omrumde bir gezek yalan sozledim, bagyshla koshegim bagyshla meni. nadip aldamayyn sana dozmedim, durmushda hemme zat bolyan ekeni. ..onda yashajykdyn. dil bitip yany, zordan ony muny sorap bilyadin. biri bir zat diyse, eje-kakany gygyryp, gapydan aglap gelyadin. derrewem oykani yatdan cykaryp boyuma boyuma bokerdin yene oyunjaklan baryn gapdan cykaryp uyshurip onume dokerdin yene mende cagalygymy yadyma salyp bileje oynardym oyunjaklarny kicijik "mojegi" elime berip kowalan bolardym "goyunjuklarny" ejen hem gujugun bowrune urup mojegin ustune topuldyrardy bu bizin oynumyz gownunden turup seni jak jakladyp kop guldirerdi shonda meyletinlik lybasym geyip wagona munemde Ashgabadymdan "kaka kaka nira gidyarsin?" diyip gozlerin sykanyn cykmaz yadymdan seni kosheshdirman alajyn tapman "dayynlara!" diyip, aldapdym shonda gol bulap galanda gozlerin gyrpman wagondan posalar yollapdym shonda ashgabatdan gidip, berline cenli yenish bilen gaydyp geldim sag aman ne sho gune nede shu gune cenli adam oglun yeke gezek aldaman aldapdyp sho gezek aldapdym seni bagyshla koshegim bagyshla men! kerim gurbannepesow

Köneler, heartbreaker tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir