Toba, toba! A gyz, agzym–burnum gyşarar diýip gorkaňokmy? Birden işan aga göz görkezäýmesin. Sen ilki Aknury işan agalara elt, doga-tumar alyp ber, soňuny gör, onsoň geple.
Şemşat öz pikiriniň dogrudygyny tassyklaýan delil hökmünde şeý diýdi:
- Hudaý Aknuryň ogluny ker edip ýaratdymy? Heleýsiz ötmeli diýen manysy barmy şuň? Bar. Onsoň işan aga heleý tapylar ýaly doga ýazyp berse, Hudaýyň garşysyna gitdigi bolmazmy?
- Onçasyny biljek däl. Ýöne maňlaý işidir. Bilip bolmaz. Bagty işläp, öýlense, nä öýlener oturybiýr. Ol-a ker ekeni, onça ýok ýarty-ýurty adamlaram öýlenip, illenip, il biri bolýarlar. Eger öýlenmek nesibesi ýok bolsa, başga gep – diýip, Kümüş öz pikirinde galdy.
Şemşat biraz ylalaşan ýaly etse-de, barybir şo perdeden gopdy:
- Bary–geldi, işan agaň keramaty bilen öýlenäýse-de, heleýi uzak durmaz. Kere kim heleý bolsun? Hany, aýt! Indiki heleý bolýan ganjyklaň birnäçesi synasy sagat, şatyr ýaly ärde durýamy diýsene.
Şu ýerde Kümüşiň: “A gyz, Aknurdan-a bir ýanan ýeriň bar öýdýän. Näme, o görgüli bereniňi iýmedimi?” diýip sorasy geldi.
- Küpür geplän bolsak, günämizi geçeweri, işan aga! Ata–babaň gurbany bolaýyn! Biz bilen deň bolmaweri, işan aga! – diýip, Şemşat pessaý ses bilen Esen işana gaýybana ýalbardy.
Näme-de bolsa Şemşadyň Kasyma bolan garaýyşy Kümüşiň maňzyna batmady. Gulagynyň agyrlygy Kasymyň aýbymy näme? Ýaradanyň beren derdi–emgegi üçin bendesi günäkär däl ahyryn. “Dert berer dermany bilen” diýipdirler. “Bendäm bendäme sebäp” diýen gürrüňem bar. Alla işan agany sebäp etse, Kasymyň işi şowlap, gulagy jam ýaly bolar gidibiýr. Bilse, Esen işana Şemşadyň özi baryp ýykylmaly. Gyzy Gyzylgüliň dili diýenini edenok, peltek. Aýtjak gepini oňly aýdyp bilenok. Üstesine “r” harpyna-da dili öwrülenok. Ýetişen gyzyň şeýle ýagdaýdaka, ýeri, seniň il bilen näme işiň bar? Git-de, ilki bilen öz gyzyň aladasyny et!
Kümüşiň Şemşada gahary geldi.
- Gyýw, ilki özüň gitmeli ekeniň-dä – diýdi.
- Nirä?
- Esen işanlara diýýän, ilki özüň gitmeli ekeniň.
- Nämüçin?
- Gyzylgül üçin. Belki, haýyr tapardyň.
Şu ýerde Şemşat başga adama öwrüldi oturyberdi. Kümüş onuň gözlerinde kyn güne düşüp, bir alaç gözleýän, ýöne näme ederini bilmeýän, bir mysapyr aýalyň keşbini gördi. Ozaldan tanap ýören goňşusynyň häzirki halyny, megerem, ömründe ilkinji gezek görýänligi üçin oňa nebsi agyrdy.
- Haýyr taparmykam? – diýip, Şemşat ünjä gidip, çyny bilen sorady.
- Hawa, taparsyň. Özüň aýdyp otyrsyň-a, demi güýçli diýip. Ysmaz bolanam ýöretdi diýdiň-ä. Zyrrajygym dälini açýany çyn bolsa...
- Çyn, çyn.
- Onda näme?
- Eý, şü ýaga depjek ýaly ýaýdanyp otyryn.
- Waý-eý, nämeden ýaýdanýaň, gyz? Saňa-da düşer ýaly däl.
Şemşat gorkusyny mälim etdi.
- Ters täsir ederinden gypynç edýän. Doga güýçli zat, gyz. Birden ters düşüp, lal-jim bolup oturaýmasyn diýip çekinýän. Göze görnen gyz, ötmeli, geçmeli...
Şemşadyň ýaýdanjy Kümüşi oýa batyrdy.
- Işan aga ýykylyp baranlaň içinde dogasy ters düşen ýa zyýan tapan barmyka? – diýip, ol gyzyklandy.
Bu barada anyk bilmänligi sebäpli Şemşat pylan zat diýmedi, gümp-samp etdi.
- Ýok bolaýmasa. Ýokdur. Bolsa, eşdiläýjek ýaly.
- Menem şony diýjek bolýan. Ýokdur. Ras, il haýyr tapýan bolsa, senem iliň biri borsuň. Netiňi gowa tutyp bar. Onsoňam çynyň bilen ynanmalymyş, gyz. Ynanman baranyň peýdasy ýok.
- Wah, ynanýan-la. Öňem telim şaýlandym şuň üçin. Gyrandegen, göwnüme ýok zatlar gelip, ýene oturyberýän. Hiç aýagym çekenok.
- Göwnüňe getirseň-ä, bolmaz-la.
Edil şol wagt tamyň arkasyndan öwrülip, Kümüşiň äri Gurban geldi.
- Salawmaleýkim, ýeňňe! – diýip, ol gele–gelmäne Şemşada salam berdi.
- Äleýk! Saglykmy, Gurban, oňatmy?
Gurban agzyny çalaja gymyldadyp, “Şükür!” diýdi-de, Kümüşi gyssady:
- Meň eşiklerimi ütüklediňmi? Bol, çaltrak, bol, başlyk garaşyp dur. Gitmeli.
Kümüşiň ynanmak, göwnüňe getirmek, haýyr tapmak ýaly zatlar baradaky soňlanmadyk gürrüňi jedel bilen dowam edesi geldi.
Şemşat bolsa jedelden ellibizar, oňly salam–helik alyşmanlygy hem kän bir ýüz bermänligi üçin öz ýanyndan Gurbana gahar edip, öýüne gaýtdy. Gelýärkä Kümüşiň: “Netiňi gowa tutup bar” diýen sözleri ýadyna düşüp, ony özüçe elekden geçirmäge synanyşdy. “Şü heleýem mynny-mynny edip, ýaman köp kümsükleýä. Netiňi gowa tut diýen bolup, näme diýjek bolduka? Meň netim bilen näm işiň bar?” diýip, pikire çümdi.
-
1merdan
12 years ago
- 7.
Bir Kasymy öýereniňden onuň yzyny basyp gelýän dört ogly öýli–işikli edeniň aňsat düşer. Kasymyň özi ýaly biraz nemeräk maşgala tapmak kyn. Tapmagam kyn däl, onuň ene–atasyna hä diýdirmek ýeňil bolmaz. Iş, ine, şunda bar. Sen soňky dört ýigdekçäni alada etme. Olar saňa tekge berse, berer, ýöne ýük bolmaz. Sen ile çykyp, aladasyny etmäniňde-de, olara heleý boljak kel gyrnak tapylar. Olar sensizem öz günlerini görer. Niýetiňde bolsa, hersini bir-ä däl, ikem öýerip bolar... Häýt, häýt, gatyrak gitdiň öýdýän, Atalyk!
Kasymyň deň-duşlarynyň içinde birlän–ikilän bolaýmasa, aýagy duşaklanmadygy ýok. Ýaş gidip barýar, ýaş! Kasymyň ýaşyndaka Atalygyň iki çagasy bardy. Ýaşyň gidenem hiç, eger synasy düz bolsa, Gepi–söz-ä dura–bara düzelişer-le welin, şü gulagynyň agyrlygy bar işi bökdäp dur. Munuň kör düýesini köprüden geçirjek bolsa, Aknuryňam kowlan ýeri köp bolaýmasa. Ýöne, kowulsa-da, nätjek, duluňa bir gara geçirmeseň-ä, bolmaz.
Arada Tagan aga-da gelip, utanman, sakgally–sarmykly halyna:
- Atalyk, ol ogluňa heleý alyp berseň, işiňi köpeldersiň. Şu wagt diňe özüni ekleýän bolsaň, soňlugy bilen çagalarynam eklemeli bolarsyň. Iň gowsy, birbada muny goý-da, beýlekilere hüjüm et. Öýeriniň yrsgyny aýryber. Ýogsa, bu olaryň öňüni gabzar durar. Maňlaýyna müjerret ötmeli buýrugy ýazylan bolsa, ikimiziň çärämiz bolmaz. Menden maslahat sorasaň, şeýt! – diýýär.
Ýeri, senden maslahat soraýan barmy diýsene! Aknur bir eşitsin şuny! Edil ýöne sakgalyňdan hiňňildik uçaýar. Hataryň ýaşulysy bolup otyr welin, tapýan gürrüňine seret! Gaty görer–beýlekem diýenok. Göni ýüzüňe seredip, diýjegini diýip dur. Şuňa Atalygyň bijaý gahary geldi. Entegem Tagan agaň ýaşyny sylady. Ýogsa, “Ýetmiş ýaşapsyň welin, özüň heleýsiz oňup bilermiň?” diýäýmeli. Oňup bilmejegi görnüp dur. “Ýekelik – Hudaýa ýagşy” diýipdirler. Heleý diýeniň bir höwürdir. Tä ölýänçäň gerek zat.
Tagan aga bir gepinde “Soňlugy bilen çagalarynam özüň eklemeli bolarsyň” diýipdi. Onuň şo diýýäni–hä ugrunda bar. Atalyk öz gününi özi tigirläp, eklenç edip ýören Kasymy göz öňüne getirip bilenok. Eýsem-de bolsa, sowady, hünäri bolmadyk, üstesine-de gulagy agyr oglan günemasyny nädip dolasyn? Şageldi mugallymyň aýdyşy ýaly, hat–petegini düzedişdirip, maýyplyk hatyny alsaň, hökümet kömek puluny berse, bererem. Eger şol haty almaga haky bar bolsa, hat-petegini düzetmegiň-ä bir alajy tapylardy. Ýöne şü maýyp diýen at gowy däl. Iliň dili gursun! Aýyn bolmasa, “Pylanyň ogly pylany pylança manat maýyplyk pensiýasyny alýar” diýip, galyň millet gürrüň eder. Hamana, o berilýän pul öz jübüsünden çykýan ýaly. Aslynda Atalyk bu çaga üçin beriljek kömek pula mätäç däl. Hudaýa ýüz-de müň şükür, eklenji ýetik. Emma Atalygam ýalança baky gelen däl. Ähtimal, sanalgy deminiň ýarpy gowragyny sanap ýörendir. Sanap, aňyrsyna çykyberen bolsa-da belli däl. Muny Atalygam, hiç kimem bilenok. Bir Alla bilýär. Atalyk muňa kaýyl. Bolubilse, bir başa – bir ölüm. Başga zat däl. Ol mundan gorkanok. Atalygy gorkuzýan başga bir ýowuz hakykat bar: ene–atasyndan jyda düşensoň, Kasymy kim eklesin? Kasymyň gününe it aglar! Maşgalasynyň gününi gök esgä düwjegi görnüp dur. “Agzy açyk aç ölmez” diýýärler. Dogrudyr. Her kesiň yrsgyny Alla berýär. Muňa-da şübhe ýok. Ýöne bu ýagdaýy bilen Kasym nädip aýry öý-öwzar bolsun? Atalygyň ynjalygyny gaçyrýan meseläň biri, ine, şü!
Muňa Şageldi mugallym:
- Şoň üçinem maýyplyk pensiýasy gerek – diýdi.
Jähennem, maýyplyk hatynyňam, kömek puluňam bir zady bolar. Ýöne gelinligi nireden tapmaly? Ýitigiňi haýsy gapydan gözlejek? Ýitik diýýäniň nähiliräk bolmaly? Lalmy, kermi, güňmi? Hany, üýşüp ýatan lal, ker barmy? Ilki bilen, ine, şü meseläni çözmeli!
Aknur-a hol gün Şemşadyň gepini-gürrüňini hem ibaly düşündirip bilmeýän sakaw gyzyna sawçy bolup gitdi-de, yzyny ýel çalmanka kowlup geldi. Atalyk oňa “gitme” diýip kän aýtdy. “Şolar birhili diktumşugrak görünýä” diýdi. “Göwnemezler. Entek howlukma” diýdi. Etmedi. Ynha, indem Mämmet uzynyň ýaşy otuzdan agan garry gyzy Aknur üçin sawçy gitjek diýip, şaýlanyp otyr. Heý, boljak zatmy şü? Şü çaka çenli Mämmet uzynyň garry gyzyny sorap baryp, gurt bolup gaýdan barmy? Ana, Burkudyň ýoluna aýdylan ýaly, barany kowup, enesiniň duluny alyp otyr. Sen şir–peleň bolup barsaňam, gaýdaňda tilkisiň. Pah, wagtynda o gapydan gaty kän aznawur kişiler ýüzlerini sallap çykyp gaýdandyr. Hany, şü heleýe düşündir-dä şony. Düşünip, aňyrsyna geçýär. Görüp–bilip otyr. Şonda-da “Aý, bir bagtymy synaýyn” diýýär. Bagtyňy synar ýaly, o nä utuşa goýlan lotoreými? Ýa Mämmet uzynyň gyzy ertekidäki şa gyzy ýaly äre barjak ýigidini synagdan geçirýärmi? Synagdan geçmeli pälwanam Kasymmy? Päheý-de welin!..
Atalyk: “Bi heleý gep ýassygy bolup, ili güldürýänçä pälinden gaýtmaz. Bir ýüregine düwdümi, soňuny görmän, düýbüni deşmese, ynjalmaz. Gitse, gidibersin, hany, göreli welin, gidişinden gelişi çalt bolaýmasa” diýdi.
Aknur Atalyga hä diýmedi. Üst–başyna serenjam berip, saçagyny täzeledi. Ýüzüni garaňka tutup, Mämmet uzynlara garşy ugrady. Tä barjak ýerine barýança diňe özi eşider ýaly sesde dodaklaryny müňküldedip, bir zatlar okaşdyrdy.
-
1merdan
12 years ago
- 8.
Mämmet uzynyň gyzy Aknuryň synasynda ýa akyl–huşunda göze dürtülip duran kem ýeri ýok. Ýöne mahaly bilen bu gyzyň bagty açylybermedi. Juwan ýyllary muňa söz aýdyp, atan oky boş geçen ýigitleriň häzir ýapy ýaly ogullary, depe ýaly gyzlary bar.
Aknura ilki bolup söz aýdan, aýdan badyna-da it ýaly dalanan Ýagşynyň başga bir gyza öýlenenine on dört ýyl bolupdyr. Emma bularyň henize çenli perzendi ýok. Ýogsa, barmadyk tebipleri, ýykylmadyk öwülýäleri galmady. Dogtor diýýäniň-ä baýaky. Netije welin bolmady. Çünki, şu meselede aýaly däl-de, Ýagşynyň özi bedibagt eken. Köpelip, köl bolmak nesibesi munuň maňlaýyna ýazylmandyr. Şol sebäpli täzelikde Ýagşy inileriniň birinden ogullyk aldy. Elbetde, Aknuram bu zatlary öz eleginden geçirip otyr. Şol wagt Ýagşa ýyly söz berip, durmuşa çykan bolsa, bu gün haly niçik bolardy? Perzentsizlik dagyny çekip, örtenmezmidi? Elbetde, örtenerdi. Ýagşynyň halyna ýüregi awasa-da, perzentsizlik derdiniň şol gezek özünden sowlup geçendigi üçin Aknur şükür edýär.
Aknury aparmaga Çaryýar neresse-de bir hyýal edipdi. Ol bu gyzyň yşgynda saralyp–solup, üç aý diwana bolup gezdi. Her tarapyndan baryp gördi. Bolmady. Ahyrynda Mämmet uzyndan almytyny alansoň, gaharyna şäherde ýaşaýan daýzasynyň gyzyna öýlendi. Yzýany hem ulag heläkçiliginden ýogaldy. Maňlaýyna ömür ýyldyzy ir süýnen Çaryýaryň ýazylmanlygy üçin hem Aknur şükür edýär.
Şol haý-haýly wagt, sawçylaryň yzynyň üzülmeýän döwürleri goňşy obadan Begenç diýen bir görmegeý oglan Aknur üçin ejesini bassyr üç gezek gudaçylyga iberdi. Abraýly, döwletli ýerler eken. Assyrynlyk bilen sorap–idänsoň, Aknur munuňam hokgasyny öňüne oklady. Begenji ýükisaman gördi. Indi seredip otursa, dogry edipdir, şol birmahalky Begenç häzir şäherde-de aýal saklaýar eken diýdiler.
Ýitigini Mämmet uzynlardan idäp geleniň, dogrusy, hetdi bar-da, hasaby ýok. Emma, gynandyrýan ýeri, olaryň iň bolmanda biriniňem ýitigi bu ýerde däl eken. Olar gelmeli ýerlerini ýalňyşypdyrlar. Olaryň gözleýän ýitigi başga-başga gapylardan çykdy.
Şol kowulanlaryň içinde saçagyny açyp bolaýjak biri bardy. Ol gaýraky köçedäki Penjiniň daýzasy bolup çykdy. Mekdebi tamamlaýan uçurlary Aknur şo daýzanyň Penjilere ýygy-ýygydan keýpine diýen ýaly gezmäge gelýän ogluna ýüreginiň bir gizlin künjünden bilniksiz ýer beripdi. Ony her gezek göreninde ýüzi lap-lap gyzyp, otly köýnek geýerdi. Özüni ýitirip, erärdi. Aljyraňňy ýagdaýda ajylygy, süýjüligi düşnüksiz bolan bir gussa sebäpli örtenerdi. Ol oglanam Aknuryň syrly–syrly bakyşlaryny jogapsyz goýmady. Haýal etmän, ejesine Mämmet uzynlaryň öýüni salgy berdi. Ýöne Aknuruň ejesi “Entek başy ýaş. Okatjak. Işletjek. Häli–häzir gyz göçürmek niýetimiz ýok” diýip, olary sypaýyçylyk bilen ugradyp goýberdi. Soň Penjiniň daýzasy gara bermedi. Oglandanam habar-hatyr bolmady. Aradan ýoňsuz wagt geçmänkä oglanyň uly okuwlaryň birinde okap ýörendigini aýtdylar. Şeýdip, Aknury ýüpsüz kökerip, otdan alyp, suwa salan duýgular kütelişdi. Ýüreginde dörän şol kiçijik yşk közem öçüp gitdi. Öçmesine-hä, doly öçenok öýdýän. Sebäbi Aknur ol oglany käte bir düýşünde görýär. Öz düýşünde özüni hem görýär. Emma özüni häzirkisi ýaly, terligini ýitirip, az-kem ýygyrt atan hem ýarsan keşbinde däl-de, şo-ol birmahallarky juwan, sarç, entek çynlakaý ejir çekmedik, durmuşyň uly gussalaryna dahyly bolmadyk görnüşinde görýär.
Soňam Aknuruň garamatyny ynanyp bolaýjak ýigitler tarapyndan eli saçakly gelenler boldy. Ýöne edil ters doga edilen ýaly, hiç biri başa barmady. Başa barsa-da, barardy, Aknur olaryň içinden özüni rowa görer ýaly hiç kimi tapmady. Ejesiniň: “Şular erbet ýerler däl ýaly. Sorap–idäp göräýeli” diýenlerine hem näme üçindir kes-kelläm göwnemedi. Wagt geçdigisaýy ýat myhmanlaryň bu gapyny kakmalary hem seýrekleşdi. O barmana-da ýüz gapa baryp, ýüz tapman, kowulanlar gelşip başlady. Olara-ha asylam ýyly söz berip boljak däl. Kowlan ýeri kän bolsa, hersiniň bir emmasy bardyr. Emmasy bolmasa, kowulmazdy.
Baýak, hol günem telpegagan bir şäherli üçin geldiler. Birem däl, iki geldiler. “Garyndaşlyk açaýsak” diýşip, oýkanjyraşyp otyrlar. Şuňa Aknur gaty namys etdi. Kim gelenem bolsa, şu çaka çenli telpegagan gelmändi. Iň ýaman ýerem, ejesi: “Hany, özi bilen geňeşip göreli” diýip, bulaşdyryp barýar. Bir agyz: “Bolanok! Göteriliň!” diýip, çöp döwen ýaly edäýmeli welin, diýibilmän, ýaýdanyp otyr. Onsoň Aknuryň özi daş işikde durup, çagyrylmadyk myhmanlar eşidäýer ýaly sesde: “Utananoklaram. Her kim öz deňini bilse, ýagşy. Ýa bizi hiç zat bilmeýän samsyk hasap edýärlermikä? Adam pahyr ölmese, her zat görjek ekeni. Daş edewersin!” diýip hüňürdäberdi. Şondan soň olaram ýakalaryna tüýkürişip, derrew ýeňselerini el ýaly etdiler. Muňa-da Aknuruň ejesiniň girre gahary geldi.
- Sen, gyz, öz çeniňi bil! Ýaşyňdan habar al, ýaşyňdan! Haýsy–haçana çenli beýdip, ejeň duluny alyp oturjak? Töweregiňe seret, utan, aýp et! Bolman, indiden soň seni hanyň boýy ýeten boý ogly üçin idärler öýdýäňmi?.. Eşitdim, eşitmedim diýme, şu günden şeýläk heleý üstüne aljak diýip gelselerem, ýok diýmen. Pikir etme, edil ýöne daşyňy dolaga-da, bukjaňy eliňe berip goýberäýerin. Bolan bolşuny, gyz, müň. Be-e, bolmaz-a – diýdi.
Diýende näme? Diýse, diýibersin. Aknur ejesine belet. Oňky kiçi dilden bärde. Boş haýbat.
Özüni şunça arkaýynlyga saljak bolsa-da, şol gezek Aknuruňky bolmady. Kejebesi daraldy. Ünjüsi artdy. Ol özüniň alyslarda galan ýaşlygyny ýatlady. Bigam ötürilen şo-ol juwan ýyllaryna dolanasy geldi. Şol haýp geçen ýyllary täzeden ýaşasy geldi. Özüne hyrydar göz bilen bakan ýigitleri ýaňadan synap, sawçylyga gelenleri ýene bir gezek diňläsi geldi. Geçmişe dolanmak islegi ýönekeý bir höwes. Gury ham-hyýal. Oňlulygy wada bermeýän syrly gelejegiň nämälim gorkusy çig süýt emen adama öten günlerini küýsedýär.
Aknuryň agysy tutdy.
-
1merdan
12 years ago
- 9.
Esen işanyň dogasy Şemşadyň gyzy Gyzylgüliň bagtynyň açylmagyna sebäp bolup bilermi? Kümüşiň aýdyşy ýaly, bu gyzyň peltekliginiň, sakawlygynyň emi işan aganyň dogasynda bolmasyn? Şeýlemikä?
Esen işanyň güýjüne bolan ynamy Şemşadyň ýaýdanjyny zym-zyýat etdi. Göze görnen gyzynyň indiden soň diliniň düzeljegine müňkür gitse-de, onuň bagtynyň açylyp, döwletli bir hojalygyň keýwanysy bolup biljekdigine degerli şübhe tapmady. Işan aga sähel ýardam etse bolýar. Galanyny Şemşadyň özi alyp çykar. Gyzylgüliň, tüweleme, Aýdan ary, Günden dury görki bar. Nury meşigiň üstünden gyzgyn ýag dökülip, ýüzi-gözi bütin endamy bilen alabeder bolup ýanan yşnaksyz yşaratyna-da är tapyldy. Wah, adamyň owalebetinde iki barmak maňlaýy işlesin!
Şemşat indi oturyp hasap edip görýär welin, asyl garyndaşlyk açmak üçin bu gapyny kakanlaryň içinde saýlap–seçer ýaly sawçy bolmasa nätjek?! Äri Amanýazyň-a göwni bir ýaly. Ýetişen gyzynyň aladasyny etmelidir öýdenok. Gaýtam:
- Heleýleň işine goşulyp bilmen. Goşulsam, ýene men günäkär bolaryn – diýip, ters gürrüň tapýar. Onuňky düşnükli, şu meselede ähli zady Şemşadyň boýnuna goýup, özi gyrada galjak bolýar. Şemşadyň:
- Men-ä Esen işana ýykyljak. Şondan haýyr tapýan kän. Allajan, belki, şu albassyň maňlaýy açylyp, bagty işlese, işan aga bir halat ýapjak - diýen gürrüňinem ýaňsa aldy.
- Asyl Esen işanyň adyny iki gün bäri aýdym edindiň diýýän welin, şular ýaly bir belaň bar ekeni. Menden maslahat soraýan bolsaň-a, eň şu wagt! Eglenme! Halat ýapjagyňy dagyn biläýse, işan agaň özem sawçy ugradar. Sawçyň yzy sabamasa, senem öýderäk bolaýsaň gerek...
Ine, mundan eşidýän jogabyň!
Esen işana maňlaýyny diremese, indi Şemşadyň ynjalygy bolmaz. Amanýazam näme diýse, şony diýsin! “Biziň söwdügimiz-ä ötmän oturan gyzymyzyň maňlaýynyň açylmagy üçin Esen işandan doga–tumar almaga gitdi. Indi hemme zat emele ýatdy” diýip, onda–munda samsyklap, ýaňramsa bolýar. Amanýaz diýlen adam il ýaly, aýbyny ýaşyryp, abraýyny artdyrmany hem oňaranok.
Şemşat Esen işanlara diýip gitdi. Ir bilen çykyşyna heleý öýlesi bolanda ökjesi ýeňläp, dylym–dylym edip, dolanyp geldi.
-
1merdan
12 years ago
- 10.
Asmandan indimi, ýerden çykdymy, nireden nädip peýda bolany belli däl, bir gara “Ýüzükýitireniň” çola oýunda dünýäni unudyp, ot ýygyp oturan Kasymyň üstüne abandy-da, sen–men ýok, ebşitläp ýakasyndan tutup, ýokary galdyrdy. Galdyryşy ýalam:
- E-eý, saňa diýýän, kerruh! – diýip, ýürekýargynç gaty sesi bilen gygyrdy.
Kasym dikelip, garap görse, ine, Mämmet uzynyň uly ogly Çerkez haşlap, agzyndan ak köpük saçyp dur.
- O nä eşitmedik bolýaň?
- Nämäni? Eşitýän. Eşitýän-ä – diýip, Kasym aljyrady.
Çerkez tüýküligini syçradyp dübledi.
- Onda nämüçin men ýaňy gygyran wagtym hä bermediň?
- Görmändirin. Ot ýygyp otyrdym.
- Indi görýäňmi?
- Hawa.
Çerkez Kasymyň ýakasyny goýberdi. Bir ädim gaýra çekilip, onuň elindäki orakdan ätiýaç edýän ýaly:
- Oragyňy taşla! Taşla diýýän oragyňy – diýip gygyrdy.
Kasym oragyny taşlansoň, Çerkez daş–töweregine ýalt–ýult garanjaklap, biraz pessaý ses bilen:
- Ejeňi kim iberdi bize? – diýdi.
Bu sözler Kasymyň gulagyna “Ejeň iberdimi bi ýere” diýip eşdildi.
- Hawa, ejem iberdi... Ýok, özüm geldim. Mallara ot ýygýan – diýip, özüçe jogap berdi.
Çerkez gahardan ýaňa sandyrap:
- E-eý, kerruhlyga salan bolma! Ejeňi bize sen iberdiňmi diýýän, jogap ber – diýdi.
Ejesiniň Mämmet uzynyň gyzy Aknur üçin sözaýdyjy bolup gideninden bihabar bolanlygy üçin Kasym:
- Ýo-o, men-ä bilemok – diýdi.
- Onda kim iberdi?
- Ä?
- Onda kim iberdi?
- Bilemok.
- O nähili bileňok? Eý, kerruh, boýnuňa al, özüň ugratdyňmy?
- Ýok, ýok, men-ä ota gaýtdym.
Muňa Çerkez bolmajysy boldy. Alaçsyz adamyň sypatyna girip, sag eliniň ýumrugyny çep eliniň aýasyna urup durşuna janyýangynly gürledi.
- Eý, sähne, kerruh, samsyklyga salyp, düşünmediksirän bolma. Şu gün diýemok men. Öňki agşam ejeňi bize sen ugratdyňmy?
Kasym gürrüňiň näme barada barýanlygyna teý akyl ýetirip bilmänsoň, anyklamak üçin:
- Nämüçin? – diýip gorkuly sorady.
Çerkez düwülgi ýumrugyny gezäp, dişlerini gyjyrdadyp, haýbat atdy.
- Aýdaýynmy nämüçinligini? Bilesiň gelýämi?
Bilesi gelýänem bolsa, Kasym gypynç etdi. “Hawa” diýmäge dili barmady. Ýaýdandy. Çerkeziň gylygy geň däl.
- Häzir burnuňy nas ýaly edip, gözüň aşagyny gögerdip goýbereýin, onsoň ejeň aýdar sebäbini. Ýa özüm aýdyp bereýinmi? – diýip, Çerkez süründi.
Kasym ýenjiläýmeginden heder edip, yza çekildi.
- Häzir git-de, ejeňe aýt, kime tokunýanyňy bil diý, ýogsam, almytyňy alarsyň diý. Çerkez aýtdy diý. Düşündirip aýdyp bilermiň şu zatlary?
Kasym hawa diýen manyda baş atdy.
- Ejeň bize ýene bir gezek baraýsa, menden eýgilige garaşmasyn, düşdüňmi? Aýt, şeý diý-de!
Çerkez tüýkürip, sögünip gitdi.
Kasym şunça pikir etse-de, hiç zada düşünmedi. Çaky, ejesi Çerkezlere barypdyr. Barmak bolanokmyka?
Eýsem-de bolsa, Mämmet uzynyň gyzy Aknur üçin gudaçylyga barylmagy Kasymyň akylyna sygjak zat däldi.
-
1merdan
12 years ago
- 11.
Kasymyň ejesi Aknur Mämmet uzynlardan dolanyp gelensoň, iki günläp lapykeç halda ýüzüni sallap, sust gezdi. Çaý-suw bilenem kän bir ugry bolmady. Hesrete ýugrulan oý-pikirleriň astynda ýegşerilip ýörşüne ahyry baryp, Atalygyň ýanynda ýaryldy. Zol–zol uludan demini alyp oturyşyna:
- Gyrandegen, baran ýerimizden it ýaly ýüzümizi aldyryp, kowulmak maňlaýmyzda barmyka? – diýip, janyýangynly zeýrendi.
Atalygyň aýalyna ýüregi awady. Göwünlik bermek üçin:
- Hiç kimem bir baran ýerinden goparyp gaýdýan däldir. Il deňinde ogluň aýagyny deňlejek bolsaň, entek kän köwüş tozdurmaly borsuň. Şuňa kaýyl bol! – diýdi.
- Janym ýanýar. Özümçe bar–ýok galyň heleý hondanbärsi bolup, dilimiň gysga ýerinden tutýarlar. Kerligi diläp alan bolsak, käşgä.
- Ine, görersiň, biziňem nesibämize bir maşgala garaşyp oturandyr “ynha, gelerler” diýip. Şoň üstünden barýançaň entek telim gezek tilki bolarsyň. Nätjek-dä?!
Aknur kowulmaly gapylaryny, tozdurmaly köwüşlerini tilki bolmaly günlerini çen bilen göz öňüne getirip gördi gerek, öwhüldäp, iki egninden dem aldy. Soň dem salym demini alman oturdy-da:
- Näbileýin-dä. Kyn günde galan-a bolduk özi. Alla abraý bersin hernä! – diýdi.
- A sen beýdip, urlup–çapylyp, öňýeteniň işiginden ätläp ýörme. Sorap, idäp, ýitigiň çykaýjak ýerine bar.
- Meselem? – diýip, Aknur gyzyklandy.
Atalyk ýaýdandy. Gümp–samp etdi:
- Be-eý, kimlere bar diýsemkäm?!. Äý, pylanylara bar diýer ýaly mende belli–külli bir neme ýok. Göz öňünde tutýanym ýok.
- Mende bar welin – diýip, Aknur gorka aýtdy.
- Göz öňünde tutýanyňmy?
- Hawa.
- Bäh, kim-aý ol? – Atalyk gyzykdyrdy-da, aýalyndan anyk jogaba garaşdy.
Aknur ýöwselledi.
- Gaty bir oňlarsyň öýdemok-da.
- Oňlap–oňlamaz ýaly meň näme nemäm bar bu ýerde?
Esasy zat, sen göwneseň bolýa.
- Batyr jellaplara baryp göräýmeli diýjek bolýan. Ärinden aýrylyp gelen gyzlary bar.
Bu sözleriň niçiksi täsir döredendigini görmek üçin Aknur assyrynlyk bilen ärine seretdi.
Atalygyň ýüzünde–gözünde häzirlikçe bilesigelijilikden gaýry alamat görmänsoň, howlukmaç gürledi:
- Kasym jan bilen gözlije ýaşyt bolmaly. Bir klasda bileje okandyrlar.
- Muny saňa biri salgy berdimi ýa öz kelläňe geldimi?
- Hiç kimem salgy berenok. Öňdenem bar kellämde şü pikir. Hä, näme?
- Aý, hiç... Onsoň ol ärinden nä sebäbe görä aýrylyp geldikä? – diýip, Atalyk Aknura gaty kyn sowal berdi.
- Bilmedim-dä.
- Ilki bilen şony bilmeli.
- Ilki bilen şolar razy bolarmy, bolmzmy, ana, şony bilmeli.
Aýalynyň bu pikiri bilen Atalyk ylalaşmady. Asuda düşündirmäge synanyşdy.
- Ony nädip biljek? Baryp, habaryňy aýtmasaň, bilip bilmersiň-ä. Ýöne entek barmankaň, habaryňy bermänkäň şo gyz bize boljakdanmy, bolmajakdanmy, şoň bellisini et!
- Belki, razylyk beräýediler-dä. Erbet ýerler-ä däl – diýip, Aknur öz pikirni dowam etdi.
- Erbet ýerler diýýän ýok. Meň diýýänim, eger göwnüň şolarda bolsa, başyny şo gyzyň nämüçin aýrylyşanlygyndan başla. Seň o diýýäniň başy bogulmadyk gyz däl-ä. Öňem bir ýabyň suwuny içen. Düşýäňmi?.. Düşýän bolsaň, özi gaýdypmy, ýa kowulypmy? Haýsy bolanda-da sebäbini bil!
Aknur gözüni bir nokada dikip, sähel salym oýa çümüp otyrdy-da, ärine ugrybir üç sowal berdi:
- Nämüçin aýrylyşandyr öýdýäň? Kim bilýäkä? Nädip bilip bolar?
- Aý, ony özüň biläýmeseň, men-ä bilmedim. Şular ýaly zada heleýler ökde bolýar.
- Hawa – diýip, Aknur ylalaşdy. Soň sözüniň üstüni ýetirdi. – Hemme heleýiň gürrüňine ynanybam bolanok. Peşeden pil ýasaýan bar, toslap, çişirip...
Öz gezeginde Atalyk hem biraz pikire çümüp oturansoň, howatyrly gürledi:
- Onsoň diýýän-ä, birden bi guda bolaga-da, beýlämize geçirsek, iliň gep–gürrüňem-ä bardyr. Öýlenmedik boý oglana ärinden aýrylyp geleni alyp berseň, il-gün näme diýerkä? Men-ä, how, şoň yzyndan boljak gybatyndanam ýaýdanýan.
- Ýaýdanmasyna menem ýaýdanýan welin, ýa birhili bolaýarmyka?
- Aý, ýok-la, hiç hilem bolmaz.
- Ýa goýbolsun edelimi?
Atalyk “Men-ä bilmedim-aý” diýýän terzde aýalyna seretdi. Şonda ol Aknurda çözmesi kyn meseläniň öňünde durup, gözýaş döküp, aglaýmasa, dagy başga alajy bolmadyk ejiz adamyň keşbini gördi. Aýalynyň şular ýaly naýynjar hem ýürekparalaýjy keşbini ömründe ilkinji gezek görýänligi sebäpli kalbynyň iň bir çuň ýerinde ejir çekdi. Özüni gollary gandally bendi saýdy. “Adamy, ine, şular ýaly zatlar garradýar. Ölmän gezip ýörse, garramajak ýokdur-la welin, wagtyndan öň garramagyňa sebäp bolýar. Kesel goýýanam şu zatlar” diýip pikir etdi. Anyk jogap berip, nädibem bolsa, Aknuryň göwnüni götermelidigine akly kesdi. Ony başarmaýanlygyna gahary geldi. Şeýle ýagdaýlar ýüz beren halaty näme etmelidigi barada bireýýämler pikir edip, çözgüt tapyp goýmanlygy üçin özüni kötekledi. Gaharly oýlaryň hem kejikdiriji duýgularyň ezýet berýän şeýle pursatlarynyň birinde Şeýtanmy-kimmi, bir-ä: “A sen öz ogluňdanam bir habar al-a!” diýip, gulagy agyr ogly Kasymy Atalygyň ýadyna saldy. Aý, ýok, Şeýtan-a däldir. Melgun gudaçylyk ýaly haýyrly işe goşant etmez, diňe al salar. Şu ynanç içden gelen şol sözleri bolşy ýaly daşyndan gaýtalamaga Atalyga itergi berdi.
- A sen öz ogluňdanam bir habar al-a! Ilem, näme, diýer, goýar-da. Il diýeniň halta däl, agzyny bogup, ýapar ýaly.
- Wah, muň ýagdaýy şu zeýilli bolansoň, menem islän gapymy kakyp bilemok – diýip, Aknur ogly Kasymy göz öňünde tutup aýtdy.
- Ýagdaýy şu zeýilli diýip, busup otursaňam-a bolmaz.
Aknur halys ugruny ýitiren adamyň äheňinde:
- Onda men näme etsemkäm? – diýip sorady.
- Ilki sorap–ide? Ýuwaşlyk bilen anygyna ýet. Nämüçin aýrylyşanyny bir bileli. Kim bilýär...
Atalygyň “Kim bilýär, bir bolmasy zat edip, kowulan bolmagy mümkin. Eger şeýle bolsa, olaňam işigini kakyp oturasy iş ýok. Ýitigiňi başga ýerden gözle” diýesi geldi. Diýmedi. Dymdy.
Aknuram dymdy. Ikisem şol bir wagtda kellesinde dörän sowallara özüçe jogap agtarmaga başlady.
-
1merdan
12 years ago
- 12.
Şemşat syýrgynyň aýagujyna ýetip gaýtjak diýip, ak öýlänler öýden çykyşyna gyzar ikindinler dolanyp geldi. Boş gelmedi. Gep–gürrüňden mazaly ýüküni tutup geldi.
Äri Amanýaz ony ýasama kinaýa bilen garşy aldy:
- Geldiňm-ow, söwdügim! Şu wagt bizem çagalar bilen maslahatlaşyp, plan biçip otyrdyk. Şunça gelmedik bolsaň, seni idäp, herimiz bir gapydan çykmalydyk. Oňat, bu gezeg-ä çagalary heläk edip ýörmän, özüň geläýdiň... Wah-eý, çaýyň-a soňuna galypsyň.
Şemşat äriniň çat maňlaýyna geçip oturdy-da, öňem telim gezek eşiden kinaýaly sözlerine pisindem etmän:
- Ýok, çaý bolanda-da, içjek däl. Çaýdan julk boldum – diýdi.
- Hany, onda aýdyp otur. “Giden getirer, oturan nyrh sorar” diýýä. Iýen-içeniň özüňki, gören eşideniňden habar ber! – diýip, Amanýaz nakyla meňzeş birgiden zat sanaşdyrdy.
Şemşat äriniň ýassygyny tirseginiň aşagyna çekdi-de, ýanyn süýnüp ýatan ýerinden:
- Mundan çykyşyma ilki bilen Tyllaň ýanyna sowuldym – diýdi.
- Ýeri, bakaly, onsoň? – diýip, Amanýaz gop berdi.
- Birki günlükde Tylla bir şakäsäni dolduryp, ýertudana dadyrdy. Menem gabyny boş gaýtarmaýyn diýip, birazajyk çekize dadyrdym. Görgüli süýt–gatygy satyn alyp iýensoň, öler aşy çekize. Ondan çykybam Abadanyň ýanyna bardym. Gelni ýeňläpdir. “Ýaşy uzyn bolsun!” diýdim.
- Tüweleme! Şol turşy almadan agzy bimaza bolup ýören gelinmi? – diýip, Amanýaz ýadyna saldy.
- Hawa, ed-dil özi. Gyz bäbejigi bolupdyr... Abadanyňam ýanyndan wagty bilen gopup bolanok. Duranja bir gepiň öýi. Eltisiniň üstünden düşüp, mahaly bilen goýbermedi. Biri bir zat gürrüň berip otyrka, soňuna çenli diňlemän, turup gaýdybam bolanok. Äý, mugt gürrüň-le diýip, häsini berip otyryn.
- Haýsy eltisi? – diýip, Amanýaz gyzyklandy.
- Jumaň darsdabanyna diýýä. Soňky döwür şoň bilen oňuşanok. Ikisi edil bir göz iýen ýaly. Ýammat bilen Juma näme üstünde tersleşendir öýdýäň?
- Heleý dawasy üçindir – diýip, Amanýaz çak urdy.
Şemşat başyny atyp, tassyklady.
- Hawa, bildiň – diýdi.
- Aýdýan-a, bi heleýlermi?!. Amerika bilen orsy sögüşdirenem heleý diýýäler.
- Yzyny diňle! Abadanyň ýanyndan turubam bärligine, öýe gaýtdym welin, Ogulkeýik otyr eken işiginde. Görübem, sowulman geçseň, o-da birhili, yzyňdan hoňňul–hoňňul edip, müň gepiň başyna ýetjek.
- “Şu wagt ýaman gyssag. Soň bir gün ýörite geläýerin” diýmek seňem ýadyňa düşen däldir – diýip, Amanýaz ýaňsylady. Şemşat bu ýaňsa ýa-ha düşünmedi, ýa-da onçakly pitiwa bermedi, yzyny dowam etdi.
- Ogulkeýik oturan ýerinde dünýeden habarly, gyz. Bilmeýän zady ýok. Batyr jellabyň gyzynyň äre gaçanynam şol aýtdy.
- Aý, goýsana-how!
- Men goýdum onda, sen aýdaý bilýän bolsaň! – diýip, Şemşat gaharlanjak boldy.
Amanýaz şo bada äheňini üýtgetdi.
- Eşidemok, habarym ýok, bilemok.
- Bilmeýän bolsaň, bilýän otyr ýanyňda.
- Ýeri, bakaly! Haýsy gyzy gaçypdyr diýdiň?
- Uly gyzy. Näzigi.
- Sen-ä, how, halys öte eşidip, öý ýykyp ýörenlerden bolupsyň. Batyr jellap uly gyzyny öten ýyl çykardy. Gelnanjysyny keseklemänsiň öýdýän. Ýogsam-a, bilmeli sen.
- Bilýän. Beterem bilýän. Gelnanjysyny keseklänimem bilýän. Bagşysam uruldy. Çagyrjysyna-da gitdim. Ho-ol eşekli oba.
Şemşat äriniň ýüzünden “Düşünmedim” manyny okap, ugrybir jogap berdi.
- Düşünmersiň sen. Bilýän zadyň ýok. Batyr jellabyň o gyzy äre çykansoň, bäş aý bolmanka aýrylyşyp geldi. Enesiniň dulunda biraz oturybam, ana, güw-w gidipdir.
- Bäh, dogrudanam gaçypmy? Haçan? – diýip, Amanýaz çyny bilen gyzyklandy.
- Dek öten agşam!
Amanýaz aýýallara mahsus gylyk bilen:
- Toba, toba! Daş edewersin! – diýdi.
- Alla sowsun! Geň-taň göremzok – diýip, Şemşadam şu wagt ýadyna düşen ýaly ýakasyna tüýkürdi.
- Öň diňe gyzlar gaçýamyka diýerdik. Indi aýrylyşyp gelenlerem gaçyp ugradymy? Ölmeseň, her hili wejeralyk eşidiljek. Şu gidişine gidip otursa, ärli heleýlerem gaçyp başlarmyka öýdýän men-ä. Iň gorkunç millet – uzyn etekliler. Bulardan gorkmadygyň imany ýokdur.
Ozal kän eşidip, öwrenşikli bolansoň, Şemşat äriniň bu gürrüňlerine ähmiýet bermedi.
- Batyr jellabyň şo gyzy öňem idili gezenok eken – diýip dowam etdi. – Saman astyndan suw goýberip ýörensoň, öň bilinmän, ynha indi aýan boldy. Tüýs “Ýere bakandan ýer gorkar” diýilýäni. Entek gyz mahaly şäherde başga biri bilen arasy bar eken. Ana, şoňa gaçyp barypdyr. Deň–duşam dälmiş. Öňem heleýli–zatly, pylança çagasy bar diýdiler. Batyr jellabyň albassy gyzy indi şoň ikinji heleýi bolup ýaşamaly. Aslynda başdaş äri bilenem şo şäherli meýit aýrylyşdyrypdyr.
- Sen, how, pylan – pismidan diýýäň welin, magadyna ýetmän, günä göterýän bolaýma!
- Günäsini it götersin! Men Ogulkeýikden eşidenimi aýdýan. Ogulkeýige-de Batyr jellabyň heleýiniň özi aýdypdyr. “Aýrylyşyp gelenine nätjegimi bilmän otyrkam, ýüzüme gara çekip, gaçyp gitdi” diýip aglapdyr.
- Onda Ogulkeýik özünden toslap tapýandyr. Häli görseň, gaçanam däldir, özleri berip goýberendir – diýip, Amanýaz müňkür gitdi.
Şemşat ärine şübheli garap:
- Sen näbilýäň? – diýdi.
- Aý, ol düşnükli zat. Iňňeden iner ýasamak heleýleň häsiýeti.
- Onçasyny, ynha, men ertir ir bilejik Aýnabatdan sorap bilerin. Şol edil şänik döwen ýaly edip berer.
Onsoň Amanýaz başga diýere gep tapman:
- Şeýtde, öň etegiňi dişläp, etek alty, ýeň ýedi ylga-da ýör nirede näme gep–gürrüň barka diýip. Bir gün-ä uçugyňy alarsyň öz-ä – diýip hüňürdedi.
- Kim? Menmi gep gözleýän? Menmi uçugyny aljak? Ol-a sen heleý ýaly gep gözläp ýören. Heleýdenem ozduran sen gep gezdirmekde. Meň ýaňky aýdanlarymam ertit uly ile ýaýradarsyň. Heleýçe-de ýok sen – diýip, Şemşat ýatan ýerinden dik–dik galyberdi.
Amanýaz mundan ätiýaç etdi-de:
- Bolýa, how, seňki dogry, meňki ýalňyş. Ýat, kelläňi galdyrma – diýip, soňuny gümp–samp etdi.
Şemşat welin wagty bilen tüketmedi.
- Ýalanmy, eýse? Heleý ýaly gep gezdirip, meni Bessir bilen sögüşdirenem-ä sen. Döndiň ýanynda dilimi kelte edeniňem bardyr. Kümüşiň ärsumagy Gurbanam soňky döwür salamyny haňk–huňk berýär. Şonam senden görýän... Senjagazmy?... Entegem seni men saklap ýörün kimligiňi, nämeligiňi ile-güne bildirmän. Şasenem ýaly ataýry duşan bolsa, boýnuň torbaly gedaý gezerdiň. Bilseň, şu hojalygyň yrsgaly, döwleti mendedir.
Ahyry Amanýaz kädisini tyrkyldadyp, nas atdy-da, çykyp gitdi.
Batyr Jellabyň gyzy Näzigiň äre gaçyp gidenligi baradaky habary Kasymyň ejesi Aknur ertesi ir bilen Gülleden eşitdi. Gülle-de äri Şadyýandan eşidipdir. Şadyýana bolsa, düýn gijara işden gaýdyp gelýärkä Amanýaz aýdan eken.
-
1merdan
12 years ago
- 13.
Mämmet uzynyň gyzy Aknur özüni heläkläpdir. “Uksus içipdir” diýerdiler. Uksus diýýänleri sirke bolmaly. Sebäbi barada hiç kim dil ýarmady. Her kim öz ýanyndan çak urdy.
Gün ýaşar uçurlary käte çalaja iňňildeýän Aknuryň mejalsyz göwresini emaý bilen göterip, ýeňil ulaga ýüklediler. “Çykmadyk janda umyt bar”. Şol umydy söýget edinip, gyssanmaç keselhana gitdiler. Kän salym geçmänkä-de, ses edişip, gaýdyp geldiler. Aknuryň jansyz jesedini düýpki otaga geçirip ýatyrdylar. Ýakyn–alysdaky hossarlaryna habar ugratdylar. Goňşy–golamlar ýarygijä çenli merhumy soňky ýoluna ugratmagyň aladasy bilen boldular.
Ertesi Aknury jaýladylar. Onuň hiç kime rowa görmedik tenini gara guma gardylar. Uzak–uzak ýyllar daşdadygy–ýakyndadygy näbelli bolan bagtyna garaşan, garaşyp–garaşyp garran, belki-de, tanaman, bilmän, öz bagtyndan özi ýüz öwren, ynha, indem, bagtyň giçden soňam gelip biljekdigine ynam etmän, çaky, ýadap, lejigip, ýalan dünýäň ähli mähnetinden hem mährinden geçen, şirin janyna gyýan bir ykbaly bir tümmek mazara öwürdiler.
Aknuryň ömür pelsepesine hiç kim düşünmedi. Ol bu ýagty jahanda özüne taý tapmady. Özüne taý tapyp bilmedik janyna jaý tapyp bilermi?
Egil beýleki adamlar ýaly, Aknuryňam gursagynda uç–gyraksyz, biserhet arzuwlar bardy. Olar Aknuryň ömrüni bezemelidi. Ömrüň manysy bezege öwrülmeli şol arzuwlardan başlanýar. Aknuryňky ýaly arzuwlaryň amala aşan halaty döwran sürmegiň nobaty gelýär. Ömür sürmek başga zat. Ömür sürmek üçin olar ýaly arzuwyň geregi ýok.
Aknuryňky gury hyýala meňzänokdy, bitmejek bolsady däldi, biraz umyt çaýylan ýönekeý arzuwlardy.
Köplenç şeýle bolýar: adamyň derdine we ömür owazyna onuň teni sowan güni düşünjek bolýarlar.
Ýüzlerini sallaşyp, ýegşerilip, gonamçylykdan gaýdyp gelýän gölegçileriň serini biri–birine meňzemeýän dürli–dürli oý–pikirler gaplap alypdy. Olaryň arasynda Aknuryň arzuwlaryna düşünjek bolýanlaram bardy.
-
1merdan
12 years ago
- 14.
Şemşat gyzy Gyzylgülüň ýanynda, meger, ömründe birinji gezek çynlakaý gürrüň etdi.
– Gyýw, albassy! Men seni näme edeýin? Kime bereýin? Sawçyň sabamanka şony aýt maňa! Seni deňli–derejeli edip, adam çykýan ýere ýerlejek bolup, şo-ol geleni gaýtardym oturdym. Indi halys başym çaşdy.
Şemşat gyzyndan jogaba garaşdy. Gyzylgülden ses–seda çykmady. Eýsem-de bolsa, ol näme diýsin? “Pylanylara beräýiň” diýsinmi? Diýaýeniňde şo pylanylar eli saçakly işigiňi kakjak bolup durmy?
“Aý, ýok, munuň ýyly söz alşyp, ümmüldeşýäni–hä bardyr öýdemok” diýip Şemşat pikir etdi.
- Lal açmadyk bolsaň, diý, gyz, bir zat.
Gyzylgül ejesine soragly nazar bilen bakyp, dymdy.
- Kimiň saçagyny açmaly diýjek bolýan.
Gyzylgül bilemok diýen terzde iki egnini gysdy.
- Her hili adam gelýä, gyz. Içinde dokuzy düzüwi ýok. Kowsaň, kowup oturmaly. Saňa gowusy bolsun diýip, men-ä ugur–utgamy ýitirdim. Hany, senem bir diňläp göreýin.
Gyzylgül bu gezegem geplemedi.
Şemşat gyzynyň mysapyr garaýyşyndan “Siziň saýlanyňyz bolar. Özüňiz gowy bilýänsiňiz” diýen manyny okady. Şondan soň Şemşat: “Onda men-ä Atalygyň heleýine gelibersinler diýjek. Seni Kasym üçin soraýarlar. Gulagy açyr diýäýmeseň, erbed-ä däl diýdiler. Özlerem adam çykýan ýerler. Bolýamy şol? Näme diýjek?” diýip sorasy geldi. Ýöne ejap etdi. Onsoň janyny barlamak üçin:
- Ker-kör üçinem idäp durlar. Ýaşygaýdan üçinem gelýärler. Her haýsysy bar – diýdi.
Gyzylgül gara ýer ýaly dymyp otyrdy. Şemşat onuň gözlerinde pespällik bilen kysmata kaýyllykdan gaýry zat görmedi. Gyzyna ýüregi awady.
Batyr jellabyň gyzy Näzigiň arden turup gaýdyp, başga birine gaçyp gitmesi Şemşada sapak boldumyka? Ýa Aknuryň özüni heläklemesinden elheder aldymyka?
Belki, Esen işan güýç görkezýändir?
SOŇY
-
1merdan
12 years ago
- ertir.com daky kab aganyň powesti, bu hakda kab agam bilen kän pikir alşypdym, we özüniň rugsady bilen bärde ýerleşdirdim, okaň täsir alyň
-
phenomen2
12 years ago
- tuweleme
-
phenomen2
12 years ago
- ellerine saglyk
-
Oliya
12 years ago
- sagja bola tanry yalkasyn
-
atabeg
12 years ago
- Sag bol, Taňyrýalkasyn, dost!
-
Jebislik
12 years ago
- Näme üçin powestiñ ady "geçdiñ bäri ýüzi" we tüýliñ iti bilen bagly wakany awtor näme ün esere go$dykan.?
1merdan 12 years ago- 2.
Aknur adyny göterýänler onçakly köp-ä däl. Çagalary hasap etmäniňde, bütin aýal–ebtadyň içinde bary–ýogy üç sanysy bar. Olaryňam biri ne eýläk, ne-de beýläk. Üçlüge degişlem, degişli dälem. Ýagny, asly goňşy obadan bolup, bu obanyň mekdebine gatnap, mugallymçylyk edýär. Çagalara hasap–hesip ugrundan okuw öwredýär. Saçyny ýygnap, başyny boganyna on ýyl bolan-da bolsa, ol bary–ýogy iki çaga – bir ogul, bir gyz dogrupdyr. “O ne beýle az?” diýip, bu ýagdaýdan bihabar oba aýallarynyň käbiri geň galýar. “Ind-ä asylam dogurjak däl diýýä. Iki çagany adam edip, sürä goşubilsem, armanym ýok. Az bolsun, uz bolsun diýýä” diýip, Aknur mugallyma bilen bile işleýän bir gelin düşündirýär. “Indikileň hemmesem şeýle. Dogurmany ýaman ýokuş görýärler” diýip, başga bir aýal gürrüňe goşulýar. “Dogry edýär. Dogurmak kyn däl, ekläp, saklap, ile goşmakda iş bar” diýip, Aknur mugallymany goldaýan hem tapylýar. Aýallaryň hemmesi bu pikire hä berenok. Kä halatlarda Aknur mugallymanyň iki çaga dogrup çäklenmesi, bu babatda belli–külli çözgüdi hakyndaky gürrüňler dyzmaç aýallaryň arasynda uly jedelleriň döremegine hem sebäp bolýar.
Beýleki Aknur Mämmet uzynyň gyzy. Özi-de heniz durmuşa çykmadyk gyz. Oba aýallarynyň kepil geçmegine görä, bu gyz üçin bu çaklarda sözaýdyjy bolup gelýän ýok. Çünki Aknur indi otuz üç ýaşapdyr. Töweregi çolaryp, sawçysy sabapdyr. Ýaman ýeri, şu çaka çenli eli saçakly gelenleriň uçdantutma hemmesiniň hokgasyny öňlerine oklanam bu gyzyň özümiş. Onuň-da özüne ýetik, dürli–dürli sebäpleri, bahanalary barmyş. “Bahanasy bolsa, otursyn şeýdip tulaty. Garrasyn! Hüýr gyz bolup, o dünýede öňümizden çyksyn!” diýşip, onuň birmahallar bir mekdepde bileje okan, häzir dördünjimi, bäşinjimi, çagasyny emdirip oturan köne joralary garaçynlary bilen gatyrganyşýarlar. “Maňlaýy açylýan däldir. Maňlaýy açylmasa, o görgüli nätsin?” diýip, içinde haýpy gelýänem bar. “Dogry edýäň. Är gerek däl. Gara bagryňy gan etjek biri maňlaýyňdan çykaýsa, gül ömrüňi tüssesiz ýakar” diýip, ärden ýanyp ýörenleriň ýek-ýarymy öz ýanyndan akyl hem satýar.
Mämmet uzynyň gyzy Aknuruň özünden kiçi oglan jigileriniň ikisi bireýýäm öýli–işikli bolup, üçünjisem alty aýdan bäri bir gara gaş gözeliň näzini çekip ýör. Iň kiçi gyz jigileri bolsa, geçen ýyl mekdebi gutaryp, iki aýdan bäri başga obaly bir oglan bilen Aşgabat diýen ýaly uzak bir şähere gaçyp gitmegiň kül-külüne münüp ýör. Çaky, oglan tarapyň ene–atasy bularyň kiçi gyzlary üçin gudaçylyga gelip, kowulan bolarly.
Mämmet uzynlar bilen goňşuçylykda ýaşaýan aýallaryň üçüsi birki günlükde edil dil birikdiren ýaly täze bir gürrüň tapdylar. Oturymy şäherli gartaşan bir aýal özüniň telpegagan ogly üçin Aknurlara at tezegini guratman gudaçylyga gatnaýarmyş. Ejesi şäherli aýala ýyly söz berse-de, Aknur kes–kellam göwnemeýärmiş. Oňa özi bilen ýaşytdaşrak, boý oglan gerekmiş. Göwün diýen ýigidi tapylýança entekler ejesiniň dulunda oturjakmyş. Öz diýeni bolmasa, asla durmuş gurmak pikirinde hem ýokmuş. “Bahasyny bilmez gyrnak!” diýşip, bu habary eşiden oba aýallary Aknura gaýybana käýindiler.
Aknurlaryň üçünjisi saçyna ak çozan oral aýal. Onuň biri–biriniň söbügini basyp gelýän bäş ogly bilen bir gyzy bar. Uly oglunyň adyna Kasym diýýärler. Kasymyň gulagy agyr. Gygyryp aýtmasaň, eşidenok. Şol sebäpli gaty bir zerurlyk ýüze çykmasa, onuň bilen mesawy gürrüň edýänem ýok. Bir zat hakynda sorasa-da, köplenç gysgaça jogap berýärler. Jogabyny hereket bilen aňladýan hem bar. Şeýle bolansoň, ol dünýäni gözi bilen diňläp, dürli oý–pikirleriň ummanynda öz–özi bilen gürleşip ýör. Käte elipden şermende halyna kitap hem okajak bolýar. Emma käbir nätanyş harplar onuň kitaba bolan ojagaz höweisni gaçyryp goýberýär. Baryp–ha mekdepde okaýan döwürleri “Mugallymalaryň hiç biri-de Kasymdan sapak soramaýarmyş” diýip, agyz dolduryp, gürrüň edýärdiler. Hamana, günde mekdebe baryp, garagolluk etmän, boş parta saklap gaýtsa, mekdep müdiri-de kaýylmyş. Kasymyň özi bilen bilelikde ene–atasy-da bu ýagdaýdan nägile dälmiş. Şol döwürde mekdebiň ähli okuwçysynyň Kasyma gözi gidýär diýýärdiler.
Täzelikde oba arasynda hakykata juda golaý bir “myş” ýaýrady: Kasymyň ejesi Aknur bilen kakasy Atalyk özleriniň gulagy agyr ogullary üçin gelinlik gözleýärmişler. Entek sorap-idäp, belli–külli baran ýerleri bolmasa-da, olaryň derek ýaly, synasy sagdyn, üşükli gyz taparys diýen umytlary-ha ýokmuş. “Umytlary bolanda-da, olara synasy sagat, menikli maşgala tapdyrmaz. Kasymyň özi bilen dertdeş, ker ýa-da güň gyz gözlemeseler bolmaz” diýip, obada gürrüň edip başladylar.