Kitabymy okap başlanymda, asmana gol bulap, howalanyp duran garry çynar agajynyň aşagyndaky oturgyçlarda menden başga adam ýokdy. Birhili bu dünýe, bu durmuş maňa güzaply görünýärdi. Şol oturşyma agyr oý-pikirleriň holtumyna düşenimi hem bilmän galypdyryn Kalbyma çöken gara labyrdan baş çykaryp bilmän durkam, birdenkä bir çagajyk golaýyma geldi. Ol göni gabadyma geçip, begenç bilen: - Meniň tapan zadymy görsene- diýdi. Çagajygyň elinde süllerip, gurap ugran gül bardy. - Bar oýnaber - diýip, ony başymdan sowjak boldum. Emma ol ýüzüme ýylgyryp seretdi-de, ýanymda oturdy. - Gör, bu gülüň nähili ajap ysy bar. Özi hem şeýle bir owadan. Ine, ony şonuň üçin gopardym...siziň üçin- diýip ýüregindäkini aýtdy. Güle gül diýmäge dilim barmasa-da, ony almalydym. Ýogsam çagajygyň meniň ýanymdan gitmejegini bilýärdim. Elimi güle uzadyp: - Bu gül tüýs meniň isleýän gülüm-dä- diýip, ony almakçy boldum. Çagajyk bolsa entäk hem, güli ysgap durdy. Şonda men bir zada düşündim. Çagajyk kör ekeni. Oňa şeýle owadan güli getirip bereni üçin sag bolsun diýmekçi bolanymda, agym ýüregime dolup dilim tutyldy. Gözlerimden dökülen ýaşlar, gün şöhlesine buldurap gitdi. Ol: - Hökman däl - diýip ýylgyrdy-da, meniň ýanymdan uzaklaşdy. Ol meniň kalbymda nähili yz galdyranyndan bihabar, öz oýnuna gümra boldy. Ol çagajygyň, garry çynar agajynyň aşagynda oturup, öz-özüne nebsi agyrýan, bir kempiri görşüne haýran galdym. Meniň, öz-özümi iteren bu derdimi ol nädip aňaýdyka? Belki, ol bu hakykaty özüniň kalby bilen görendir... Kör çagajygyň gözlerinden şulara düşünip galdym: mesele dünýäde däl , asyl mesele mendim, özümdim. Başga wagtlar men edil kör ýaly hereket edipdirin. Şol gün, durmuşyň gözelligini görmäge, maňa peşgeş berlen her sekunt ömrüm üçin şükür etjekdigime söz berdim. Gülüň hoş-boý ysyny demime dartdym. Çagajygy synlap otyrkam öz-özüm ýylgyrdym: Ol ýene bir gül bilen başga bir kempiriň durmuşyny üýtgetmäge barýardy.

Köneler, ttmli tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir