Ors imperiýasy 1879-nji ýyldaky Türkmen Teke taýpasyndan ýeñilgini utanç hasaplaýar, Türk-Ors söweşlerinde at gazanan general Skobeleve, has güýçli goşyn bilen Türkmenistana täze ekspedisiýa guramasy tabşyrylýar. Birinji söweşde epesli adam ýitiren tekeler, oruslaryñ täze eskpedisiýasyna daýanyp bilmeýär we Gökdepe galasynda uruşy dowam etdirýär. Iñ soñynda gala ýykylýar we müñlerçe teke türkmeni öldürilýär. Not. Skobelev bir hatynda, "Tekeler ýer kartasynda bir gara nokat, we o gara nokat pozylmaly" diýen sözleri barmyş. Generalyñ türkleri yigrenedigini, şo sebäpden hem Gökdepede müñlerçe günasyz ynsanyñ öldürilendigini hem aýdýarlar. Gokdepedaki Saparmyrat Nyyazow Hajy metjidi 1881-nji ýylyň 12-nji Turkmenbasyda ir bilen 11 sagat 20 minutda 1 tonna 120 kilogram därini galanyň gündogar böleginde partladyp, oňa girmäge mümkinçilik gazanan rus goşunlary eýýäm 12 sagat 30 minutda galanyň içinde aljyraňňylyga düşen adamlary uçdantutma gyryp ýördüler. Duşmanyň 1 million 140 müň oky bardy. Ol oklar galanyň içine ýygnanan 45 müň çemesi türkmene garşy atylmalydy. Elinde sowuk ýaragdan başga idili söweş esbaby bolmadyk her türkmene 25 okdan ýetýär. 23 günläp gabalan galanyň içine 872 müňden gowrak tüpeň oky we 120 müňden gowrak top oky atylypdyr… Şahyr Gurbannazar Eziziowyň sözleri bilen aýtsak bir başa bir ölüm ýeterlikkä, bir başa 25 ölüm artygrak dälmi? Ýöne gala ýygnananlar Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muňa boýun alykdylar. Olarda esasy maksat Watan üçin jan bermek, şehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara başy gurban etmegiň diňe sözde däl-de, durmuşda nähili bolýandygyny görkezipdiler. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iň uly baýlygyň, iň gymmatly mirasyň biridir. Olar bize Watany söýmegiň asyl nusgasyny goýup gitdiler.

Köneler, asdas tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir