Dostum, aýtsam, ýüregimde arman bar, Humaýymyñ gözlerine zar indi. Bu derdime diñe shonda derman bar, Mahmal ýaly sözlerine zar indi. Umytlarym uçup gitdi ýellere, Kyn günlerim sapyp barýar ýyllara, Sowady durmushum, o:t ýok ýylnara, Melegimiñ közlerine zar indi. Asman ashak indi, ýer hopdy birden, Nämäñ nämedigin añmadym bir dem! Beýle bolaýjagyn bileýin nirden?! Söýgiñ aýdym-sazlaryna zar indi. Ömrüme barabar arzuwlam öldi, Gara bagtym aglap, keç ykbal güldi, Ýekeje zat aýan, birje zat belli: Söýen ýürek - weýran, göwün har indi! Bu gün göreçlerim nämeler görýär - Arzylanym özge ýigide ýar indi!
Zar indi!
-
Friendship
12 years ago
- degjek bolup??? Soz aytjak bolup diymek isleding oytyan...:-) Minnetdar, dost!
-
lukmantm
12 years ago
- Shahyryn yazan setirlerinde uly many bar ol shahyryn zehininin barlygyny gorkezya
kop sagbol awtor
-
yalancy
12 years ago
- Dost sagja bol sen go$gularyñ agentda hezil berýa maña
-
menbet
12 years ago
- gowy goshgy eken! tasirlendiriji((
Panasonic 12 years ago- bla dost sagja bol men humay atly gyza degjek bolyp yordim