Angliýa futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň taryhynda 7 gezek gatnaşyp, 2 gezek ýarym finalda, 1 gezek çärýek finalda, 4 gezegem toparçadan çykyp bilmän ýeňildi. Angliýa 1968-nji ýyldaky çempionatda Ýugoslawiýadan 1-0 ýeňilenden soň 3-nji ýer üçin oýnalan oýunda SSSR-i 2-0 ýeňdi. Angliýanyň mundan soňky toparçadan çykandan soň 3 oýnunda hem oýun 11 metrlik jerime urgularyna galdy. 1996-njy ýylda çärýek finalda Ispaniýany penaltydan 4-2 ýeňen Angliýa ýarym finalda Germaniýa bilen 1-1 oýnalan oýundan soň penalty urgylaryndan soň 6-5 ýeňildi. 2004-nji ýylda bolsa Portugaliýa bilen çärýek final oýunlarynda esasy wagtda 1-1 we goşmaça wagtda 2-2 bolan undan soňky 11 metrlik jerime urgylaryndan soň 6-5 ýeňildi. Angliýa ýewropa çempionatlarynda hiç wagt finala galmady we 2012-nji ýylda çärýek finala galan 8 ýygyndydan finala gatnaşmadyk ýeke-täk ýygyndydyr.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir