Gyz diýenmiş: “Çyn bolsa seň söýýäniň, Symrug getir – gözelligi dünýäniň..” Ýigit gyzyň buýrugyny bitiren, Uzak ýurtdan symrug guşy getiren. Ýene biri gylyç dakyp biline, Gidenmişin aždarhanyň iline. Kesip olaň kellesiniň baryny Tapanmyşyn anbar ysly bägüli. Bägül alyp ýar ýanyna gelenmiş, Aýşy- aşrat bilen meşgul bolanmyş. Menem öz ýarymy jandan söýýärin, “Buýursaň, symrug getireýin” diýýärin. Seni söýýänligime düşünip aýan, Ýaş başyňy iki ýana ýaýkaýaň. Saçymy sypaýaň. Ýylgyrýaň. Diýýäň: “Ömür goýbermerin! Men seni söýýän!” Šahyr : Gurbannazar ezizow

Köneler, burguttm tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir