salam dostlar we ejelerini söýýän talyplar siziň üçin ejeme ýazan goşgymy hödürleýän. Göbek ganym daman söýgüli kendim, Bu gün seň goçnuňa salama geldim! Birmahallar ýoldan aryp gelemde, Maňa islän wagtym gererdi gujak. Wah ejeler diňe eziz ejeler, Edýän eken ojaklary hak ojak. Bu gün bimahal däl,tüýs jaý mahalam, Gapyňy çekmäge ysanok bognum. Kelebiň ujyny ýitirip durkam, "Eje" diýip seslendi kiçijik oglum. Hawa oglum, dogry aýdýaň mende eje ýok, Şoň üçin ädenok aýak şu taýa. Eh gyzyň durmuşy şeýle bir täsin, Dogduk ýeriňä ýat, ýat ýerem saýa. Hawa oglum seň ogul bolanyňa şat, Gyz bolup dünýede ýaşamak çetin. Sebäp gyzlar üçin, diňe gyz üçin, Dogduk ýeriniň ýat bolmagy mümkin. Şu mahal bir waka düşdi ýadyma, On üç, on dört ýaşlamdadym ol wagt. Mamamlara gidip geldide ejem, Oturyp aglady"Wah men betbagt. Wah dogan ojagym, ňsenje kendim, Sen ömürlik açyk borsuň öýtdümä. Bu gün bir gara gulp,bir tilsim üçin, Bosagaňam görüp bilmän gaýtdyma. Ejem bolsa ömür şeýle bormudy?!" Diýip köp oturyp aglapdy käbäm. Ol wagt däl indi görüp düşünýän, Peýdasy ýok eken bir uly obaň. Hawa oglum seň ogul bolanyňa şat, Gyz bolup dünýede ýaşamak çetin. Sebäp gyzlar üçin, diňe gyz üçin, Öz öýne gulp böwet bolmagy mümkin.
Ejeme
-
Karat
12 years ago
- Sag bolun yetireninize
betyigit 12 years ago- ol dinge gyza daldir dogan gyz oglan tapawudy yok,hemmelere sheyle