Sahabalaryň arasynda ýetişen bir ýigit wepat edipdi. Sahabalar ony topraga ýerleşdirmek islänlerinde, toprak ony kabul etmänndi. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanansoň, sahabalar ýagdaýy pygamberimize bildirdiler. Pygamberimiz şol ýigidiň jesedine seredip, ýagdaýa düşündi we sahabalaryna: - Gidiň, bu ýigidiň ejesini getiriň! – diýdi. Sahabalar onuň ejesini getirenlerinde, pygamberimiz oňa öz oglunyň üstünde hakynyň bolup bolmanlygyny sorady, şonda ýigidiň ejesi: - Men ony dokuz aýlap garnymda göterdim, soň ony dogurdym, soň ony emdirip ulaltdym, gijämi gündiz edip oňa seretdim, ahyr soňy ony öýlendirdim. Öýlenýänçä maňa oňat seretdi, soň bolsa, ýanýoldaşynyň mährine ganyp, onuň aýdan we islän ýalňyş zatlaryny hem maňa rowa gördi, meni hem diňlemedi. Bu babatda meni köp gynandyrdy, hawa, şol sebäpli hem meniň oglumyň üstünnde hakym bar – diýipdi. Pygamberimiz ondan ogluna hakyny halal etmegini haýyş etse- de, ol razy bolmady, şonda Pygamberimiz sahabalara: - Gidiň, köp mukdarda oduun toplaň we şu jesedi ýakyň! – diýdi. Muňa ene ýüregi çydam edip bilmän şol zenan Pygamberimize: - Size haýyş edýän, oglumyň jesedini ýakmaň! – diýdi, şonda pygamberimiz: - Sen ogluň pany bolan öli jesediniň ýakylmagyna razy bolmaýarsyň, emma welin ogluň sen oňa hakyňy halal etmedigiň müddetçe, baky älemde hem ruhy, hem-de bedeni bilen has köp we has güýýçli jeza çeker, biz hem saňa şony düşündirmek uçin, şeýle etmeli bolduk – diýipdir. Şonda şol zenan ýagdaýa düşünip, ogluna bolan hakyny halal edipdir. Şondan soň onuň jesedini hem ýer kabul edipdir. Başga bir hadysda şehidleriň hem gul(bende, ynsan) hakyny ödäp, onsoň Jennete girjegi beýan edilýär. Haja giden musulmanlaryň hem ähli bergilerini dynyp, ynsanlara ähli haklaryny halal etdirip, wesýetlerini hem edip Käbä gitmekleri ündelýär. Ejelerimiziň hakyna galmazlyk we ynsanlar tarapyndan ähli haklarymyzyň halal edilmegini Beýik Biribardan dilemek bilen!

Köneler, Makestm tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir