(1941-1945) uruş... Heniz henizlerem onyň salan ýarasy gojaman dünýäniň ýüregini yzasyz goýanok, taryhyň jümşüne aralaşan wagtym, men bu ýagdaýlary “matamly sahypalar” hökmünde garap endik edipdirin. her gezek milýon-milýon ynsana kalp azabyny berýän ýägdaýlar hakynda, we henize çenli kellämde at salýan bu ýazgyny ahyry siz bilen paýlaşmak isledim, aslynda men bu oçerk has öň duşypdym, emma..ýöne okaňda ýüregiňi lerzana getirýän hakykaty ýazaýmak ýeňilem däldi.. ýazsammam ýazdym welin...
ýazmasy kyn düşen ýazgy...
-
1merdan
12 years ago
- “diri ýitdi”, “diri ýitdi” howwa eziz dogan uýalar, Güljemal eje belki entägem aramyzda-dyr belkem..
Diri giden adam hakynda “diri ýitdi” habary adama bir ynanja baglap bir ömrür ezizine garaşmaga mejbur edýär bu barada Şahyr ezizow özüniň:
Göwünlik bermäňem bolýar bir çeni,
Ýöne ýigrimi millýon...
Biz üçin öldi.
Geliň,
Metlerçe rzy bolalyň,
Eger geljek bolsa gelerçe boldy
- Diýen setirini:
Baýram aganyň obrazynyň üsti bilen şeýleräk analiz edýär “Sen dogry diýýäň. Ýöne şol dogry pikiri aýtmak nämä gerek? Sen oňat goşgy ýazypsyň, ýöne şol ýigitlere garaşyp ýörenleriň mukaddes, çaganyň göz ýaşy ýaly ynamyny elinden alypsyň.”....
-
1merdan
12 years ago
- Wah howwa-la diri gelen diri gelmelä, gelerä, gelerä, meniň şujagaz agy gatyşykly soragym hemişe bir özüme eşdilýärde taryhyň şoool “matamly sahypalaryna” siňip gitýär, siňip gitýär
-
1merdan
12 years ago
- berdinazar hudaýnazar uruş döwrüniň enesini suratlandyrýar Elinde bir tagta kagyzy bardyr,
Onuňam bir ýüzü drobdan doly.
Ýazarsyň: “Köpden köp dogaýy salam”
Gözel eje bolsa dymýandyr häli,
“Salamdan soň diýjek sözüm: “eý oglum”
Soň bakarsyň Gözel ejäň ýüzüne,
A ol bolsa geplemezden öňürti,
Ellerini ýetir eýýam gözüne.
--Ýaz oglum,-- diýende sandyrar sesi.
--Ýaz : “Balam, sag bolsaň
Gurgundyr eneň,
Aýagyň üşemän durýarmy, körpäm,
Gulakjynyň barmy, iýmitiň neneň?
Menem birgada-da aşbazlyk edýän
Tüwümizem şükir, gelipdir buka.
Üşän bolsaň çokaý bilen dolagyň,
Iberäýsek elin gowyşmazmykan?
Balm sen süzmäni gowy görýänsiň,
Gurt seripjik goýdym ibererin tiz...
Ýoldaşlaryň bilen oňşuklyja bol,
Gygyrşyp, sögüşip ýörmegil hergiz”
Geçersiň kagyzyň beýle ýüzüne,
Ol bolsa dolydyr ady dropdan
Gözel eje bolsa söz açar indi
Täze bir temadan-täze bir bapdan.
“Aman gelseň menem seni öýersem,
Onsoň arman galmaz garry eneňde.
Kakaň pahyryň şo-ol gyrmyzy donyn
Berjek oglym kim buşlasa geleňde”
Şeýdip hat ýazdyrar günde-günaşa
Emma ýarym ýyldyr-hat ýok ogyldan,
Teý bolmansoň ýene bir hat ýazdydy:
“Jan oglym, dünýäde bar bolsaň –
Dillen”
Ahhhhhh! Diri bolmaly dillenmek üçin,
Emma körpe ogul dünýäde ýokdy.
Ene bu hakyky ajy habary
Ynanjak bolsada-teý bolanokdy.
Ol diýerdi “ýok, ýok. Diridir balam,
Ilki ene duýýar-ölse balasy”
....Gel, indi edebiýat teoriýasy!
Ýetiş, eý şahyryň giperbolasy!
Frontda duşmanyň okyndan ölen
Körpe ogly indi direltmelimi?..
Ah! Sen enter-pelegmizi öwürdüň,
On sekiz ýaşdaky ogluň ölümi.
-
pawel
12 years ago
- sag bol 1merdan aga. gaty tolgundyryjy waka
-
pawel
12 years ago
- 1merdan aga harkowda okayañyzmy?
-
Turkmenboytm
12 years ago
- Sagja bol 1merdan disen gynandyryjy, paylasanynada sag bol!
-
Kamilligetarap
12 years ago
- beyik1merdan !sagjabol gardash paylashanynga .
1merdan 12 years ago- Oçerkiň ady “Naçar”
Biziň bu duşuşygymyza sebäp bolan meniň “Prawda” Gazetinde çap edilen makalam boldy. Makalada gürrüň edilýän waka özünü juda tolgunduransoň, bu naçar ýola şaýlanyp, ýola düşipdir. Ol waka şeýleräkdi.
Üç ýyl mundan ozal türkmen edebiýatynyň Ukraýinada geçirilen hepdeligine gatnaşan ýazyjylar Kiýýewiň golaýyndaky “Demidowa” obasynda öz ildeşleri Hojageldi Hojagulyýewiň guburyny tapypdylar. Mert ýigide baş egip, Uzak Aşgabada onyň guburyndan bir gysym toprak alyp gaýtdylar. Doganlary, aýaly, ogly üçin ol derksiz ýiten adamdy.
Türkmen döwlet medetsina inistutynda edebiýat agşamy geçirilip dur. Ynha, öň hatardaky otyrgyçlaryň birinde otyran ýigit ýerinden turdy-da, sahna- biziň otyran ýerimize tarap ýöredi. Bu ýigit Hojageldiniň ogly, inistutyň farmakologiýa kafedrasynyň müdüri, medetsina ylymlarynyň kandidaty Taganmyrat Hojagulyýewdi. Onyň meniň elimden şol topragy alyşy ömürlik ýadymda galsa gerek. Häliden bäri güwläp duran mähnet zala suw sepilen ýaly boldy. Ýigit bir zatlar diýjk boldy-da, yzly-yzyna ýuwdyndy. Onuň ýagdaýy hemmeler düşnüklidi.
Şu wakadan soň mert ýigidiň maşgalasy öz ýitigini yzlap, “Demidowo” obasyna ugrady. Otyz ýyldan soň alym ogul özünden has ýaş kakasyny tapdy....
Meniň gabat garşymda otyran orta ýaşly aýalyň maňlaýynda ýyllaryň goýan gasyny mesaňa mälim bolyp durdy. Bütün keşbinde-elinde, ýüzünde, göwresinde ömrüni ýere baglan adamyň alamaty bardy
-Doganymyň gidişi-gidişi boldy-diýip, ol söze başlady-Onyň adyna Gurban Bakyýew diýýärler. Ynha indi otuz ýyldyr, ezizi doganymdan derek ýok. Barmadyk gapym, ýazmadyk ýerim galmady. Şol bir aýdýanlar “Dereksiz ýitdi” Men muňa hiç düşünip bilemok. Adam iňňe däl ahyryn, ol nähili ýitsin. Ýok, men oňa ynanamok. Ýüregim “Diridir, diridir” diýip dur. Ol 1939-njy ýylda gidipdi. Hatynda ýazyşy ýaly, 417-nji polkda gulluk edipdir-21-nji iýýunda-da jeňe giripdir. Haýsy çindedigini bilemok. Onsoňam...-ol birhili bozulyp ugrady.-Oglum, meniň bolşymy geň-taň görmäwergin. Aglap-aglap gözümiň agy saraldy.
Myhmanym birsellem dymdy. Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly, haýsydyr bir kagyzy çykaryp, sözüni dowam etdirdi
-Gijelerne düýşüme girýär. Özem şol uruşdan ozalky bolyşjygy neressämiň. Çit köýneklije, boýnuny sallap dur. Men gapyny açýanda, gujagymy gerip, oňa tarap topylýan. Ol bolsa aňryk gidýär. Birhili naýynjar, boýny buryk. Belki, bir bigäne ilde ýarym göwün gezip ýörendir. Belki, Özüni idelmeýänligine ýüregi gyýylýandyr.Bilemok. Ýöne gapym açyk. Şonda-da girenok-da... Ol diridir. Oglum sen garalla görme-de gazeda ýaz. Her hili zat eşdilýär, ahyr. Ýigrimi-otuz ýyllap, özüni bilmän ýatýanlaram bar diýýärler....Men ömrümi haly dokap geçirdim. Ýekelik derdinem çekemok. Tüweleme, kem zadym-am ýok. Direnşip duran doganlarymam bar. Olar meň ugrumda ölüp ýatyrlar, nirde otyrtjaklarynam bilenoklar. Men naçaryň başym gök diriýär. Gurbanjanyň welin, ýeri oýulyp dur-da. Iň bolmanda guburyny bir görsem doganjygymyň. Bir yş tapsam, ýeriň ol ujuna-da bolsa giderdim. Agysyny aglap, bir gysym topragyny-ha alyp gaýdardym-da...
Naçar ejizledi. Yzly yzyna togalanyp gaýdan goşa düwme, näçe syr bermedik bolsamam, meniň ýüregimi dilip geçdi. Soň onuň goýyp giden kagyzlaryna seredişdirip otyrkam ýene-de bozuldym. Kagyzly bukjaň ýüzünde ol iri-iri harplar bilen öý salgsyny ýazypdy. “Türkmenistan ssr-i, Aşgabat oblasty, Bäherden raýony, “Bäherden” sowhozy, Nyýazgulyýewa Güljemal”
Güljemal eje garaşýar. Gerçek dogan gideli bäri çeşmelerden akan suwlar gara baglary kän-kän gezek gülledip geçdi. Onuň gözleri ýolda galdy. Men onuň sözüni diňläp, köp zada göz ýetirdim. Bu naçar doganny gözläp, ýeriň ol ujuna gitmelem bolsa gitjek. Şonda kelläme ýene-de bir pikir geldi: belki, biziň agalarymyzyň, doganlarymyzyň, kakalarymyzyň diri ýiteni gowydur. “Öldi” diýen buz ýaly sowuk aýlyganç söze boýun synmaly bolandan, her hal umytly ýaşanyň gowy ahyryn!
Ýazyjy: Rahym. Esenow, rusçadan terjime eden Baýram Jütdiýew