NAHAR iýmäniň Sünnetleri:
1- Iýip-içmänä başlan wagtyň Besmele çekmek (bismillah diýmek), [Her kime ýatlatmak maksady bilen gaty ses bilen aýdylyp biliner.]
2- Naharyň soňunda (Elhamdülillah) diýmek,
3- Nahrdan öň we soňra el ýuwmak, [nahardan öň birinji ýaşlar, nahardan soňra bolsa birinji garrylar el ýuwar.]
4- Sag el bilen iýip içmek,
5- Tabagyň gyrasyndan, öz öňüňden iýmeklik,
6- Sag aýagy dikip, çep aýagyň üstüne oturmak,
7- Nahara duz bilen başlap tuz bilen gutarmak, [Bu şypadyr. Birinji we soňky iýmit çörek bilen başlap we çörek bilen hem tamamlanyp duza niýet edilse, bu sünnet ýerine ýetirilen ýaly bolar.]
8- El bilen iýilip bolýanlary, üç barmak bilen iýmek,
9- çörek bilen garpyz iýýän wagtyň, çöregi sag eliňe alyp, soňra garpyzy çep eliň bilen iýmek,
10- Tabakda galan nahary syryp iýmek, [çal,gatyk ýaly zatlaryň soňuna suw guýup , çaýkap içmek köp sogaplydyr. Soňra iýemek şerti bilen, tabakda, käsede iýmit artygyny goýmak bolýandyr. Resulullah pyhemberimiz (saw), mümüniň artygyny iýmäni gowy görerdi.]
11- Eliňi ýuwdan öň, barmaklaryňdaky nahar galyndylaryny ýalamak,
12- Nahrdan soňra dişleri miswak ýa-da çöp bilen tämizlemek. Dişleriň arasyndan çöp bilen çykarylan zatlary ýuwutmaly däldir. [Bu tämizligi grandyň başynda edip, diş arasyndan çykan galyndylary, suw bilen akydyp goýbermeli, bu hereketleri saçak başynda edip otaýdakylary ýigrendirmeli däl (tisgindirmeli däl).]
Naharyň sünnetleri
-
Makestm
12 years ago
- Sagbol ýetirenine
-
akylym1989
12 years ago
- kurbi sag bol paýlaşanyňa
-
menbet
12 years ago
- sag bol akylym! Ozune sapak edinaymeli tema eken.
-
mirasymyz
12 years ago
- Kurbi dost, menem birazajyk bilýänjelemmi goşaýjak:
-Naharyň başynda süýji söhbetler etmek, mysal üçin Şeýtan, jyn, azap, dowzah, gabyr, gorky ýaly işdäňi kesjek gürrüňler dälde gowy gürrüňler etmek.
-Nahar alynanda gyzgynlygyna almaly däl.
-Nahar alynanda boş saçaga alynmaly dälde saçagyň başynda otyranlara alynmaly (türkmenlerimiz nahary garaşdyrma diýýändir).
-agzyňa salaňda az salyp köp çeýnemeli
Bir gün Pygamberimize s.a.w. bir döwletiň patyşasy tebip ugradýar. Tebibem bir jaýda geljek müşderilerine garaşyp 1 aý, 2 aý otyrýar. Ahyry keselbent adam gelmänsoň ýaňky tebip Pygamberimiziň ýanyna baryp arzyny düşündirýär. Pygamberimiz s.a.w tebibe şeýle jogap berýär:
Biziňkiler ajygmana iýenok, doýmanam aýrylýar
andrey 12 years ago- haa sag bol gaty gowy