Muhammet aleýhyssalam: - Gahar-gazap adam ogullarynyň ýüregindäki otly kesindi ýalydyr. Eýsem-de, siz adam gaharlanan çagy gözleriniň gyzarýandygyny, gabarylýandygyny göreňzokmy? Gaharly adam dik duran bolsa otursyn, oturan bolsa, ýassygyna gyşarsyn ýa-da gahar-gazabyny köşeşdirmek üçin Taňra sygynsyn! — diýipdir. *** Lukman Hekim: - Gahar-gazabyny basyp bilmeýän adam kämil adam däldir! — diýipdir. *** Adam gaharlanan çagy Hudaýyň gazabyna has golaý barýandyr. Pygamber: - Söweş wagtynda deň- duşundan üstün çykýan adam batyr däldir. Gaharlanan çagy gaharyndan rüstem gelip bilýän adam hakyky batyr adamdyr — diýipdir. *** Men gaharlanan çagym dessine: - Gahar-gazaby kim oňarmaýar! Hany, zor bolsaň, şu mahal ýylgyrmany başar — diýip, özümi synaga salýaryn. *** Derýalar gazaplansa, hanasyny weýran edýär. Adam gaharlansa, öňi bilen, özüni weýran edýändir. Gahar-gazap howply beladyr, sebäbi gaharyň golunda ajaldan ýasalan hanjar, ýyldyrymdan ýasalan tüpen bardyr! Dünýäniň uly-uly uruşlary kimdir biriniň gahary zerarly turmaýarmy? *** Adamyň kalbynda ýagşyzadalyk hem wagşyýanalyk bar. Adam gaharlananda wagşyýanalygyň goluna düşüp, adamçylykdan aýrylýar. *** Aýdyşlaryna görä, Hoja Ahmet Ýasawy gaharlanan çagynda möňňürip aglarmyş, ondan aglamasynyň hikmetini soranlarynda ol: - Eý, Allam, gör, men senden naçe daşda ekenim diýip aglaýaryn — diýipdir. *** Ýangyn tutaşsa, ony suw bilen öçürýärler. Emma adam gazabyny ýatyrar ýaly jadyly suw ýok. Ony diňe akyl-parasat bilen ýatyrmaly. Gaharlanan adam parasadyndan jyda düşýär, oňa gapdalyndaky adam delalat bermeli. Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol bermeli däl. Uruşjak bolup duran iki adamy aýryşdyryp, ýaraşdyryp goýbermek sogaplaryň iň ulusy. *** Soltan Alp Arslan bir gezek gaharlananda, özüne bäs gelip bilmän, birine gamçy çalypdyr. Soňam ol puşeýman edip, wezir- wekillerine : - Siz näme diýip meni saklamadyňyz? Köşgüň wezir- wekilleri, nedimi soltanyň gazabynyň gyny bolmaly dälmidir? - diýip, olara käýäpdir. *** Eziz ýaşlar! Türkmen: «Gahar — kapyr!» diýýändir. Gahar adamy köp sanly ýaramazlyklaryň üstünden eltýär. Adam öz gaharyna, erkine jylaw salmagy, özüne erk etmegi başarmalydyr. Ata-babalarymyz gaharly wagtyň netijä gelmeli däldigi, hiç iş etmeli däldigi barada ýöne ýerden wesýet galdyrmandyrlar. Giňlik, geçirimlilik, her bir türkmene mahsus bolmalydyr. Gahar bilen aljak galaň, ýetjek menziliň bolmaz. Geçirimlilik, sowukganlylyk, paýhaslylyk adamyň durmuşynyň rowaçlygynyň kepilidir.
Gahar. 2
-
pida
12 years ago
- Yene-de yetirip dur!
-
Amanmyratgeldisapargulynazardurdymuhammet
12 years ago
- Obshom gaharlanmaly dalda...
-
Yegen
12 years ago
- Dogry aydylan zatlar
-
Jemka91
12 years ago
- Minnetdar gowy ýazgy
pida 12 years ago- Sagja bol!