bolanmyşyn bir gün şeýleräk waka  çynmy ýalan ony alla bilipdir  çaýlaşyp oturan ata-ogulyň  arasynda şeýleräk gep bolupdyr  kakasy diýenmiş ogluna bakyp  hakyky erkekler barmyka hälem  aýalyna diýenini etdirýän  megerem ýokdurla ynanaý balam  ogly ylalaşman kakasy bilen  diýenmiş bardyrla edenli ärler  türkmen aga beýle ownaýan däldir  heleýden gorkýandyr gursagy darlar  diýenmiş kakasy, -“oň ýaly bolsa”  ýüz towuk hem iki aty al ogul  bir çetinden girde küren obanyň  erkek niçik aýal niçik bil ogul  diyenin etdirse berewer aty  aýaldan çekinse bir towuk paýy  gör-bak niçik bolýar bu gepiň soňy  gelýänçäň içeýin bir çäýnek çaýy  şeýdip ogul giren obaň çetinden  diýilen zatlary alyp ýanynya  sesine bat berip çykýarmyş öýden  murtly-murtly erkek sygman donuna  haýbatly bolsada olaryň murty  ýetenmiş bar güýji towuk almaga  nätjek hakykaty aýtmaly bolýar  murt ýeterlik däl-ä erkek bolmaga  şeýleräk ýagdaýam bolupdyr şonda  bir erkege berjek bolsalar towuk  “alyp bilmen aýalymdan soraşman”-  diýip, gelenleri goýberen kowup  baran öýi hyrydary towugyň  atlar welin bir-birinden owadan  ikisi hem jylawyna towsup dur  arman alan tapylmandyr obadan  ýetenmişler şeýdip iň soňky öýe  görseler işikde goýy saýada  çaýlaşyp oturan aýaly bilen  murty pişge ýaly daýaw pyýada  aýdanmyşlar murtla jedeliň şertin  ajyja gök çaýdan köklän ol çaky  häzirä aýdanmyz bolýandyr öýde  bolmanam bir görsün diýenmiş häki  haýbat bilen bakyp töweregine  murtyny sypalap, galgadan elin  bizde kakasynyň aýdany-aýdan  diýenmiş ýaşmagyň astyndan gelin  muny eşdip begenmiş baranlar  ahyr tapdyk diýip ärleň ärini  diýenmişler eýle bolsa agamjan  saýlada al şu atlaryň birini  gyzyl aty daňaýyň şol gazyga  diýenmiş ýassyga tirsekläp murtly  şol wagyt golaýrak süýşüp gelini  pyşyrdap murtlynyň böwrüne dürtdi  boz-ýaz bolanmyşyn murtlynyň ýüzi  diýenmiş “oglanlar ýogsada neme…  bizä-hä ak aty almaly bolduk  beräýiň ol aty berseňiz kime”  atyn alyp berenmişler bir towuk  galanynam alyp öýe gaýdanlar  bir salymda bolup geçen zatlary  baryp goja birin-birin aýdanlar  loh-loh edip gülüp ak sakal goja  diýenmiş atlary daňaý ýataga  towuklardan goýda adama birin  galanyny gabaý ogul ketege  tapylmandyr şeýdip küren obadan  heleýini getirjek är amana  hany gulaklary tüýli türkmenler  golaýlap ýörmükä ahyrzamana 

Köneler, Kurtoy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir