Salam agzybir agzalar.hemmanizinem ýagdaýlanyz gowydyr diýip allatagaladan umyt etýan.menem kop wagt bari mowzugam açmansan shu goshgyny gowy gorenson size-de ýetiraýin diydim.(bolýar,sag bolun) süleýman pygamberiñ dawa çözüshi. Iki aýal bir çaganyn ustunde dawalashyp,barýar shanyn arzyna. Pygamber hem haýal etman,dessine çykanmyshyn dergahinin agzyna. Soranmyshyn:-ýeri,näme dawañyz, jedeliñiz näme?aýdyñ siz derrew... Bir aýal ýüzüne bakyp çaganyñ, diýýär:-men dogurdym,hiç kime bermen... Soñ beýleki aýal sözleýar assa: -bu çagajyk meniñ eziz balamdyr. Ol menden aýrylyp,bashga ýurt tutsa, dünýani göçürjek ahy-nalamdyr... Sheýdip,iki aýal deñ dawagärmish. Süleýman pygamber ahli dawany oran adyl,oran dogry çözýarmish. Ýeri,kime bermeli bu balany? Pygamber oýlanyp durýar ep-esli, iki aýalyñ haýsy hakyky ene? Soñra bolsa çykarmazdan sesini öz almaz gylyjyn alýar ol ele. Diýýar:-häzir ikä böljek çagany, her haýsyña onuñ deñ ýary ýeter.- hem gülüp,hem aglap birinji aýal, öz-özi hosh bolup,ýylgyrýar ýeser. Bashyn ashak salyp,ikinji aýal, diýýar:-shahym,öldürmañ siz çagany, ony siz dawagär aýala beriñ, menem göge götermäýin nalamy. Çagam diri galsa,shol hem bes maña, kimde bolsa bolsun,ýöne ölmesin. Goý,ulalsyn özgañ öýünde,belki, ýigit çykyp,tanar garyp enesin... Shonda göz ýetirýar adyl sha olañ haýsynyn çagany dograndygyna. Bu waka bolupdyr on müñ ýyl ozal, çyn ene gowshupdyr oglanjygyna. "a.atabaýew"

Köneler, hakykygyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir