Ilki bilen talyplar.com saýtynyň adminstratorlaryndan bir haýyşym bar. Teklip diýseňem boljak. Şu ýewropa çempionatyna bagyşlap dowam edýän Prognoz Turnirimizde ýeňiji bolan agzalaryň şahsy maglumatyna ýeňiji bolanlary hakynda maglumatam goýup bolsa sizem öz goşandyňyzy goşdugyňyz bolardy. Käbir agzalar bu ýaryşy ýörite iş edinip gurnapdyrlar we sowgat üçinem çykdajy eden bolmaklary ahmal. Mydama gurnalyp duran bäsleşik däl, şonuň üçin admin, sizem teklibimizi kabul etseňiz begenerdik. Indi geleliň donbass arenada bolan oýuna! Meýdançanyň ortarasyna geçip, emine topy bermän üstünde otyryp bilýän Eýsebionyň Okuwçylarynyň "biziň garşydaşymyz kim bolarka" diýip pikirlenmeleri iki sutkadan uzaga çekmedi. Elbetde olaryň garşydaşy Ispaniýa ýa-da Fransiýa bolmaly. Şu günki bolan Ispaniýa-Fransiýa oýnunda habi alonsonyň 19min we 90+1minutlarda salan pökgüsinden soň, Portugaliýanyň ýarym finalda "gujak açyp" garşylajagy Ispaniýa bolup galdy. Aşakda bolsa 27 oýundan soň agzalaň eýýeleýän orunlary bilen tanyşdyrjak.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir