säher güni garşy almaga oýan -şapagynda şu günüň ak patasy..     dogrusy, men bu setirleri öňem gaýtalapdym. öňem bu setirler wagt hakda oýlananymda serime dolupdy. käte pikir edip görýän welin, şu garşylan on sekiz baharymyň dowamynda boş geçirlen ýarym sagatlaryň, pursatlaryň özi bir müçäni doljak. şonsuzam-a, adam ömrüniň üçden bir bölegi ukuda geçýär. dogry, bu görkeziji hemme kişä degişlem däl. çünki, nobel baýramynyň eýesi i.p.pawlow günüň dowamynda 4-5 sagat. dokuz ýaşyna çenli düzüwli gürläp hem bilmedik albert enşteýn günüň dowamynda 2 sagat ýatypdyr. onore de balzak bolsa günuzyn diýen ýaly işläpdir. türkmeniň almaz zehinli ogullary, belli ahmet bekmyradowyň gijelerine gözüni gyrpman diýen ýaly ylmy işlerini ýazandygyny, şahyr gurbannazr eziziowyň agşamlaryna, hemmeleriň ukuda wagty goşgy döredendigini, deň-duşlary ýatlaýarlar. (emma olaryň şol ukusyz geçirlen gijelerinde näçe kofe gabyny boşadandyklaryny hem belli däl, bu esasy zat hem däl) meger şonuň üçin olar balzakdyr, enşteý, ahmet bekmyratdyr, gurbannazar ezizow boldular. men bolsa şonda-da, ýen eözümi köşeşdirmek isleýärin.salgyma meňzeş düýşlere aldanyp, gereginden artyk ýatýarkam, käteler bolsa şol düýşleri maksadyna gowuşmanka oýananyma gynanyp durkam hem özüni köşeşdirjek bolýaryn. bu babatda power : " düýşleri hakykata öwrülmegiň iň gysga ýoly oýanmakdyr" diýär. akyldararyň köpüsiniň wagt hakyndaky garaýşlaryna seretseň, olaryň köpüsi wagty pulbilen ölçemegi dogry hasaplaýarlar. olar “wagtyň puldugyny unutma!”, “puluňwagtdygyndan habarsyz bolup, ony ýele sowýarys», “wagt diňe bir pul bolman, eýsem göýberen ýalňşlyklarymyzdyr” diýip, öwran öwran aýdylypdyr. menem indi ýitiren wagtlarymy pul bilen ölçejek, hasaplajak bolýaryn, emma asla-da göz öňüme getirer ýaly däl. ah, siz gündekilomaýlap-lomaýlap sowan pullar. gör, näçe adamyň haýyşyny bitirmäge ýaltanan pullar. düýşleri gujaklap ýatan ýüzlükler, haýdamaga ýaltanan teňňeler. garazm alymlaryň wagta berýän gymmatlyklaryna görä hasaplasam, bir jahyl müçesinde ýitiren wagtym “miçrosofty” esaslandyryjy bill geýtsiň pulunyň möçberine barabar boljak. walentin borisowyň “wagt hem, iň bolman-da puldur, emma näme üçindir, hemme kişi onuň üçin gapjyk göterenok” diýen szölerine indi düşünip başladym. käte durmuşymyzda käbir adamlaryň belli senelere , ýatda galyjy wakalara "ömrüňde ýeke gezekbolýar", şeýle waka indi gaýtalanmaz" diýen ýaly sözlere eşideniňde gynanýarsyň. geçen zadyň gaýdyp gelmejegine hemmäde mälim. emma gurbannazar eziziowyň: bir gezek söýmek bar ýagty                                      dünýäde, ýaşamagam iki gezek                                     berlenok... diýişi ýaly, islendik waka-da, pursat-a, belli bir gündäki bolýan sagatlaram, minutlaram, hatda sekuntlaram adam ömründe birje gezek gaýtalanýar ahyry. şol minutlary ýatda galyjy pursada öwürmek özümize bagly... balzak: “garaşmagy başarýan adamlar üçin ähli zat wagtynda gelýär” diýär. biz bolsa bu ajaýyp setirlere köplenç ýalňyş manyda ulanýarys – ýaltalyk bilen sabry bir zatdyr öýdüp ýörüs. wagt çalt-çaltdan üýtgäp dur, ol bizi hem şol durşumyza goýanok. bizem wagt bilen bile üýtgäp durus. köplenç “wagt haýal geçýär” ýada “wagt şeýle bir çalt geçýär” diýip zeýrenýäris. wagtyň çalt geçýänini sagadyň dillerinden görjek bolýarys. (emmasagadyň dilleriniň tizligini biziň özümiz üýtgedýäris) aslynda bolsa, wagt kaplanyň “wagt hem pula meňzeş, tygşytly ulansaň, hemmezada ýeter” diýşine-de meňzemän duranok... “sähelçe gidirlen wagt birnäçe mümkinçilikden saklaýar” diýilýär. aňlan pikirimizi durmuşa geçirmegiň iň gowy wagty bir sekunt mundan öň geçdi... ýöne ikinji bir gowy wagt hem bar. ol bolsa edil şu pursatdyr. şonuň üçinem allanyň peşgeş beren wagtyny bihuda geçirmän, durmuşda öňümizde goýan ýagşy maksatlarymyzy, ak arzuwlarymyzy aşyrmak üçin tijeniň! wagt garaşmaýar...

Köneler, Aquila tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir