Afinida ähmiýetli bir meselede çekeleşýäkäler münbere Demostenes çykýar. Emma beýlekiler özara gürrüňleri bilen gümra bolup filosofy diňlemändirler. Demostenes: -Bir hekaýa düşündirip münberden düşjek- diýip, hekaýa düşündermäge başlapdyr: -Gadym zamanda bir ýaş oglan Afiniden Megara gitmek üçin bir eşegi kireýine alypdyr. Eşegi kireýne beren adamyňam Megarada işi bolansoň bilelikde ýola düşüpdirler. Bular gürrüňe güýmenip günorta yssysynyň geleninem bilmän galypdyrlar. Onsoň bular hem dynç almak hem-de günortanlyk edinmek üçin ýolda suwuň kenarynda düşlediler. Emma töwerekde hiç-hili kölege bolmansoň eşegiň eýýesi naharyny eşegiň kölegesine geçip iýip başlapdyr. Eşegi kireýne alanyňam gahary gelip: -Tur kölegeden, men otyrjak- diýdi. Beýleki garşy çykdy: -Men otyrjak, çünki eşek meniňki. Ýaş oglanam: -Emma men eşegi kireýne aldym!- diýende, eşegiň eýýesi: -Men eşegi kireýne berdim, kölegesini bermedim- diýip jogap berdi we aralarynda turdy bir goh. Hekaýanyň şu ýerinde Demostenes münberden düşüp ýöremäge başlady. Beýleki diňläp oturanlar bolsa: -Soňunda näme boldy, soňuny düşündird-ä- diýip gygyryp ugradylar. Demostenes münbere ýüzüni öwrüp: -Siziň üçin ähmiýetli bir meselede bir zatlar düşündirjek boldum, diňlemediňiz. Indi bolsa eşegiň kölegesiniň nähili bolanyny bilesiňiz gelip ugrady. Ne-hä öz pikirimi aýdaryn, ne-de eşegiň kölegesiniň nähili bolanyny- diýip çykyp gidipdir.
Eşegiň kölegesi
-
Yegen
12 years ago
- Dogry zat, sena dushundirjek bolup jan edyan, olaram dushunmek islanok. Her zadam gyzykly gurrun bermegi basharmak gerek, arasynda shular yaly pelsepe bilen. Yogsa eshek nire, kolegesi nire, emma shol esheginem kolegesine gyzyklanyanlar kan. Emma sen bashga bir zady dushundirjek bolup jan edeninde, ony welin dinlejegem bolmayanlaryna hayran galyan. Sebabi kopler pikir edyar: "yene akyl satyp ugrady" diyip, Demostenesem shol pikiri one suren bolmaly
-
Eldarado
12 years ago
- hmmm " ešeğin kolegesi" diydinow dost sena.
onem bu saytda kan agza kop zat aydypdy yone hickim
dinlemanden son gaydyp indi hic zat diyenoklar.
onun ucin biz dymaly,goy olar gurlesin.
-
mirasymyz
12 years ago
- Eldarado dogry aýdýaň, samsyga iň gowy jogap dymmakdyr diýip bir sözem bolmaly.
mirasymyz 12 years ago- Käbir adamlar bolýar, şunuň ýaly hekaýa bilen garşy taraby dymar ýaly edäýýäler. Aslynda öz durmushymyzda-da ýerini bilip, oňaryp aýdyp bilseň gepiň täsirli we çeper bolýar. "Müň bir gije" ertekileri hem şu aýdanyma mysalmyka diýýän.