Salam dostum, mähribanym, Aşgabat, Meniň çagalygym, ýigitlik çagym. Meniň öz başymdan sowuljak bagym, Emma hiç bir zaman sowulmaz bagym. Depämdäki soňky saçyma çenli, Men seniň perzendiň, men seniň ogluň. Şoň üçinem bu gün açyk ýürekden Seň bilen söhbetdeş bolmakçy boldum. Seni öwmekçi däl, Bary boş gürrüň... Ýogsa bolýar ahyr, Käte gelýänler, Gelende, "şäherňiz ajaýyp" diýip, Gideninde "oba" diýip gülýänler. Bu ömürde köp-köp şäher görüldi, Zähmetkeş, söweşjeň, gahryman şäher... Saňa hiç şäherden oňat diýmerin, Sen hemme şäherden mähriban şäher. Saňa juda sarpa goýanym üçin, Hem sylanym üçin eziz diýarym, Soraýasym gelýär myhmanhanalaň "Ýer ýok" hakykaty sende-de barmy? Öz ýüzi ýok diýýäs seniň jaýlaryň, Başda göräýmäge şeýle-de ýaly, Emma dostlar bilen içgin gatnaşyp, Tapýas-a öýüni gijäniň ýary. Ýogsa-da tapmarsyň, dostuň ýok bolsa, Käte aglamasaň, käte gülmeseň, Tapanyňda näme şahsy öýleri, Içinde ýürekdeş tapabilmeseň. Geçmişim, şu günüm, geljegimem sen. Men seni söýmäýin nämüçin, ýeri, Meniň dostlarymyň, söýen gyzlarmyň. Aglan, Gülen günlerimiň şäheri! Ähli ýeriň birdir güni, asmany, Ähli ýeriň birdir aýal-erkegi. Dünýäň her nokady merkez diýýärler, Diýmek senem bu dünýäniň merkezi.

Köneler, BelarusynTalyby tarapyndan 12 years ago
    M1 12 years ago
  • gou gosgaken
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri