Baýlyk durmuşda ahyrky maksat däl-de, serişdedir, özem adam bolmagyň serişdesidir. Baýlyk entek serişdeliginde galýarka — haýyrdyr. Haçan-da ahyrky maksada öwrülende ol adamyň garşysyna işläp başlaýar we adamy zaýalaýar, ahyrsoňunda bolsa heläk edýär. Şonda adam baýlygyň elindäki serişdä öwrülýär. Adam baýlygyň däl- de, baýlyk adamyň gullugynda bolmalydyr. Şonuň üçin hem ýaşaýşyň esasy meseleleriniň biri — baýlyga gatnaşyk baradaky meseledir. Baýlyga nähili gatnaşyk bolmaly? Esasy zat baýlyga ýüregiňi bermezlikdir. Şonda sen hemişe baýlykdan ýokarda durarsyň. Adam, hakykatdan hem baýlykdan, zatdan ýokarda bolmalydyr. Çünki onuň ýaradylyşy şeýledir: Allatagala adamy nurdan-ruhdan ýaratdy, ähli baýlyklar bolsa maddadandyr, adamyň hyzmatynda bolmalydyr. Şonuň üçin hem baýlygy söýmek, baýlygy özüň bilen deň goýmak, ony özüňden geçip gowy görmek, özüňçe ýoguň hyzmatkäri bolmakdyr. Nebis seniň içiňdäki iň uly belaňdyr. Onuň başyna wagtynda nogta salaýmasaň, ol başyňy iýmän dynmaz.
Baylyk erk terezisidir!
-
akylym1989
11 years ago
- baýlyk erk terezidir.
-
phenomen2
11 years ago
- dogry
-
rainsson
11 years ago
- hak aytyanyz
-
pida
11 years ago
- baylyga erk etmegin birnache yollary barooov: 1) gozuni yumup, mert bolup tanzaniya ugratmaly!!! ine sana erk....!
-
Milashka92
11 years ago
- adamyn nebsi ynsabyndan one gecse, ahli erbetlikler bashlap biler.
sahett 11 years ago- erk teresizi...söz soñy bu...haýsy işiñ başyn başlama erk,erkeklik esasy fundament bolup durýar...erk etsedim diýen näçe är ýatyr zyndanda...gaty dogry aýdypsyñ...baýamak bir maksat oña erk ermek başga bir maksat...