Isgender bir topar nökeri bilen Filosof Sokraty ýörite gözläp, Huzuryna gol gowşuryp barypdyr, Oňa ýüzlenipdir çynlakaý sözläp: “Senin tarypyňy kän eşitdim men, Beýikligňe buýsandym men gaýbana. Bu ýere sowuldym ýolumdan galyp, Rugsat ber hyzmaty borjum saýmaga. Dile menden göwnüň näme islese, Möhümiňi bitireýin dessine...” Sokrat oýa batyp, dymypdyr uzak, Bu teklipden aýylýan deý essine. Çydamsyz görnüpdir açgöz nökerler: “Çüwdi bagtyň, dile dünýe malyny!” Jogap gaýtarypdyr akyldar goja, Bassyr-ýussur etmän päk hyýalyny: “Ýeke dilegim bar senden, hökümdar, Haýyşym bar, miltim ýokdur talaba. Günüň şöhlesine kölege salýaň, Gaýrat et-de, süýşsene bir tarapa!” Dabarasy daglar aşan hökümdar Garyp akyldara edipdir tagzym. Soňra iki elin serip asmana, Diýipdir: “Bir gezek ýalňyşdyň, Taňrym! Sokratyňky kibi akyl deregne Nämüçin elime ýarag tutdurdyň? Dünýäň gylla ýaryn tabyn etsemem, Pukara bir filosofdan utdurdyň. Eger-de Isgender bolmadyk bolsam, Men Sokrat bolmagy arzuw ederdim. Nädeýin, emriňe bolmaly kaýyl, Ykbalymdan nalyş etmek – ne derdim?..” Biziň eramyzdan öň bolup geçen O duşuşyk rowaýatmy ýa çynmy. ...Kä depäňde ganat şuwlasa, adam, Gowja seret – baýguşmy ýa laçynmy.
Gowja gosgy yone men yerbe yer goyup bilmedim bagyslarsynyzda hormatly okyjylar
-
Yegen
12 years ago
- Sag bol Bahbit, yene paylashyp dur
-
1merdan
12 years ago
- Ömrüň hol öňünden abraý ýöresin.
Şöhrat bilen abraý çalyşsa ornun
Adalat, hakykat kaýdan döresin?!
Aýdylan: «Abraý bir Şöhrat ýöremesin ömrüň öňünden,
gyrkylan erkeç»,
Bir sypansoň aňsat-aňsat tutdurmaz.
Ol özüne baha keser, özüni
Şöhrat kimin gara şaýa satdyrmaz.
Şöhrada ýetmegiň müň bir ýoly bar,
Diňe ýeke-täkdir abraýyň ýoly...
Geç kerwen deý üýren itiň deňinden,
Bolsun päk arzuwdan gursagyň doly.
Şöhrady gazanýar kimse der bilen,
Kimse ony satyn alýar zer bilen,
Kimse oňa ýetýär ýalbaryp, diläp,
Kim lebini ýalap, guýrugyn bulap.
Abraý – dag başynda mumyýa kybap,
Ret eýlär günäňi, baýdagy – sogap,
Gazansan – aperin! Ýitirseň – nälet,
Senden, diňe senden soralar jogap!
-
1merdan
12 years ago
Şiraly Nurmyrat
Kelläň daşy içi deýin bulaşyk...
Aýralygyň nä kemi bar ölümden?!
Bir setir gaçanok kagyz üstüne,
Galam gaçýa sandyraýan eliňden.
Agşam dokuzdan soň, ir dokuzdan öň
Ençe million ýaşaýjyly şäherde
Ýekeje adam ýok jaň eder ýaly...
Nirde galdyň garyp mekan –
Bäherden?
Senem indi üýtgedipsiň adyňy,
Saňa täze at berlipdir – Baharly.
Ýylan köp süýrendi ýurduň teninde,
Iki dili bir-birinden zäherli.
Öňler tozap ýatan oba hasaplap,
Seni terk etmegi arzuw ederdik.
Bu gün samsyk başy elde göterip,
Saňa tarap dähedemlep giderdik!
Bäri goýberenok. Aňry alanok --
Iki jahan owarrasy boldukmy?
Eltjek bolup gara başy ak güne,
Ar-namysy budumyza çaldykmy?
Bärde aslyşýan ýok «gitme-dä» diýip,
Aňyrda «gel» diýip gujak açýan ýok.
Bärde «gün ýaşdy» diýp aglaýan gyt
däl,
«Daň atdy» diýp begenýänler
görnenok.
Oňa derek ýat asmanyň astynda
Gara gybat ak baýdak deý parlaýa.
Aziýada demin yzyndan alan
Ýewropada ýolbars bolup arlaýa!
Partiýa, gurama, jemgyýet, topar...
Dört alaşa bäş aýlawda çapylýa!
Sen «Haýwanlar partiýasyn» döredäý –
Gör, şoňa-da ylgap girjek tapylýa!
Hawa, kellä bagly ýagdaýy ýurduň:
Oňam daşy içi deýin bulaşyk.
Aralykda millet düşekde ýatyr,
Ilde ýok bir agyr derde ulaşyp.
Bizem bärde «il-gün» diýip, «halkym»
diýp,
«Watanym» diýp bokurdaga bat
berýäs.
Ýurtdan çykyp gaýdanlara «zor» diýip,
Galanlara «gullar» diýip at berýäs.
Ýat illerde hojaýynmy özümiz –
Öýündäki halka «gul» diýer ýaly?
Aňsatmyka ýetäýmek bir maksada,
Ýük edinip dürli-dürli hyýaly?
Egne aljak bolýas ýurt garamatyn,
Başarjakmy, ýokmy – oňa garamzok.
Il görgüli bizden haraý gözleýä,
Bizem bärde öz başymyz çaramzok.
...Hawa, aýralygyň lybasy gara,
Hasam gara ajalyň ak kepeni...
Bilýän, Bäherdenim ýoluma garap,
Şindem dokap oturandyr keteni.
-
1merdan
12 years ago
- umuman sag bol Bähbit dost
-
Bahbit
12 years ago
- merdan bulam siraly aganyn gosgysymy
-
1merdan
12 years ago
- howwa aý el ýzünde bary paka bul,
-
Bahbit
12 years ago
- dost ertir gundiz agende girsen habar etsene gayrat etde
-
1merdan
12 years ago
- aha bahbitjan jaň edäýerin arkaýyn bol
-
Shahyrjyk
12 years ago
- Sagbol Bahbit aga!
bar bolan yokluklaryn omruni yashayaryn,
yshklar-hyyal, erkinkik-zyndan kysym ymarat.
Garshyma bakan cagym tak Allahy goryarin,
yokluk atly bu dunya barlykdan bir ysharat
Nejip Fazyl Kysakurek
-
1merdan
12 years ago
- Isgender bir topar nökeri bilen
Filosof Sokraty ýörite gözläp,
Huzuryna gol gowşuryp barypdyr,
Oňa ýüzlenipdir çynlakaý sözläp:
“Senin tarypyňy kän eşitdim men,
Beýikligňe buýsandym men gaýbana.
Bu ýere sowuldym ýolumdan galyp,
Rugsat ber hyzmaty borjum saýmaga.
Dile menden göwnüň näme islese,
Möhümiňi bitireýin dessine...”
Sokrat oýa batyp, dymypdyr uzak,
Bu teklipden aýylýan deý essine.
Çydamsyz görnüpdir açgöz nökerler:
“Çüwdi bagtyň, dile dünýe malyny!”
Jogap gaýtarypdyr akyldar goja,
Bassyr-ýussur etmän päk hyýalyny:
“Ýeke dilegim bar senden, hökümdar,
Haýyşym bar, miltim ýokdur talaba.
Günüň şöhlesine kölege salýaň,
Gaýrat et-de, süýşsene bir tarapa!”
Dabarasy daglar aşan hökümdar
Garyp akyldara edipdir tagzym.
Soňra iki elin serip asmana,
Diýipdir: “Bir gezek ýalňyşdyň, Taňrym!
Sokratyňky kibi akyl deregne
Nämüçin elime ýarag tutdurdyň?
Dünýäň gylla ýaryn tabyn etsemem,
Pukara bir filosofdan utdurdyň.
Eger-de Isgender bolmadyk bolsam,
Men Sokrat bolmagy arzuw ederdim.
Nädeýin, emriňe bolmaly kaýyl,
Ykbalymdan nalyş etmek – ne derdim?..”
Biziň eramyzdan öň bolup geçen
O duşuşyk rowaýatmy ýa çynmy.
...Kä depäňde ganat şuwlasa, adam,
Gowja seret – baýguşmy ýa laçynmy.
-
1merdan
12 years ago
- ine bähbitjan düzeden bolyp ýazdym
-
1merdan
12 years ago
- Şiraly Nurmyrat
Kelläň daşy içi deýin bulaşyk...
Aýralygyň nä kemi bar ölümden?!
Bir setir
gaçanok kagyz üstüne,
Galam gaçýa
sandyraýan eliňden.
Agşam
dokuzdan soň, ir dokuzdan öň
Ençe
million ýaşaýjyly şäherde
Ýekeje adam
ýok jaň eder ýaly...
Nirde galdyň
garyp mekan –
Bäherden?
Senem indi
üýtgedipsiň adyňy,
Saňa täze
at berlipdir – Baharly.
Ýylan köp
süýrendi ýurduň teninde,
Iki dili
bir-birinden zäherli.
Öňler tozap
ýatan oba hasaplap,
Seni terk
etmegi arzuw ederdik.
Bu gün
samsyk başy elde göterip,
Saňa tarap
dähedemlep giderdik!
Bäri
goýberenok. Aňry alanok --
Iki jahan
owarrasy boldukmy?
Eltjek
bolup gara başy ak güne,
Ar-namysy
budumyza çaldykmy?
Bärde
aslyşýan ýok «gitme-dä» diýip,
Aňyrda
«gel» diýip gujak açýan ýok.
Bärde «gün
ýaşdy» diýp aglaýan gyt
däl,
«Daň atdy»
diýp begenýänler
görnenok.
Oňa derek
ýat asmanyň astynda
Gara gybat
ak baýdak deý parlaýa.
Aziýada
demin yzyndan alan
Ýewropada
ýolbars bolup arlaýa!
Partiýa,
gurama, jemgyýet, topar...
Dört alaşa
bäş aýlawda çapylýa!
Sen
«Haýwanlar partiýasyn» döredäý –
Gör,
şoňa-da ylgap girjek tapylýa!
Hawa, kellä
bagly ýagdaýy ýurduň:
Oňam daşy
içi deýin bulaşyk.
Aralykda
millet düşekde ýatyr,
Ilde ýok
bir agyr derde ulaşyp.
Bizem bärde
«il-gün» diýip, «halkym»
diýp,
«Watanym»
diýp bokurdaga bat
berýäs.
Ýurtdan
çykyp gaýdanlara «zor» diýip,
Galanlara
«gullar» diýip at berýäs.
Ýat illerde
hojaýynmy özümiz –
Öýündäki
halka «gul» diýer ýaly?
Aňsatmyka
ýetäýmek bir maksada,
Ýük edinip
dürli-dürli hyýaly?
Egne aljak
bolýas ýurt garamatyn,
Başarjakmy,
ýokmy – oňa garamzok.
Il görgüli
bizden haraý gözleýä,
Bizem bärde
öz başymyz çaramzok.
...Hawa,
aýralygyň lybasy gara,
Hasam gara
ajalyň ak kepeni...
Bilýän,
Bäherdenim ýoluma garap,
Şindem
dokap oturandyr keteni.
-
1merdan
12 years ago
- Suw perisin istäp taşladym çeňňek,
Kemtersine bir balygam düşmedi!
Söýgiň nämedigne düşünjek boldum:
Agzym suwa bişdi, süýde bişmedi.
*
Ölüm bir gadym zat, ýaşaýyş täsin!
Ykbal hiňlenmeýä ýetmese “hä”-si...
Kä aýal şeýle bir betgelşik gülýä,
Şeýle bir owadan aglaýa käsi.
*
Bir düşnükli sözüň ýeterlik wagty
Kime gerekmişin ullakan eser?
Kämahal näz bilen towlanan zülpüň
Täsiri aýalyň özünden ýeser!
*
Özüň derýa zyňma ýüzüp bilmeseň,
Öýkenňe suw, gözüňe gan inmesin.
Barmagňa dakylan nika ýüzügi
Bokurdagňa syrtmak bolup ilmesin.
*
Baýdak ýaly gelin barýa köçeden!
Kim aýnadan bakýa, kim çykýa gapa.
Biri oňa bäş gün garap oturjak,
Biri bäş minutda bulajak hapa...
*
“Gyzyl-çyzyldadyr pylanyň gözi”,
Diýip, gybat edýän bi ne beýle kän!
O birne ýeterlik şemiň ýagtysy,
Gün şöhlesi azlyk edýä beýlekä.
bular hem şol şahyrdan
-
1merdan
12 years ago
- Syýasat bir üsti ot-çöpli batga,
Çümdüňmi, çykmagyň gümana, meger.
Biri saňa halas golun uzatsa,
Beýlekiler onam itip goýberer.
«Nätdik!» diýşip, owkalarlar ellerin,
Soňra garaşarlar indiki pida.
«Hapa batsaň boýuň bile» diýleni,
Başaşak çümenden eşdilmez seda.
Şahyr bolsaň ilmejek bol çeňňege,
Barma syýasatyň ýele ýanyndan.
Eger bardy-geldi, tötänlik bilen
Jyklan bolsaň, gaýt zeleliň ýaryndan.
Çünki, syýasata baş sokan şahyr
Eýýäm şahyram däl, syýasatçam däl.
Zehini terezä salyjy bolma,
Ters ýola aparýan ýodajykdan dän.
Krylowň basnýasyn unutma, şahyr:
Ne-hä guw, ne leňňeç, ne-de bir balyk,
Eger ýüki çekse hersi bir ýana –
Asmana sowrular kül bolan baýlyk.
Agzyboş hatara durma nobata,
Sensizem demagog kemlik edenok.
Poeziýa syýasata çatylsa,
Gamçy bulaý – paýtun öňe gidenok!
-
1merdan
12 years ago
- Ýygnagamy-nämämi – paýtagta gelen
Üç başlyk dur myhmanhanaň öňünde.
Nahardan soň çilim. Mesawy gürrüň...
Ýuwaşja çekildi birniň ýeňinden.
Gaňryldy yzyna epeý ýaşuly,
Seretse – öňünde eýjejik gurjak.
Bäş surata ýetjek ýüzüniň reňki,
Dakynan jäjegem boýnun oňurjak.
“Daýy... näme.. size gyz gerek dälmi?..”
Üç äň birden aşak gaýtdy şalkyldap.
“Wah, jijim, seň ýalyjak alty gyzym bar,
Baraýsan, öňümden çykjaklar ylgap.”
“Wah, daýyny... Bir gijelik diýýän-ä...”
Çöwrül, Zemin! Ýykyl, Asman! Eý, Hudaý!
Gany doňan başlyk gürledi zordan:
“Sen, gyzym, iň gowsy öýňejik gidäý.”
Silkenjiräp gyz çekildi gapdala,
Bardy onda her gijäň öz hasaby.
...Indiki duşany şeý diýermikä?
Wah, deňmi-nä hemme kişiň ynsaby?!
awtor:Şiraly Nurmyrat
-
1merdan
12 years ago
- «Bal süýjümi, baldan bala süýjümi»?
Bu sowalyň jogaby nagt, elbetde,
Ýöne, bu süýjüleň ikisindenem
Häkimiýet tagamy goýýa ezýetde.
Ynsaba haý diýmek açgöze päsgel,
Düşnükli, «bal tutan ýalar barmagyn»,
Segsen iki ýaşda doýmasaň eger,
Millet bes etmezmi boýun burmagyn?
Çydam etden geçip, süňke ýetende,
Nägile halk dynmak üçin keşbinden,
Seni it kowan dek kowmak islese,
Senem busup, çykmaz bolsaň köşgüňden,
Ahyr seni çykararlar güýç bilen,
Köşk beýlede dursun, ýurtdan çykarsyň!
Haraý gözläp, sorap gaçybatalga,
Gör, kimiň öňünde dyza çökersiň!
Otuz ýyllap dowam eden režimiň,
Aňryýany bilen ýeterlik dälmi?
«Ynsan hukugyny gorajak» diýen,
Bu günki çykyşyň çynlakaý pälmi?
Husnuň indi mübärek däl millete,
Tutyň aňyrsyndan jyklama köçä.
Derýa döndi aýal-gyzyň gözýaşy,
Ýüzüp şo derýadan del ýurda göçäý!..
Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry
-
1merdan
12 years ago
- Güli keýpine ýolma
Eliňe galam aldyňmy – ýaz.
Eliňe pil aldyňmy – gaz.
Ýazan zadyn küpür bolmasyn,
Gazan zadyn çukur bolmasyn.
Ýazma jäjek dakylsyn diýp,
Gazma biri ýykylsyn diýp.
Güli keýpine ýolma,
Özüňden razy bolma.
Ilki günä edip, soň etme puşman,
Özüňi hasapla ilkinji duşman.
Özüňe sög, sögme büdrän daşyňa,
Sanama, şükür et ýaşan ýaşyňa.
Ýere bakyp ýöre, daşda ýazyk ýok,
Bimany sowrulan ýaşda ýazyk ýok.
Howlyňda it saklama,
Ýal ýagysyn ekleme.
Gyzyňa ýüpek geýdir,
Ogluňa çepek geýdir.
Päliňi belent tutma,
Hem bir zady unutma:
Oglanyň on ýylda getirjek derdin
Gyz ýeke gijede getirip biler.
Biabraýlyk eşek bolup depende,
Dost diýeniň, duşmanyňdan öň güler.
Goý, egniňde jul bolsun,
Bar ýetmeziň pul bolsun,
O zatlar bir möhüm däl,
Manlaýyňda möhür däl.
Bir gün gara bulut syrylyp gider,
Ömür gülle deýin sygyryp gider.
Goý, duýdansyz ajal demiň sogursyn,
Giden pilläň ýeriň garalyp dursun.
-
1merdan
12 years ago
- Garagolluk eden çaga mysaly,
Dur Alabaý sallap günäkär ýüzün.
Içinden aglap dur ahmyrly köpek,
Gizläp eýesinden gyzaran gözün.
Ejizlige öwrüläýýä asgynlyk,
Jan jesede sygman, süýt deý çoganda.
«Gan öýjek bolsaňyz nirdediňiz düýn,
Gelegurt ordasy sürä çozanda?»
Günä baryn ýükläp kütelşen göze,
Öz etini özi iýäýjek bolýa.
Adama igenmek beýlede dursun,
Tersine – «bagyşla» diýäýjek bolýa.
Arman, garry çopan sowaşyp barýa,
Berýän ýalynda-da tagam-tagsyr ýok.
Akylly it bir zada göz ýetirdi:
Soňky aryn alaýmasa bolanok.
Köpek «alaryn ýa ölerin» diýip,
Siňip gitdi alaňlaryň içine.
Çopan pallap, gernip çykdy çatmadan,
Bir ýyly söz aýtjak boldy itine.
Bu nä geň hadysa, bu nä alamat?
Köpi gören çopan düşündi bada.
Çoluga tabşyryp agyr sürini,
Gitdi ol yz çalyp, düşläp negada.
Az ýöredi, köp ýöredi – belli däl,
Gije-gündiz yz-yzyna çalyşdy.
Çopan goşlarynda epip dyzyny,
Käte çaý owurtlap, käte çal içdi...
Ahyr bir gün bardy çopan üstünden,
Gördi bolup geçen basa-baslygy.
Hanha, ortarada ýatyr Alabaý,
Daşynda dört sany möjek maslygy.
Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry.
... indi boldy edäýjek bähbit jan bullar jaň edip bilmänligim, we agende de girip bilmänligim üçin "dost öňünde özümi aklamak üçin sowgatlar" bolaýsyn:-)
-
Kamilligetarap
11 years ago
- hmmbahh
6armel 12 years ago- bahbit sagja bol yeptirenine gowja go6gy eken