...Gizläp nätjek uruş döwründe-de hemme adam aç bolmandy. Fronta kömek diýlip berlen şaý sepleri dakynyp, waňňyrdap ýörenlerem bardy. Deňňene gurap, uzyn gije wakyrdaşyp ýörenlerem bardy. Bir batman arpa aýal üstüne gyz alyp ýörene-de duşulýardy....
ýaş başymdan ene ýeriň gursakda....
-
1merdan
12 years ago
- Zehinli galamdaşymyz Baýram Jütdiýewiň öz ýarym asyrlyk ömürüniň öň ýanynda il-gününe hödürlän döredüjilik azaplarynyň halyçasyny synlap, çynym bilen begenýändigimi aýtmalydyryn
(Kerim Gurbannepesow)
-
1merdan
12 years ago
- Onuň çar ýany desse.
Onuň gözýetimi,
Onuň dünýäsi,
Şojagaz desseleň boýundan pesde.
Ol bu gün ot satýar gyzan bazarda
Desse,
Desse,
Elinde bedire suwlaýar haýdap,
Hödürleýär:-Alyň, terje ot alyň.
Göz öňüme gelýär uruş ýyllary
Şol Abadan,
Gyşyk basýan mes gelin.
Çyrpynýan mes gelin
Egmeli gelin.
Goly bilezikli,
Egmeli gelin.
Özlerini tohumlyk saýan ýezitler
Orlaşardy: “Sypap-söýmeli gelin”
Deňňene gurlardy onuň öýünde,
Al şerap urulardy onuň öýünde.
Ah, nätjek, söwer ýar “Abadan!” diýip
Gum garbap ýatyrdy Oder boýunda...
Mes Abadan bolsa gülýär jak-jaklap,
Ykdyrman bir gylyn şar gara saçyň.
Onuň düwmesiniň jyňňyrdysyna,
Ýasly obam ençe tutypdy için.
Kyn günde eselen bugdaýly namart
Kalbyny daglapdy bugdaýsyz merdiň.
Ýaş başymdan ene ýeriň gursakda,
Mertligem,
Pesligem göterşin gördüm
Indi ot satýar ol bugdaýa derek,
Arkan-arkan taşlap gyňajyň çowun
Ol unudan bolýar,
Bilmedik bolýar,
Meniň ýüregimde şol köne düwün.
Goý Abadan gaçsyn öz geçmişinden
Men öz geçmişimden gaçyp bilmerin
Unutmaryn ir ýetişen tümmüli,
Unutmaryn Ýasydepäň güllerin.
Abadanam unutmaryn hiç haçan
Ol hem şol ýyllardan galan nyşandyr.
Ot satsyn,
Gül satsyn,
Sülmürän bolsyn-
Barybir, mes gelin,
Şol Abadandyr.
-
Shahyrjyk
12 years ago
- "Ondan bäri näçe ýagyşlar ýagyp,
Siller näçe gezek hanasyn gömdi.
Enäň bogazynda galan şol agy,
Bu gün gelip ogluň bagryna dömdi."
Sagbol 1merdan aga! Gyzykly tema, gowy goshgy, yenede yetirip dur.
-
URGENCLI
12 years ago
oglanjyk süýrenip gelýär. Onuň ýüzü garaört, gözleriniň owalasy halkalanyp, oýulyp dur. Boýnundaky içi otly torbasy oglanjygy daljykdyryp barýar. Şol barmana-da ol özüni peliň üstüne goýberýär. Oturmaga-da ysgyny ýok bolarly-bir gapdalyna gyşaryp, sary ýüplük bolyp ýatyr. Künjü ekip ýören ak sakgally goja oglanyň bolyp ýatyşyndan onuň halynyň teňdigini aňýar-da, ýanyna barýar. Ýerinden dikeldip otyrtýar, suw içirtýär, jenaýat edip oňa bir ýanowuç künji berýär. Oglan iýip başlaýar, goja bolsa gözüniň ullakan owasyny ýaşdan dolduryp, balkyldap otyr.
Şol oglanjyk Baýram Jütdiýewdi. “Şol künji gojanyň özüne gerekdi, emma maňa berdi. Özü welin tümmüle ýetip bilmedi. Soň eşdip otursam, ol açlykdan giden eken
goz onumdejanlanyp gitdi
1merdan 12 years ago- Howwa, ýekeje köz üçin mes goňşyň gapysyny kakmaly. Ýene hüňňürdär, üstesinede siltenjirär. “Ýuwutmaly. Hanha, gultunyşyp otyrlar ahyryn”. Näler aýagyň çekmese-de gidýär.Mes goňşyň öýünde palaw bişip dur. Onyň ysy tapsyz göwräni ýekedaban bilen urulan ýaly edýär. Ol bir bölejik köz alyp, hamana düýe berlen ýaly, “Taňyrýalkasyn” diýip gaýtýar. Öýden çykyp çykmankada mes geliniň: “Gedaý ýaly ygyşyp ýörler. Iri-giji ýok, ot diýip bizar petimizi çykardylar” diýen hüňňürdisi eşdilýär. Şonda-da garyp ene syr berenok.Dymýar. Sil suwy ýaly yňdyrlyp gaýdan gözýaş göze dyzasa-da, bokurdakda tegek bolyp galýar...
Bu wakadan soň tegelek otuz ýyl geçer. Onuň adamsy gaýdyp geler, bir wagtky gultunyp otyran ogly şahyr bolyp ýetişer. Gowy günler başlanar. Şonda ol şeýle ýazar:
Ondan bäri näçe ýagyşlar ýagyp,
Siller näçe gezek hanasyn gömdi.
Enäň bogazynda galan şol agy,
Bu gün gelip ogluň bagryna dömdi.
Meni nesilimiň çagalygy bolmandy. Hanha ýedi ýaşlyja oglanjyk süýrenip gelýär. Onuň ýüzü garaört, gözleriniň owalasy halkalanyp, oýulyp dur. Boýnundaky içi otly torbasy oglanjygy daljykdyryp barýar. Şol barmana-da ol özüni peliň üstüne goýberýär. Oturmaga-da ysgyny ýok bolarly-bir gapdalyna gyşaryp, sary ýüplük bolyp ýatyr. Künjü ekip ýören ak sakgally goja oglanyň bolyp ýatyşyndan onuň halynyň teňdigini aňýar-da, ýanyna barýar. Ýerinden dikeldip otyrtýar, suw içirtýär, jenaýat edip oňa bir ýanowuç künji berýär. Oglan iýip başlaýar, goja bolsa gözüniň ullakan owasyny ýaşdan dolduryp, balkyldap otyr.
Şol oglanjyk Baýram Jütdiýewdi. “Şol künji gojanyň özüne gerekdi, emma maňa berdi. Özü welin tümmüle ýetip bilmedi. Soň eşdip otursam, ol açlykdan giden eken. Meni ölümiň elinden alanam, belki, şol bir ýanawuç künjüdir. Uruş döwründe şeýle adamlaram bardy. Asl-a bar däl, köp bolandyr. Ýogsa biz ýeňmezdik” diýip, ol ýatlaýar.