Gawunçylygyñ başlanýan ýerindäki depäniñ üstünde Haýytlynyñ gamyş çatmasy seleñläp otyrdy. Atajan: - Sen düşme, oturyber - diýdi. - Özüm dilärin. Heniz deñiç Mergeniñ öz-ä sakçydan terne diläp görmändi, bererler öýenokdy. Häzir Atajanyñ ezberligini görende, onuñ pikiri üýtgedi, dostunyñ eli terneli dolanyp gelerine ynam etdi. Ümsüm çatma tarap usul bilen ýöräp barýan Atajana umytly garaşdy. Terne iýse ejesiniñ sagaljagyna häzir, edil häzir ynandy. Bu ynanç onuñ kalbyna ýakymly giñlik saldy. Ternäni aldyklary öýe tarap ýüzin salyp gitmäge ak eşek taýýar durdy. Haýytly kellesine ullakan köne ýaglyk orap, çaý içip ýatan ekeni. Atajanyñ golaý gelenini hem duýmady. - Haýytly aga, salowmaleýkim! Haýytly lañña galdy. - Äý, saña-da bir merez waleýkim. - Ol kellesindäki ýaglygy düýrläp penjesine gysdy, köne keçäniñ üstüne bulap urdy. - Heý, arkaýyn çaý içermiñ bylañ derdinden! A sen bir adam ogly bolsañ, adam şekilli gelseñ bolmadymy, asgyr, üsgür - duýduryp gelerler- ä!.. Arwah-jynmy sen, albassymy sen, nä syrtaryp dursuñ, yşarat diýs-ä! Näme gerek saña? - Haýytly aga, bize terne bersene. - Men nä terne paýlaýanmy, ýa gelene terne berer ýaly mellegime gawun ekdimmi? Men kolhozyñ gawunny saklaýan, bileñokmy sen şony? - Bilýän, Haýytly aga. - Bilýän bolsañ, bi taýda nä körüñ bar? - Ol hüñürdäp ýassyga tirsegini berdi, kellesine ýaglyk orady, gara tañkadan kirlän käsesine çaý guýdy. - Kolhozyñ zadyny dilemeli däldigini sen bilmel-ä, kolhozyñ emlägi paýlanýa, diläne berlenok. O ýanyñdaky kim ol? - Mergen... Begliñ ogly, Begli sklatçyñ. Haýytly ýañadan dikeldi, bulanyk gözlerini agdaryp, Mergene tarap ýakymsyz seretdi. - Begli sklatçyñ ogluna terne nämesine gerekmiş? - diýdi. - Indi terne iýmände sklatda iýere zat ýokmuşmy? Ol öñki ýerine gyşaryp, düşnüksiz bir zatlar hüñürdedi. - Mergeniñ ejesi ýaraman ýatyr, Haýytly aga, enem: gylly terne iýse, açylar diýýä. - Señ eneñ ýalan sözläpdir. Tebipligi çyn bolsa, syrkawa derman-därini özi tapyp bersin, bärik ugratmasyn, aýtgyn eneñe şeý diýip. - Ol urgudan gypjynýan ýaly, kellesini eginleriniñ arasynda gizledi, burnuna salyp hüñürdedi. - Heleýiniñ terne iýende açyljagyny bilse, Begli sklatçyñ özi gelerdi, hany, geläýmändir- ä?.. - Biz geldig-ä, bize beräý- dä, Haýytly aga... - Hany, ikiñizem bäri geliñ. Diýenimi etseñiz-ä terne alarsyñyz, bolmasa-da... - Ol Atajan bilen Mergeni garşysynda oturtdy. - Haýsyñyz aýdym aýdyp bilýäñiz? Mergen Atajanyñ ýüzüne mölterilip, başyny ýaýkady. Atajan şol bada: - Men aýdyp bilýän - diýdi. - Señ aýdanyñ hasap däl, gapdalyñdaky oturan aýtsyn, terne iýjek señ ejeñ däl-ä. Atajan kyn ýagdaýy añladyp, alada bilen Mergeniñ ýüzüne garady. Mergen torsaryldy: - Aýdym aýdamok men! Haýytly hemle atdy: - Aýtmasañ terne ýok, gidiber. Mergen gidermen boldy, Atajan ony saklady, ýalbardy: - Bir aýdymjyk aýdaýsana, aýdyp goýber-dä. Mergen gowşady. - "Marşalym-a" bilýän - diýdi. - Aýdaý şony. Haýytly aga, Mergen "Marşalymy" aýtjak diýýä.
Gijeki oýun-2
-
Jebislik
12 years ago
- Ol aýdymyñ ahyryna çenli
halys ýadady, sesiniñ towy
gaçdy, inçelip üzülere geldi.
Soñabaka gygyranda
boýnunyñ ýüzünde
damarlar peýda boldy, giñ
mañlaýyna der indi, gözleri
gubarlandy, gyzardy.
Ýadasa-da, iş bitirenine
kemsiz ynanany üçin
Mergene seredip göwnühoş
ýylgyrdy, sojap dem alyp
durşuna gozganman ýatan
Haýytlynyñ geplärine
sabyrsyz garaşdy, dileginiñ
bitjegine iññän ynamly
garaşdy.
- Indi sen "Ogulmeñlini"
aýdyp ber.
Atajanyñ höwesi gaçdy,
aljyrady.
- "Daglary" aýtdym-a.
- He-heh, "Daglary"
aýdymdyr öýdüp ýörme,
ony aglaba heleý bagşylar
aýdýandyr. Heleýleñ
aýdýan aýdymyny Haýytly
diñlemez! Aýdymyñ
naýbaşy "Ogulmeñlidir",
erkek bagşylañ aýdymydyr,
men "Ogulmeñlini" diñlejek.
"Ýüz bäşe taý geler-eý, jan
Ogulmeñli!.." Gygyr hany!
- Men-ä ony bilemok.
- Bilmeseñ terne-de ýok.
"Ogulmeñlini" bilmeýäne
terne bermen, ugrañ şu
ýerden!
Mergen Atajany gyssady:
- Gideli-le, ýörsene...
- Git, owarra bol! - Haýytly
garysyna galyp jabjyndy,
owurdynda galan
şemmeler sary dişleriniñ
arasyndan töwerege pytrap
gitdi. - Häý, dogman
geçenler diýsä! Ýeri, çaý
içdigim boldumy... - Ol
boşan tañkasyny göterip
çatmadan çykdy. Ak eşege
tarap haýdaşyp barýan
oglanlaryñ yzyndan
gygyrdy. - Kolhozyñ ternesi
Begliñ heleýine derman
bolsa, özi gelsin. Asyl-ha,
özi gelse-de, bermen, şeý
diý-de aýdaý. Saryýag diläp
baramda maña-da beren
däldir, ýatlatgyn şony. Eý,
Begliñ dogmasy, saña
diýýän, aýtgyn kakaña: sen
Haýytla saryýag bermänsiñ,
olam saña terne bermedi
diýgin, diýgin şony, he-he! -
Onuñ sesine
bokurdagyndan hapa
lagyrdy goşulyp, aýdýan
sözleri barha düşnüksiz
wagyrda öwrüldi. - Hudaýa
şükür, dilegim bitdi,
duşurdyñ özi, Hudaý jan!
Señ barlygyñ bir gowy zat,
ýüzde bir şükür, müñde bir
şükür...
-
Jebislik
12 years ago
- Gaññada oturan Mergen ak
eşegi gyssady.
- Hyh... bermez diýdim-ä.
Atajan yzyna gañrylyp,
bokurdagyna bat berip
gygyrdy:
- Ternäñi başyña ýap!
Mergen Atajana, onuñ
tebipsireýän enesine gahar
etdi. Eger olar salgy
bermedik bolsa,
gaýtmazdy, Haýytlynyñ
ýüzünem görmezdi. Bu
kemsitme ejesiniñ agyr
derdiniñ üstüne urna boldy.
Alaçsyzlygyna agysy tutdy.
Ýeke agyz söz aýtman
geldi. Atajanam
müýnlüdigini duýan ýaly
geplemän oturdy. Häzir
onuñ geplemän oturany
gowudy.
Gara öýden aýallaryñ agysy
eşidilýärdi. Eşegiñ bady
ýatdy, betbagtlyk bolanyny
añan ýaly, haýwan
gulaklaryny keýertdi. Eşegiñ
syrtynda oturan Atajan
duýdurman syrylyp düşüp
galdy. Mergen: "Eje, men
saña terne getirmäge
gitdim - diýip, özüni
aklaýan şekilde içini
gepletdi. - Terne iýseñ
sagalarsyñ diýdiler, eje.
Haýytly terne bermedi,
kowup goýberdi".
Onuñ göwnüne bolmasa,
ejesi ternä garaşan ýalydy.
Ejesiniñ iñ soñky isleginiñ
Haýytla garaşly bolanyna
namys etdi, tas ýüregi
agzyndan çykypdy.
Eşegi dañyp durka, kakasy
geldi.
- Eglenmän geläýseñ
bolmadymy - diýdi. -
Gözledilerem weli,
tapylmadyñ.
Kükregi dykyn alyp duran
çaga zarlady:
- Kaka, ejem indi ýokmy?!.
Kakasy Mergeniñ başyny
sypady.
- Mert bol, ikimiz ejizlesek,
jigileñ näder.
Ol kakasy ýaly mert boljak
boldy, başarmady, entek
oglandy, on ikisini
dolduryp, ýañy on üçüne
gidipdi.
-
Yegen
12 years ago
- Bah, nejis adam ekenay o Haýytly diyilyan. Yeri çaga bilen den bolmalymy diysene, aydym aytdyrybam çagan gownune degmek bolarmy sonundan. Berde goyberda yekeje ternani, içine depyami name. Gor indi shol hakyda çagan anynda omurlik galar, ejesi pahyr in sonky deminde shona garashyp yatan yaly. Hayytlyn beytmesi bolmandyr, muynuni agy-garany saygarmadyk çagalardan çykarmaly dal ekena. Jebislik, sag bol hekayany paylashanyna!
Tirkish Jumageldi men halayan yazyjylarymyn biridi. Yazyjynyn "Mahekdash" romany gaty gyzykly roman, okan tapsanyz. Bir yash gyzyn dowre kowalashyp allawa dushushi hakda gyzykly gurrun berilyar. Shol romanyn kinosyny hem çykarypdyrlar. Emma ol kinony prokatlardan tapaymasan gorjek gumanan yok indi. Bashgada yazyjynyn "Mahri Wepa" romany hem gyzykly. Iki sany gyz-oglanyn soygulerinin keç ykbaly hakynda gyzykly wakalar beyan edilyar. Tapsanyz okan, okunmersiniz.
-
handsome1
12 years ago
- hay nadan diysani
Jebislik 12 years ago- Haýytly aga başyny
galdyrman:
- Aýdym maşynyñ aýdýan
"Marşalymy"? Menem
bilýän ony: "Göreş
taryhynda belli, marşalym",
şodur-da? Şomy señ
aýtjagyñ?
Atajan höwes bilen jogap
berdi:
- Şo! Şony aýtjak diýýä,
aýtsynmy?
- Aýtmasyn, "Marşalym"
gerek däl. Uruş bamy nä
indi, dünýe abadançylyk.
"Ýar gara gözlini" aýt. -
Haýytly kellesini iki ýana
çaýkap, ysgynsyz hiñlendi. -
Ýar gara gözle-e-eý, bal
şirin sözli, hä-ä, aýdyber... -
Soñra ol göreçlerini
agdaryp, ýigrenç bilen
Mergene garady. Mergen
torsarylyp durşuna aýdym
aýtjaga meñzänokdy.
Haýytly jabjyndy. - Lal
açdyñmy?! Sömelip, üstüme
abanyp durma, otur!..
Sklatçyñ ogly bolanyñ bilen,
özüñi Samat baýyñ
ogludyryn öýtme.
Atajan Mergen gidermikä
diýip gorkýardy, gyssandy.
- Haýytly aga, men
aýdaýaýyn-la - diýip,
ýalbardy, rugsada
garaşman ýüzüni asmana
tutup gygyrdy.
- Goç ýigitleñ-eý münen
aty-leý çus bola-ar.
Gaýtarmalar-eý depä
çykyb-eý mes bola-ar...
- Tüket! - Atajanyñ sesi
tapba galdy. Haýytly
käýindi. - Ýagşy-da bir
aýdym tapdyñ. Señ
tohumyñda eline dutar alan
ýokdur, jikjermegin. Ataña
Aşyr çopan diýýäler, bagşyñ
aýdymy bilen heleý
hüwdüsiniñ tapawudyny
bilmän ötendir. Gaýtarma
bilen işiñ bolmasyn.
Atajanyñ bady gaçsa-da,
umydyndan el götermedi.
- Illerem aýdýar-a, Haýytly
aga.
- Sen iliñ aýdýanyny aýtma,
sen bagşylañ aýdýanyny
aýt, ýogsa terne almarsyñ.
Mergen gideli diýen yşarat
etdi, Atajan tutanýerlilik
görkezdi.
- Onda "Daglary" aýdaýjak.
Haýytly sesini çykarmady,
käsesiniñ düýbündäki ajy
çaýy şemmesi bilen
owurtlap goberdi.
Atajan ýene inçe sesini
süýkdürip gygyrdy:
- Kylgyl meniñ-e-e-eý ýo-
olum rowa-an,
Çar pasly ba-a-harly
daglar...