Gülüm, gelgin meniň ýanyma her gün, Yürekler küýseýär birek-biregi. Umytly ýollarda ganatyň gergin, Eý, bagtymyň guşy, ömrüm diregi! Mesgenim bar hol gerşinde gaýanyň, Daglar syrdaş boldy köňül yşgyma. Buýsanjym, umydym, arzuw- hyýalym, Bir pursat seýle gel söýgi köşgüne. Yaşlyk-da, söýgi-de ötegçi, bilýän, Ahlisi gursakda joş bolup galar. Bir ýanym guşlykdyr, öýledir beýläň, Dünýäde ähli zat düýş bolup galar. Her halda ýigrençden beýikdir söýgi, Duşuşyklar aýralykdan ezizdir. Bizi bir-birege baglaýan duýgy, öçüp gitmez, kalbymyzdan henizler. Seni han eýläýin yşgyň tagtyna, Saňa çemen bogsam güllerden, serwim! Omürler şeýle bir bolar bagtyýar, Yhlasynda soňlanmajak bu söýgim… Awtory nabelli
Soygim
-
akylym1989
12 years ago
- ýazgylaryňyz üçin sag boluň friendship
Makestm 12 years ago- söýgi söýgi sagbol temaña