Esselämualeýkim doganlar we dostlar! Men size abdyljepbar ahunyñ wagzyny size ýetirmekçi boldum. Muhammet pygamberimiz(s.a.w) ikindi namazyny okady diýä, salam berip yzyna bakyp teswih çekmäne ba$lady diýä "subhanallahu, alhamdulillahi, allahu ekber" diýip, adamlara gar$y gözini aýlady sütüniñ düýbünde günde bir jowan gelip namaz okaýardy diýä, gözledi görse $o jowan ýok diýä, doga etdi, kuran okady namazyny bolly edip metjitden çykyp barýaka, eý sahabalar $u sütüniñ düýbünde bir jowan gelip namaz okaýardy $ol ýokla diýdi diýä, sahabalañ biri ýa rasurallah biz bilmedik diýdi diýä, derrew pygamber emr etdi diýä baryñ gözläñ $o jowan kim ol, kimiñ ogly, öýleri nirde, näme üçin jemagatdan galdy, $ony bilip geliñ diýdi diýä, hezreti osman gitdi derrew takyk etdi, geldi ýa resurallah planyñ oglumy$, meriz ýatyr, meriz ýatany sebäpli metjide gelip bilmändir diýdi diýä. Pygamber diýdi diýä, metjid $u zatlar üçin gurulda, musulmanlar biri-birine arkadag bolup, musulmanlar biri-birine kömekçi bolup, biri-biriniñ halyndan habar almak üçin gurlandyr, ýöriñ soramana gideliñ diýip, sahabalar yzyna dü$üp soramana bardylar. Ýañky oglanyñ öýlerine bardylar pygamberimiz oñ ýaty$yny gördi, ýagdaýyny gördi, pygamberimiz gygyrmana durdy "e$hedu ellä ilähä illallo, e$hedu enne muhammede resurallah" diýip kelemeýeha$ati aýtmana durdy diýä, sahabalañ hemmesi näme boldy ýa resurallah diýende pygamberimiz diýdi bu adam ahyr demde ýatyr, muñ ölim halaty gelipdir, muña kelemeýeha$ati aýtdyrmaly diýdi diýä, "e$hedu ellä ilähä illallo, e$hedu enne muhammede resurallah"y $eýle gygyryp pygamberimiz aýtdy emma ýañky oglanyñ gulagy e$itmeýän ýalak, dili ysman, lal ýalak bolup ýatdy diýä, pygamberimiz öz göziniñ alynda ähli metjid bolup kelemesini aýtdyryp bilmänine gygyrdy diýä, eý sahabar $u oglanyñ kakasy barmy? Soradylar ýok diýdiler! Ejesi barmy? Bar ya resurallah diýdiler! Gelsin diýdi. Ejesi geldi $onda ejesi otyrmanka pygamberimiz diýdi, eý ejesi señ ogluñ ölim halynda ýatyr, kelemeýeha$aty diline getirip bilmeýä näme eden etmi$i bar diýende, ejesi: gahary gelip kör bolsun ýa resurallah, gözi aksyn we mundanda beter bolsun diýdi diýä. Pygamberimiz aglamana durdy eý enesi bu wagt gahar etmeli wagtyñ däl, ogluñ ölim halynda ýatyr, eger $u dur$una gitse señ ogluñ kafir bolup gidýä, näme günäsi bar maña aýt belki imanly ederis diýdi diýä, ejesi: ýa resurallah mundanda beter bolsun, gözi aksyn men saña aýtmaýyn señde göwniñ göwilmesin diýdi diýä pygamberimiz: ýok bolsa aýt diýdi diýä, ejesi: $u oglan dünýä gelende men ho$ boldum, aýak üstine galanda gaty begendim, garramda arkadagym bolar diýip yzyndan gözläp öñünden istihba çykdym, dowamy bar...

Köneler, Yzganttm tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir