Ýaňy-ýakynda paýtagtyň merkezindäki, il içinde «rus bazary» diýlip atlandyrylýan bazaryň et dükanynyň satyjylarynyň biri satyp oturan harydy üçin bir müň manat ($350) jerime tölemeli boldy. Ýokary gözegçilik edarasynyň işgärleri tarapyndan harydyny bazar nyrhyndan ýokary satandygy üçin uly pul jerimesi töletdirilen et satyjysy özüni hiç hili günäkär saýmaýar. Onuň aýtmagyna görä, ol diňe et dükanynyň satyjysy we dükanyň müdiriniň görkezmesini ýerine ýetirýär. Şol sebäpden hem ol Ýokary gözegçilik edarasynyň işgärleri tarapyndan özüne töletdirilen bir müň manat puly et dükanynyň müdirinden yzyna alandygyny mälim edýär. Türkmenistanda ýerli etiň bahasy gün geldigiçe ýokarlanýar. Häzir bir kilogram etiň bahasy 17-18 manat aralygynda. Üwelen etiň bahasy bolsa 20 manatdan geçýär. Ýöne muňa garamazdan, hökümet bazarda et önümlerine öz kesgitlän nyrhyny goýýar we şol nyrhdan ýokary satmagy gadagan edýär. Hökümediň bazarda et önümlerine kesgitleýän nyrhy 11-12 manat aralygy. Ýöne ýerli malyň etiniň bahasynyň pesinden 15 manada düşýändigini et satyjylar aýdýarlar. Hökümediň kontrollygyndaky bazarlarda et satýanlar bu çäklendirmelerden özleriçe çykalga agtarýarlar. Olar tarifdäki bahada diňe süňkli etleri ýa-da daşary ýurtlardan getirilýän doň etleri satýarlar. Gowy et satyn aljaklara bolsa öz isleýän nyrhyndan satýarlar. Häzirki wagtda hususy firmalar tarapyndan Türkmenistana Rumyniýadan, Polşadan, Daniýadan, Germaniýadan, Pakistandan, Hindistandan etler getirilýär. Olaryň bir kilogramynyň bahasy 10-11 manat. Süňksüz, diňe arassa etdigine garamazdan, ilat arasynda bu etlere isleg az. Sebäbi bu ýurtdan getirilýän etleriň hili pes we tagamsyz. Etleriň hiliniň pesdigini adamlar onuň möhletinden görýärler. Hökümetiň bazarda et önümlerine öz kesgitleýän nyrhyny ýöretmeginiň netijesinde et söwdagärleri halkyň şol halamaýan etlerini aldap satýarlar. Bazarlarda 12 manatdan satylýan üwelen etleriň ählisi daşary ýurtlardan getirilen etlerden. Naharhanalar, restoranlar, hatda kolbasa önümlerini taýýarlaýan firmalar hem indi diňe şu hili pes we tagamsyz etleri ulanýarlar. Sebäbi bu etleriň bahasy arzan. http://www.chrono-tm.org/tm/archives/261
Bir kilogram et üçin 1,000 manat
-
URGENCLI
12 years ago
- Ýa$ döwletde ýa$amak kyn ekeni. Bir hytayly alym aydypdyr: ''Tazeden gurnamak döwrunde ýa$amakdan huday saklasyn'' diyip.
-
eminemshock
12 years ago
- eti arzanlatjak bolsab iymin bahasyny dushurmeli bir zatjyklar edip
-
lukmantm
12 years ago
- Etin bahasy nace gymmat bolsa shoncada gowymyka diyyan
sebabi
et adamyn ömri ucin peydaly dal shon ucinem eti nace az ìýilse shoncada adam saglygy ucin peydaly (bu men pikirim)
belki men et ìýmeyanligimdendir :-):-):-)
-
URGENCLI
12 years ago
- 100 gram etde 15-20 gram belok bar we et beloga bay iymit bolmak bilen saglyga peydaly. Belok adamyn ýa$amagy ucin zerurdyr. Ýöne eti seresaply, az mukdarda iñ gowusy hepdede 3 gezekden köp iymesen gowy. Etin duzuminde özle$mesi gaty kyn bolan £elatin maddasy garta$an we garry adamlara , keselbent adamlara zyýan yetirip biler.
-
lukmantm
12 years ago
- Belki sheýledir
URGENCLI 12 years ago- Yurdumyz maldarçylyga üns bermeli. Hökumet diñe yerden çykyan gazy arzanja satyp puluna-da a$gabatda jaý gurmakdan ba$ga göze görnup duran i$ etmeyar diyen yaly. Bizde 35 million gektar meydany tutup yatan garagum çöli bar, bu bolsa maldarcylyk ucin bize hudaýyn beren pe$ge$i, emma namucindir bizde et gymmatlaya we yetmezcilik edya. Ekerancylygam sonky ýyllarda peselya meselem pagtacylyk köp raýonlarda yatyryldy, sebabi hasyl alyp bolanok. Umuman turkmen hökumeti yurtda ekerancylyk bilen maldarcylyga üns berenak, ya-da üns berse.de netije yok, gecirilyan cärelerin köpusi formal, kagyz yuzunde