Barjak bolsam keserip dur mertebäm, Saňa bu gün başga näme diýeýin?! Peýdasy ýok indi özüň örtemäň, Saňa bu gün başga näme diýeýin?! Wah, düşen ýeriňde ýerläbileňok, Gözýaşyň deregne gürläbileňok... Etmişleriň üçin gargabilemok, Saňa bu gün başga näme diýeýin.?! Myhmanlyga çagyrýarsyň, oýun däl, Ýöne öýüñ myhman boljak öýüm däl. Menem seni unutmaga boýun däl, Saňa bu gün başga näme diýeýin?! Gursagymda goýup giden gyýçagyň, Bildim bu gün, ömürboýy gyýjagyn. Gyz mahalyň diýipdim-le diýjegim, Saňa bu gün başga näme diýeýin?! Gülki ýerne gül ýüzüňde ünji bar, Boýnuňda däl, kirpigiňde hünji bar. Aý bolýa-da... alan oglan mençe bar.... Saňa bu gün başga näme diýeýin?!

Köneler, Friendship tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir