Sahylyk, batyrlyk yene shahyrlyk, yashlykdan guylarmysh ynsan ganyna: ozal berilmese, chekmegin horluk, basharmajak zadyn barma yanyna. ***** konluni gin sakla, belent tut bashyn, sana hormat goysun towerek-dashyn, gazana guyulan chuwala girmez, hergiz mal saymagyn bishiren ashyn. ***** del ojakda uzak duzyn epmersin, kishi nanyn iyip dasha chapmarsyn, her ish bolsa kine etme dogandan doganyndan ozge dost-yar tapmarsyn. ***** yalanchylyk uzak chapmaz, yetdirer, towekgel hich utmaz ozun utdurar, eger chenden asha ynanjan bolsan, ynanjanlyk sony pushman etdirer. ***** gyshdaky geyjegin tomus alyp goy, beren pendim kukregine salyp goy, il gunakar daldir senin bolshuna, sower dosdum, oz-ozuni bilip goy. ***** chyn dost bolan ynjytmayar dostuny, seljermegi bashar kemi-kostuni, her yerde-de bolsan eziz jan balam; bilewergin oz durmaly postuny. ***** soygul, adalatly howandar bolgun, adalaty yigrenyane mar bolgun, pul adamyn dilin-bashyn aynydar. Dowlet gelse, shondan habardar bolgun! ***** ka mahal hyyalyn bulashar serde, gam layyna batyp galarsyn derde, eger doz gelmesen gamyn labyrna, kakan beren pendin yatla sho yerde. Pyhy Taganow
Dana gojanyn wesyetlerinden
- 
                Bahbit
                13 years ago
                
 - dayy kop kop sagja bol yetirenine gowja nesihatlar eken
 
- 
                Bahbit
                13 years ago
                
 - dayy kop kop sagja bol yetirenine gowja nesihatlar eken
 
- 
                Bayramsoltan
                13 years ago
                
 - Sagbol dayy yetireninge. Pyhy taganyng degishmelerem gowydyr
 
- 
                5yyldyz
                13 years ago
                
 - sagja bol ýetireniñe daýyshka, ýene ýazyp dur.
 
- 
                akgultm
                13 years ago
                
 - beh yazylan zatlar yuregine juk bolyaray durmushdan ...
sogja bol dayy 
- 
                Phenomen
                13 years ago
                
 - Oran gowy tanyr yalkasyn
 
- 
                hakykygyz
                13 years ago
                
 - Hormatly agza yetirenine sag bol.pyhy taganyn degishmelerinem gawy goryan pahyr gawy adamdy.
 
Kuraldyshy 13 years ago- Ýetireniñe köp sag bol daýy,  gowy nesihatlar. ("alsañ nesihatdyr, ýogsa pesihat" diýi$i ýaly, nesihata eýermek gerek )