Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda ençeme ýyl bäri propiskasyz ýaşap ýören paýtagtlylara şu ýylyň sentýabrynda hasaba alynmak mümkinçiligi döredi. Has dogrusy, ýurduň hökümeti birden propiska ýol açdy On bäş ýyllap propiska edilmedik adamlaryň toplumy bazar mähellesini ýada salýar. Sowet döwründe raýatlary propiska etmek, ýagny resmi ýazga geçirmek işi her raýonyň öý uprawleniýesi tarapyndan amala aşyrylardy. Propiska etdirmek üçin diňe öý eýesiniň arza ýazmagy ýeterlikdi. Häzir bolsa, bir adamy propiska etmek üçin şol öýde ýaşaýan adamlaryň ählisini (mysal üçin, öýde on adam ýaşaýan bolsa, onusyny, ýigrimi adam ýaşaýan bolsa, ýigrimisiniň hemmesini) alyp, ilki özüňe degişli öý uprawleniýesine, soňra etrabyň ýaşaýyş jaý trestine, ondan soň Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaý uprawleniýesine baryp, bir adamyň propiska bolmagyna beýleki ýigrimi adamyň razydygyny aýdyp, pasportlaryny görkezip, gol çekmeli. Eger ýigrimi adamyň biri propiska ediljege razy bolmasa, on dokuz adam razy bolsa-da, propiska etmek işi başa barmaýar. Propiska boljak raýatlar Aşgabat şäher ýaşaýyş jaý uprawleniýesine gije sagat ikide baryp, nobat bellemeli. Şeýle ýagdaýda nobatyň gündiz sagat 15-lerde ýetýär. Adamlaryň gykylygy, sögüşleri we hüňürdileri gaty uly lapykeçlik döredýär. Adamlar biri-birini iteläp, nobat ýetenden soňam, uprawleniýäniň jaýyna zordan girýärler. Şeýle kyn ýagdaýda uprawleniýä girýän adamlaryň hemmesiniň işem oňup baranok.Dokumentlerden ýene nämedir bir bolgusyz kemçilikler tapyp, adamlary yzyna kowup, olary ikinji, üçünji sapar gelmäge mejbur edýärler. Propiska möwsüminiň açylanyna iki aýyň geçendigine garamazdan, nobatlaryň yzy üzülenok. Ýerli synçylar bu nobatlar emeli ýagdaýda döredilýär we uzaldylýar diýip pikir edýärler. Aýdylmagyna görä, propiska möwsümi ýyl ahyrynda tamamlanýar. On bäş ýyllap Aşgabada propiska bolup bilmän ýörenler gyssanjyna her zada, berim-peşgeş etmäge-de taýýar bolýar. Bu taýýarlyk bir tarapdan çykalgasyzlygyň netijesi bolsa, ikinji tarapdan emeli kynçylyklardan gazanç gözleýänleriň işini aňsatlaşdyrýar. http://www.chrono-tm.org/tm/archives/415

Köneler, mtsmts tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir