Menem söýdüm söýülmedik juwany, Menden başga bagtly baryn bilmedim, Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyň Söýgi hakda söhbetini diňledim. Menem bagtly boldum ýagty dünýäde, Menden başga bagtly baryn bilmedim. Ýöne ot başynda dünýäni undup, Bagtlylaryň söhbetini diňledim. Ýok, men muny bilgeşleýin edemok, Adamlara gulak asman bilmedim. Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim. Elmydama özgeleri diňledim. Indi bilenimden ýazýaryn aýdym, Öz-özümden monça bolýan, ýeňleýän, Ýöne sähralara çykamda, ýene Özgäň düzen aýdymyny diňleýän. Gurbannazar Ezizow.

Köneler, burguttm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir