1. bir adam ýarygije ylgap ýörmüş, näme üçin? Ukusy gaçypmyş, şony kowalaýarmyş 2. bir adam öýlenensoň bagtsyz bolupdyr şonuň üçin özüni içgä beripdir.. bir gün agşam serhoş bolup öýüne gelende gapyny açyp-açmanka ölüpdir. Näme üçin? Aýaly gözüne iki bolup görnüpdir. 3. bir adamyň agramy ýeňil bolsa-da ýatan krowaty döwülýämiş. Näme üçin? Ukusy agyrmyş 4. bir adam elinde sagady bolmasa-da sagadyň näçedigini bilýärmiş. Nädip? Diwar sagadyna seredip 5. serhoşlar haýsy alym hakynda “şolam bizdendi” diýýarler? Dünýäniň aýlanýandygyny birinji aýdan Galileo hakynda 6. bir gara saçly adam 18 etažly bir jaýdan aşak gaçyp ýere düşende saçy ýok eken, saçlary bolsa 2-3 sagatdan soň aşak gaçypdyr. Näme üçin? O saçyň düşmesini gijikdirýän şampun ulanýan eken 7. aýallar haýsy zady özlerinde bolsa-da ýoldaşynyňkyny alyp ulanýarlar? Familiýa 8. bütin dünýädäki adamlar haýsy kanuna islese-islemese-de uýýarlar? Grawitasiýa kanunyna 9. haýsy kapitanlar gämisi batanda gämini terk edýärler? Ýüzüp bilýänler 10. bir adam harby dabara bilen gömülmegi üçin nähili bolmaly? Öli 11. biri şkafyndan güpürdi eşidip açypdyr. Näme görüpdir? Eşikleriniň modasy geçip barýamyş 12. doktorlar näme üçin ellik geýýärler? Hassa ölse barmak yzy galmasyn diýip 13. iň baý guş haýsy? Başguş

Köneler, hazeleye tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir