Allanyň barlygyna nähili göz ýetirip bileris? Allanyň barlygyna aklymyzy ulanmak – töweregimize syn edip, ösümlikleriň, ähli haýwanlaryň, janly-jandarlaryň ýeriň-gögüň nähili ýaradylandygy barada oýlanmak arkaly; bu taýsyz sungaty – älem giňişligini we onuň içindäkileri döreden, älem giňişligindäki taýsyz düzgün-nyzamy goýan Biriniň bardygyna ynanmak we Kuran-y Kerimi okamak arkaly göz ýetirmek mümkin. Okaýan her kitabymyzy ýazan biri – kitabyň ýazary, äpet we kaşaň her bir binanyň gurujysy - arhitektory bardyr. Ajaýyp sungat eseri bolan surat ony çeken suratkeşiň ýokary başarnygyna şaýatlyk edýär. Dostlarymyzdan biri ylym-bilim, edep-terbiýe öwrenýän mekdebimiziň öz-özünden dörändigini aýtsa, nähili gülkünç bolar, oňa kim ynanar, şeýle dälmi?.. Howlymyzdaky äpet agaç bir wagt kiçijek şänikdi. Şänik topraga garyldy we ösüp, ýaşajyk pudak boldy. Ýene-de, ösdi-ulaldy we äpet agaja öwrüldi... Diýmek, kiçijek şänik uly agajyň planyny – gögeriş we ösüş meýilnamasyny özünde saklaýardy. Eýsem, şänige şeýle köstsüz meýilnamany ýerleşdiren kim?.. Yşygy, atomy, kompýuterleri ynsan oýlap tapdy we döretdi. Eýsem, ony kim “oýlap tapdy” — kim ýaratdy?.. Alla nirede? Alla ne gökdedir, ne ýerde. Alla her pursatda we her ýerde bardyr, häzirdir. “Ýere gireniň we ondan çykanyň, gökden ineniň we ondan çykanyň ählisini biler. Nirede bolsaňyz boluň, Alla siziň bilen biledir. Alla ähli edýänleriňizi görýändir.” (Hadid suresi, 4.) Allany näme üçin görüp bilemzok? Myratjyk kakasyndan: - Biz näme üçin Allany görüp bilemzok? – diýip sorady. Kakasy: - Biziň gözümiz Allany görüp biljek şekilde ýaradylmandygy üçin Ony görüp bilemzok – diýip, oglunyň başyny sypady. - Näme üçin görüp bilenok, kaka? - Sen fotoapparatyň bilen ähli zadyň suratyny alyp bilýärmiň? - Hawa, alaryn. - Içki organlarymyzyň – içegäniň, öýkeniň, bagryň ýa-da gökdäki ýyldyzlaryň hakyky keşpleriniň suratyny-da alyp bilermiň? - Ýok, ýöne rentgen, mikroskop, teleskop ýaly enjamlar arkaly alyp bolar. - Görýärmiň, fotoapparat bilen rentgen maşynynyň her ikisi-de surat alýandygyna garamazdan, rentgen maşynynyň düşürip bilýän suratlaryny fotoapparatyň bilen düşürip bolmaýar. Çünki, ýasalyşlary tapawutly. Allatagala biziň gözümizi-de özüni görjek derejede ýaratmandyr. - Ol bizi görýärmi? - Hawa, “garaňky gijede, garaňky otagda, gara egin-eşikli halda bolsak hem Ol bizi görer.” Hawa, biz görmesek-de Alla bardyr we birdir. Aslyýetinde, Ýer ýüzünde barlygyny bilsek-de, görüp bilmeýän zadymyz ummasy kändir. Meselem, elektrigiň bardygyny ählimiz bilsek-de, ony görenimiz ýokdur. Ýa-da süýdüň içindäki ýagy ýa-da peýniri görkezmek mümkinmi? Ýa-da gynanjy, begenji, söýgüni, şatlygy, aklymyzy we beýleki duýgularymyzy... Olary el bilen tutup, fiziki keşplerini görkezip bilmesek-de, barlyklaryndan şübhämiz ýokdur. Bu sebäpden, göz bilen görmeýän ähli zadymyzy “ýok” diýip inkär etmek dogry däldir. Bu sebäpden, biz Allany görmesek-de, Ol biziň her hereketimizi görýär, bilýär, eşidýär. Onuň ylmynyň çägi ýokdur. “Ol, göklerde we ýerde ybadata laýyk bolan Alladyr. Siziň içiňizi, daşyňyzy; etjek her işiňizi bilýändir. (Enam suresi, 3). “Gury ýerde, deňizde näme bar bolsa, ählisini Alla bilýändir. Ondan bidin bir ýaprak düşmez we ýeriň garaňkylyklary içine bir däne-de girmez...” (Enam s., 59). “... Şübhesiz, Alla ähli edýänleriňizi görýändir.” (Bakara suresi, 110.) “Onuň (barlygyny we gudratyny görkezýän) aýatlaryndan biri-de ýer ýüzüniň ösümliklerini boýny bükük halda görmegiňdir. Emma üstlerinden suw inderenimizde, derrew dikelip, boý alar. Oňa jan beren, elbetde ölüleri-de direlder. Çünki onuň barça zada güýji ýetýändir.” (Fussilet suresi, 39). “Üstlerindäki göge seretmeýärlermi, nähili bina edendigimizi we bezändigimizi görmeýärlermi? Onuň hiç bir çat açan ýeri ýokdur. Ýer ýüzüni-de düşedik we onuň üstünde daglary goýduk. Ol ýerde köňül açýan her dürli ösümlikleri ýetişdirdik.” (Kaf, 6-7). Şol bir Günden ýylylyk alyp, şol bir suwdan ganýandyklaryna, şol bir toprakdan iýmitlenip, bir howadan dem alýandyklaryna garamazdan, bir ýerde we deň şertlerde onlarça dürli miwedir bakja önümleriniň ýetişmegi-de Onuň taýsyz ýaradyş sungatyna şaýatlyk etmeýärmi?! Ybadat näme? Allanyň “Ediň!” diýenlerini etmek, “Etmäň!” diýenlerini etmezlikdir.
SOWALLAR
-
YaSwami
12 years ago
- Öwut undew dünýa sygannok,ýone adamlar şol undewden suw içesi gelenok,adamzadyň kapyrlaşmagy bilen,gulaklar gitdigiçe gapylýar,unde diňlemegi endik etmeli,dogrymu şol muzzazi!
-
muzazzi
12 years ago
- gaty dogry yaswami!
-
URGENCLI
12 years ago
- ateizm we onuň tankydy atly kitap okadym şol kitapda ateistik ideyalar gowy tankyt edilipdir
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Yetirenine sagbol peydaly hem pikirlendiryan tema bolupdyr. Biygtyyar Magtymgulyn su setiri serime geldi.%d%aEy akylsyz adamzat senden gapyl kim bardyr%d%agurda gusa nazar sal kulli perman icinde
opel 12 years ago- Alla razy olsun!