aýdyñ maña nähili bolar bu çarhy pelek, hiç kim para alman halal ýaşasa, durmyşyñ lezzeti baýlygy hemmäge gerek, niçik bor näkesler ölmin ýatlap ýaşasa. gezerin öýtme bay-pyýada geçip durmuş menzilin, haramlyk eder bolsa saýla ýolyñ uzagyn, belki garrap ýeke galyp ýumşar ýüregiñ, boş-boşuna gezer gämiñ tapdyrmaz soñ küregiñ. ýöne siñýär harama haramdan alan pajy, ýeri berýäñ çykalga ýok,tapdyrmasa alajy, berene ajy,iýene ajy,gün-güzeran karz ajy, dama-dama siñipdir topraga gözlerde ýaşy. bir parasat içimde "ömriñi üýtgep" diýýär, ýalñyş duýgy bar pula bagly, bilimde derek ýokdyr diýýär, dogry duýgy para boldy hemmä endik, saña maksat ondan nebsi halas etmek diýýär. sähet aýdar parañ ady sowgat boldy bu zaman, bagyşlañ ýaşyrylsa günäñ,para alyñ sag-aman, hakykat aýdanym üçin boldym men ýaman, razy bolyñ "sowgadym galmady" gargyşym gazan. sähett 4.05.2010

Köneler, sahett tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir