Mahmyt zamahşarynyň "ýagşyzadalaryň bahary" (ashgabat, "miras", 2004) atly eserinden Şygyr: Goýma haýyr işi ertire çenli, Ertä çenli galjagyňam näbelli. Akyldar şeýle diýipdir: «Dünýäniň diňe üç zady bardyr: baýlygy, yzzaty we rahatlygy. Kim-de kim dünýäde kanagatly ýaşasa - baýlygyna gowşandyr. Kim-de kim takwa ýaşasa - yzzatyna gowşandyr. Kimiň gaýgy-gamy az bolsa - rahatlygyna gowşandyr». * * * Abu Zeýt Ensary şeýle diýipdir: «Abu Dukeýşiň ýanyna bardym. Ol syrkaw ýatan eken. Ondan: — Dünýäni nähili görýärsiň? — diýip soradym. Ol: — Göwün isleýşim ýaly görmeýärin. Erbet zamanda ýaşaýarys. Tapan jomart däl. Jomart hem tapmaýar — diýdi». Rabyganyň ýanyna zahytlardan we fakyhlardan birnäçe kişi ýygnanypdyr. Olar dünýäniň panydygy barada gürrüň edipdirler. Rabyga bolsa sesini çykarman, olary diňläp oturypdyr. Olar gürrüňlerini tamamlanlaryndan soň, olara garap: «Kim-de kim bir zady halasa, şonuň gürrüňüni köp edýändir. Ony ýa öwer, ýa-da ýamanlar. Eger siziň kalbyňyzda dünýäden zerreçe zat ýok bolsady, ol barada hiç zat agzamazdyňyz!» diýipdir. Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Eger dünýäni tanamakçy bolsaň, dünýä kimiň elinde bolsa şoňa seret». Beni Ysraýylly bir hökümdar bir şäher gurdurypdyr. Onuň gurluşygyna uly üns beripdir. Soň şäheriň gapysynda çadyr gurup, nahar taýýarlap, uly hudaýýoly beripdir. Onuň bu şäherinden hiç kim aýp tapmanyr. Diňe üç sany donly kişi gelip: — Biz seniň bu işiňde iki sany aýyp görýäris — diýipdirler. Onda ol: — O nähili aýyp ? — diýip sorapdyr. Olar: — Bu şäher weýran bolar we eýesi hem öler — diýipdirler. Hökümdar olara: — Bu iki aýby bolmadyk başga öýi siz bilýärsiňizmi? — diýip sorapdyr. Olar hem: — Hawa bilýäris, ahyret öýi — diýip jogap beripdirler. Hökümdar hem olaryň bu sözünden soň tagat-ybadat bilen meşgullanmaga başlapdyr. Birnäçe gün olar bilen bolup, ybadat edipdir. Soň olar bilen hoşlaşypdyr we olar ondan: — Sen bizde göwnüňe ýaramadyk zat gördüňmi? — diýip sorapdyrlar. Ol hem: — Ýok siz maňa öwretdiňiz, maňa hormat goýduňyz. Men özümi tanamaýanlar bilen dostlaşdym, siz maňa dost bolduňyz, maňa dogry ýoly öwretdiňiz we ahyreti tanatdyňyz — diýipdir. Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Ähli haýyr işler bir öýdedir. Onuň açary takwalykdyr. Hemme şerler hem bir öýdedir, onuň açary dünýäni söýmekdedir». Ibn Uýeýne şeýle diýipdir: «Allatagala dünýä şeýle diýipdir: «Eý, dünýä! Özüňe hyzmat edeni özüňe bendi et. Maňa hyzmat edene bolsa, sen hem hyzmat et!». Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Eger bir adam saňa: «Allatagalla dünýä lagnat etsin diýse» onda dünýä hem: «Öz Rebbine iň uly günäkär bolan guluna Allatagala lagnat etsin» diýer. Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Fyrat derýasy gyzyl bir dagdan açylyp çykýança kyýamat gopmaz. Ynsanlar onuň üstünde urşarlar. Her ýüz kişiden togsan dokuz kişi öldüriler. Olaryň her biri: «Belki, şol halas bolan mendirin» diýer». * * * Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Zamanany baş egdirip bilmersiň, şonuň üçinem oňa mylaýym bol». Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ýazyklar bolsun. Men dünýäni alyn dişleri bolmadyk garry aýal görnüşinde gördüm. Onuň ähli zynatlary bardy. Ondan: — Näçe gezek durmuşa çykdyň? — diýip soradylar. Ol: — Sanamadym. Örän köp — diýdi. Ondan ýene: — Olar öldülermi ýa-da saňa talak berdiler? — diýip soradylar. Ol: — Ýok, men olaryň hemmesini öldürdim — diýdi. Onda oňa: — Seniň galan ýanýoldaşlaryň hem nähili betbagt eken! Olar nädip öňküleriň saňa öýlenip düşen ýagdaýlaryndan nusga almaýarlar. Olar senden heder etmeýärmikäler! — diýdiler».

Köneler, Kuraldyshy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir