Gadymy Gresiýada, Rimde we Müsürde ony diňe halaman, eýsem-de, oňa hormat goýupdyrlar. Mysal üçin, Gadymy Gresiýada Güne meňzeş bolanlygy sebäpli, onuň jadyly güýji bar diýip hasaplap­ dyrlar. Grekler bolsa, toplary deriden ti­ kipdirler we içini ýüň we guşla­ ryň ýelekleri ýaly maýyşgak önümlerden doldurypdyrlar. Bi­ raz soňra bolsa, deriden ýasalan toplary howa bilen doldurmagy öwrenipdirler. Şeýle toplary “Fol­ lis” diýip atlandyrypdyrlar. Folli­ siň kiçiräk görnüşlerini elde oý­ nalýan oýunlarda, ulurak görnüş­ lerini bolsa futbol oýunlarynda ulanypdyrlar. Müsürde topuň agajyň gabygyndan edilen gör­ nüşleri hem bolupdyr. Rimliler de­ riden ýasalan toplaryň içini injir miwelerinden doldurypdyrlar. Olarda hatda ýekelikde oýnalýan aýnadan ýasalan toplar hem bo­ lupdyr. Hindiler bolsa topuň Güni, Aýy we Ýer şaryny ýatladýanly­ gy sebäpli, ony oýnawaç hasapla­ man, oňa mukaddes zat hökmün­ de seredipdirler. Häzirki wagtda toplaryň her dürli oýunlar üçin ni­ ýetlenen görnüşleri bellidir. Ýagny woleýbol, basketbol, futbol, tennis oýunlary we suña meñzesler.

Köneler, garalawjy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir