Real Madridiň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kristiýano Ronaldonyň geçen günlerde klubda özüniň rahatsyzlygyny bildirmeginden soň öz klublaryna geçirmek üçin Mançester Sitiden teklip gijikmedi İspaniýaň AS gazetiniň internet saýtynda ýer alan habarda iňlis kluby Real Madride, menejeri Jorj Mendezi iberip, Kristiýano Ronaldo üçin 200million ýewrolyk teklip we Portugaliýaly ýyldyza ýyllyk hem 20 million ýewro tölemäge taýýardyklaryny belli etdiler. Habarda goşmaça ýerleşdirilen "200 million ýewro berseler Ronaldony satarsyňyzmy?" ses berlişik anketasynda 30 müň okyjynyň 86%-i "howwa" diýip jogap berdi. Real Madridiň geçen ýyl La Ligada çempion bolmagynda uly roly bolan Ronaldonyň satylmagy bilen bagly bolan bu teklibi Realyň ýolbaşçysy Florentino Perez ret etdi.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir