shaher borjakow "deniz shemaly"kitaby dostluk kenary (v-bolum) seni shayat tutunyanym yone yerden daldir hazar. her setirim bir gom bolsa, hic peselman alem gezer. halem menin goz onumden gidenok shol yowuz gunler: birden uytgap gidiberdi uc-gyraksyz kenardaky, denizdaki bar duzgunler. azyk ucin onshyk ucin indi nawly yuzmekde kyn. naw bolmasa haysy ulag dash yoluny eder yakyn?! balykcylar ömürhada gormandiler beyle zady: ajydada,kokuzdede kopdi inlis parahody. gelmishekler eyelanson butin denzi hem kenary, tora dushen yalydylar adadaky ilin bary. adan gallac ilatynyn tapdan dushen wagtlary. il halyna dozebilman, oban ezber yigitleri tupanly gun parahodlan dushmajagyn onden duyup, gay icinde ugradylar: "niredesin batguy"diyip. *** bahry hazar,bahry hazar! horlama sen perzendini. agyr yolda gormayin men gomdan salan bir bendini eymench bolup gorunsende yene yuka yureklisin. senden guni otyanlerin hemmesine gereklisin. aclyk cekyan mahrem kenar saplansyn diyip agyr dertden, elhenc gaydan pena gozlap, batguy diyip giden mertler gelyardiler yzlaryna uly ilin gamyn iyip arman olar shum taleyi bilyardiler onden duyup. suwda gaya ducar bolsan, yalnyz bashyn gowgalydyr yone yelsiz yuwruk nawam ganatsyz bir guw yalydyr hanha uzak gozyetimde suynip yatyr eziz ada. her yurekde alkysh bardy pena beren harasada. "garyp agzy asha yetse burny ganar" diyleni dek, el meshigin bokurdagyn bogan yaly charhy pelek. tapba yatyp guycli shemal, cekdi nawun zhylavyny, ne yer ne-de gok eshitdi nawdakylan dilegini. awun goren azhdarha dey, agzyndan ot yalyn sacyp, ak parahod yetip gelse, hey bolarmy ondan gacyp?! parahoddan yanky nawa bokup dushdi enche soldat nawy agtar dunter edip tapmansonlar shubheli zat adamlary urup yenjip gowunlerin hoshlashdylar. ahyr irip barysyny bir keyuta* tashladylar *(kayuta) sekiz adam bir keyutda gunasizje yatyr bendi olan bary cal hazaryn jigerbendi,cyn perzendi. yyla donup her sagadyn, wagtam bendi bolan yaly yeri name baradaka olan arzuw hem hyyaly? kimsi belki korpesinin jykyrdysyn yatlayandyr? kimsi eziz bosagadan sowgatlyja atleyandir? kimsi yalnyz enesini getiryandir goz onune?... emma bary gynanyardy, dushenine gynanyardy bu jellatlan duzagyna. yogsam onem yetik ahyr her kishinin gaygy gamy! anha yene shol keyuta tashladylar on adamy. indi olar on sekizdi, bir keyutda yatyr bendi. olan bary cal hazaryn duzun dadan cyn perzendi. dowamy bar...

Köneler, Turkmenhanymy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir