Pomirdorly, burçly ýumurtga Ulurak bir pitä (kastrula) ýag pomidor we burç goýup bir çilim ýakýaňyz. Çilimiňiziň ilkinji küli ýere düşmänkä ýumurtgalary çakmaly. Ýumurtgalary çakyp galan çilimiňizi gutaryň. Bişendirlaý, ojagyň aşagyny öçüräyiň. Burçly, pomidorly ýumurtga Her gün pomidorly burçly ýumurtga iýip ýadan bolsaňyz edip biläýjek iň aňsat naharyňyz edil pomidorly, burçly ýumurtga ýaly bişirilýär. Makaron Bir piti dolduryp gyzgyn suwa makarony paketinden boşaldyp futbol görmäge başlaýas. 1nji 45 minudyň ortalarynda ojagyň aşagyny öçürýäs. Pitiniň içinden makaronlary seçip, galanlaryny kafele dökýäs. Eger ýapyşsa bişendiginiň alamaty. 1nji taýmyň soňuna gelende pitiniň içinde suw bar bolsa gapagyny ýapyp beýleki kirleriň üstüne goýýas. (şeýtsek aşakdaky kirler arassalanýar hemde makaronda wilka bilen iýip bolýar). Üstüne ketçup goşmagy unutmaly däl. *bellik: kafele döken makaronlaryňy käwagt arassalaň bolmasa kafeliň reňkini üýtgetýär. Duzly makaron Bişirilişi edil makaronuňky ýaly. Bir tapawudy bar olam makarony suwa atmankaň duz goşmaga akyl ýetirýäs... şeýle has tagamly. Kartoşka gowurmasy Iň aňsat naharlardan biri. Kartoşkalary ardyp, barmak ululygy ýaly dogramaly we gaýnan ýaga atmaly. Etmeli ýekeje işiňiz aşagyny wagtynda öçürmeli. Bolmasa pitiniö ýanmagy mümkin. Hemem beýleki naharlarda edişimiz ýaly nahary pitide iýip bilemizok. Hökman tabaga goýmak gerek. Şu kyn diýäýmesen galan zatlary aňsat. Taýar pizza. Pizzamyzy peçe salyp bişmegine garaşýas we soňra peçden çykaryp ýanan ýerlerini pyçak bilen aýyrmaly. Üns berilmeli zat pyçak bilen köýen ýerlerimi aýyramyzda köýündiler aşhanamyzy hapamalazlykdyr. Taýar şişlik. Bu azajyk kynrak nahardyr. Bir mukdar ýagy teflon pitiniň(aşagy ýapyşmaýan) içine inçe edip düzmeli. Şişligiň eti pitiniň reňkine gelmänkä aşagyny öçürmeli. Şol sebäpde hökman başynda seredip durmaly. Konserwaly nahar. Bir mukdar ýag we konserwanyň içindäkini pitä guýmaly we üstüne suw guýmaly. Bişmesi biraz köp wagt alýar. Şol sebäpli başynda seredip durmak hökman däl. Gidip telewizor görübermeli. Her gezek ýanýany üçin menä taganynam bilemok welin konserwaň daşyna seretseňä tagamly zada meňzeýär. Üns bermeli ýerler: 1) Naharlary elmydama pitiden iýiň. Şeýtseňiz tabaklary kirletmezsiňiz. 2) Hiç haçan palow etmäň. Kartoşkaly etseňizem aşagy hökman ýapyşar. Ejeňize bişirdiň özi biler. 3) Nahara hökman sogan goşmaly bolsa hiç haçan sogany ellemäň. Artýan wagtyňyz elleriňiz yslanar. Tagtanyň üçtünde 5-6 gezek pyçak bilen uruň. 4) Kartoşka gowuraňyza hiç haçan daşyny artmaň, ýaga ataňyzda ýarylyp başlaýar. 5) Nahar hiç haçan öz özünde hereket etmez. Eger öňräkki eden towukly naharyňyz gymyldaýan bolsa iýäýmäň, gurtlandyr. 6) Gök-önümleri bişireňizde witaminleri ýitýändir şonuň üçin elmydama çyglygyna iýiň. 7) Garpyz tabaga goýulyp iýilýan zatdyr. Ikä ýaryp ortasyndan çemçe bilen iýmek has amatly. 8) Öňler dostlarymdan gulagyma ilişen zatlar bardy. Aşhana roboty diýen zat bar eken. Birden begenip gitdim. Ay barybir robot bar eken näme üçin ýyllardyr özüm nahar edip kösenip ýörüpdirin diýip özüme gaharym geldi. Derrew birini edindim. Öýe gelip gutusyndan çykaramda dogrymy aýtsama biraz gynandym. Men gözöňüme ufo ýaly bir zat gelipdi-dä. Bu zat ýönekeý pitiniň plastika hili eken. Içinde-de wentilýator ýaly bir zada bar.gutynyň içinden Şuňa meňzeş müň dürli biderek zatlar çykdy, işe ýaraýandyr öýdemok men-ä. Aý bolýar, toka dakdym bu zady. Içinede 1 sogan atdym. Hany göreli näme ederkä diýip garaşdym. Soganyň daşynam ardyp bilmedi “eşek” diýsänim. Sogany bölek-bölek etdi. Gaharyň gelip ýelmäp goýberdim, ana dur tomusdan bäri. Käwagt şonuň wentilýatoruny kompýuterime dakyp işledeýin diýänem welin... şeýdip peýdaly bir zada ýaradaýmasam bolmasa gury pul sowmak. Gelejekde aşhana androidi çyksa almakçy.

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir