Ömrümde bir sapar ýalan sözledim, Bagyşla,köşegim,bagyşla meni. Nädip aldamaýyn,saña dözmedim. Durmuşda hemme zat bolýan ekeni. Onda ýaşajykdyñ.Dil bitip ýañy, Zordan ony-muny sorap bilýärdiñ. Biri bir zat diýse,eje-kakañy Gygyryp,gapydan aglap gelýärdiñ. Derrewem öýkäñi ýatdan çykaryp, Boýuma-boýuma bökerdiñ ýene, Oýunjaklañ baryn gapdan çykaryp, Üýşürip öñüme dökerdiñ ýene. Men-de çagalygmy ýadyma salyp, Bileje oýnardym oýunjaklaryñy, Kiçijek "möjegi" elime alyp, Kowalan bolardym ''goýunjyklarñy'. Ejeñ hem "güjügiñ" böwrüne urup, "Möjegiñ" üstüne topuldyrardy. Biziñ bu oýnumyz göwnüñden turyp, Seni jak-jakladyp,köp güldirerdi. Ümbilmez çagadyñ.Bütin dünýäni Suw-sil alaýsa-da habaryñ ýokdy. Señ bagtyñ üstünde turýan gowgany Saýgarara aklyñ ýetişenokdy. Şonda meýletinlik lybasym geýip, Wagona münemde Aşgabadymdan. "Kaka,kaka,nirä gidýärsiñ?"diýip, Gözleriñ sykanyñ çykmaz ýadymdan. Seni köşeşdirmäñ alajyn tapman, "Daýyñlara!"diýip,aldapdym şonda, Gol bulap galañda gözleriñ gyrpman, Wagondan posalar ýoldapdym şonda. Aşgabatdan gidip,Berline çenli, Ýeñiş bilen gaýdyp geldim sag-aman... Ne şo güne,ne-de şu güne çenli- Adam oglun ýeke gezek aldaman, Aldapdym şo gezek,aldapdym seni, Bagyşla,bagyşla köşegim, Bagyşla meni!
Ömrimde bir sapar ýalan sözledim (1955)
-
Dirol
12 years ago
- Sag bol yetireniñe
-
eminemshock
12 years ago
- Kerim sahyr diysen manyly gosgular bar yone men son bir gosgusyny halamok menin yigit wagty senin gyz wagtyn diyen gosgusyny manysyna dusunsen yaman erbet gosgy
-
makgush
12 years ago
Kerim sahyr diysen manyly gosgular bar yone men son bir gosgusyny halamok menin yigit wagty senin gyz wagtyn diyen gosgusyny manysyna dusunsen yaman erbet gosgy
eger kyn görmeseñ manysyny gysgaça aýtsana eminemshock
eminemshock | 2012-09-13 04:08:14
kerim aga sözüm ýok, sagbol awtor ýetireniñe.
sahett 12 years ago- Kerim Gurbannepesow "Oýlanma Baýry"